18:40
Iň soňky umyt
IŇ SOŇKY UMYT

Seniň ýoklugyň indi ençeme gijeden bäri meniň bu darajyk göwräme agyr hasrat bolup çökdi. Ýok, bu gün meni boganok. Men gözýaşy näme edeýin?! Bu dünýäde sensiz ýaşamak maňa tükeniksiz ezýet getirýär. Ezýet dagy näme diýsene? Ýaşaýşyň pelsepesini inkär etmekçi däl, ýöne sen bar wagtyň men köp zatlardan gorkýardym. Garaňky gijlerdenem, gögüň gübürdisindenem, ertekilerdäki döwlerdenem... garaz, kän zatdan, indi bolsa hiç zatdan gorkamok. Gorkasym gelýär, ýöne gorkup bilemok. Tutuşlygyna sary geýnen tebigat ertesi ak, birigüni ýaşyl geýip, lybasyny üýtgedip dur. Bular bolanda-bolmanda, sen ýog-a. Men ony diňe saňa aýdaýmasam, başga hiç kişä aýdyp bilemok. Günlerde bir gün maňa ýylgyryp seredersiň. Ýok, men bu görnüşi delillendirjek bolamok, gaýtam ony subut etmäsim gelýär. Meniň ynamym meni iň soňky umyda – seni irde-giçde görjekdigime ynanmaga mejbur edýär. Belki, bu dünýäme dolanyp gelersiň, ýöne men ony islämok. Meniň özüm seniň ýanyňa barasym gelýär.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.

“Beýik Türkmenbaşy nesli” gazeti, 2007 ý.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 68 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]