09:25
Gyş
GYŞ

Ýene gije
Ýene ezizim gije
Ajy tüsse bilen gömülen gije
Içgin agy bilen ezilen gije
Aý bilen derdinşip ýatmaly gije
Keýpiňe örtenşip ýatmaly gije

Ýene gije
Ýene alaman gije
Agynmaly, towlanmaly, düýrmeli
Öz bagryňa herdem gysyp hyýalyň
Gädikden gyjyklap, üwläp üýrmeli

Aýa bakyp
Ak süýdüne suwsyrgap
Agan bilen agyp oýa batmaly
Boş gujagyň hyýalyny ysyrgap
Agynmaly, towlanmaly,ýatmaly

Aý bilen bähäsdeş gyňyr aýnaňyş
Kerwen gurap barýan gijäň argyşy
Ýene bir porsuja möjegiň aýa
Içini it ýyrtýan ýaman gargyşy

Agzyňa aňkaran kölege tekin
Kim-de bolsa bir garadan öýkünip
Sypamaly haýsy zülpüň taryny
Müýzemez gije dek ýeriňe oýkanyp
Köpjegi köpürdip gysyp bogmaly
Ýorgana sygmany ýene dogmaly

Ýene gije
Ýene uzak bir gije
Agynmaly, towlanmaly ýene_de
Aýa bakyp,ak süýdüne suwsyrgap
Boş gujagy sermenmeli ýene-de
Her agan ýyldyzdan
Eşidip gargyş
Nähili ýatmaly, eý müýzemez gyş
Nahili ýatmaly, eý müýzemez gyş.





Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: hayalsaya | Теги: Ýusup Sapaýy | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Meşedi-Misirýan oýlanmasy / Goşgular - 02.02.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Девочка и козел / Goşgular - 21.02.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022
Потомки / Goşgular - 23.02.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Edebiyatcy   [Материал]
Käbir söz düzümlerine düşünmedik bolsamam (belki düşünmekden ejizdiris) goşgyň süňňünde gürsüldäp duran Ýüregiň bardygyny görmek bolýar

0
3 Garayolly1936   [Материал]
Eýranly şahyrlardan bolsa gerek

0
2 Aksary   [Материал]
Gaty içginleşdirilen...

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Goşgyň awtory??

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]