10:40
Gynanýan, bala
GYNANÝAN, BALA

Gynanýan, bala...
Azan okamalyka gulagyña
Ymyzganyp ýatmalyka sallançagyñda
Dinsizligiñ gyrasyna gelendigimiz üçin
Bagyşla bizi!

Dünýäni oýun meýdançasy saýdygyñ, emma uruşy görendigiñ üçin
Ejeñ hüwdisiniñ deregne gülläñ sesine oýanandygyñ üçin
Bagyşla bizi!

Oýunjak ellemeli elleñ gan bolandygy üçin,
Begençden uçganaklamaly gözleriñe ýaş dolandygy üçin,
Gül ýüzüñ solandygy üçin
Bagyşla bizi!

Gynanýan, bala...
Jahylyýet döwründe diriligne ýere gömlen
doganlaryñ hasratyny
Saña-da dadyranymyz üçin,
Şol aýyp bilen häzirem ýaşap ýörendigimiz üçin
Bagyşla bizi!

Seni bu jahana laýyk görendigimiz üçin
Ýigrençden pürepür ýürekler bilen
Töweregñe kerep deý tor örendigimiz üçin
Bagyşla bizi!
Bagyşla bizi bala!
Bagyşla, bagyşlaýşyñ ölüp giden kalplara täzeden jan salsyn.
Çaga ýaly günäsizjeligiñ näsag añlara derman bolsun.
Dünýäni halas etmek señ eliñde çaga!
Sen bagyşla, ähli uruşlar gutarsyn!
Bigünä gözleriñ, sowuk gözleriñ, gyzgyn ýüregiñ bilen sen PARAHATÇYLYGA deñsiñ bala!
Bagyşla bizi, ýylgyrsana, dünýä ajaýyplaşsyn bala!..

Asmar ILGARY,
Azerbaýjan.





Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Haweran | Теги: Asmar Ilgary | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goşgular / Goşgular - 17.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Gaaak! / Goşgular - 21.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Ýolkaň aýdymy / Goşgular - 25.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Goşgy gaty gowy.Goşguda şu çuñligy berip bilýänlere "Berekella" diýýän...

0
1 mango   [Материал]
Terjime kimiňki?
Originalam goýamaly ken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]