12:28 Gybatkeşler | |
GYBATKEŞLER Üç zibil ýaşik bar öýümiñ ýanynda, Ýere-göge pitjiñ atyp oturan. Içindäki taşlandylar ýananda, Hapa ysyn dünýä satyp oturan. Tämizligi özlerinden daş edip, Gözelligi duşman edip otyrlar. Bedre känin, gorşok baryn boşadyp, Darlygyna puşman edip otyrlar. ...Üç sany gybatkeş dördünji gatdan Zibil ýaşiklere garap otyrlar. Gazal okap berip ol kyýamatdan, Halky "harap edip", harap otyrlar. Hakykat her gezek gaýdýar gutaryp, Janalgyç sezany diñdirjek bolup. Olañ hersi bir burçundan göterip, Dyzaýar dünýäni düñderjek bolup. Ýeñe degýär hapa döken wagtymyz Ýaşikleriñ erñeginiñ ýoklary. Dünýäñ dört tarapy ~ biziñ bagtymyz Hem dördünji gybatkeşiñ ýoklugy... Torum ÝAÝLAN BATAŞY. | |
|
√ "Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022 |
√ Ukudan oýanmak ýa-da Jentlmene telegramma / Goşgular - 23.02.2022 |
√ Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022 |
√ Звезда / Goşgular - 25.02.2022 |
√ Морской пейзаж с солнцем и орлом / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Как падший ангел / Goşgular - 04.02.2022 |
√ Gysga şygyrlar / Goşgular - 27.02.2022 |
√ Aýralyk / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022 |
√ «Фаусту прикидывался пуделем...» / Goşgular - 18.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |