17:56
Gybatçy aýallar
GYBATÇY AÝALLAR

Başy birigende iki aýalyñ,
Arasynda dürli-dümen gep bolar.
Bazardyr goşulsa üçünji aýal,
Gulaklary şañladylan köp bolar.

Gybatyn ederler ýakynyñ-ýadyñ,
Peşe dek aýbyny ederler pil dek.
Ilde bolan ýagşy-ýaman habary,
Bir-birinden garbap alarlar pul dek.

Eger biri-birin öwmeli bolsa,
Ýaýdanyşyp durmaz gözläp iç-daşyn.
"Bir erkegi güýmär basan yzyñam!"
Diýip, magtap başlar her kim boýdaşyn.

Gelşiksiziñ puduryny öwerler,
Arryjak aýalyñ inçejik bilin.
Semiziñ sallamly göwsün öwerler,
Gysganyñ sagrysyn, uzynyñ halyn...

Şeýleräkdir göwne degmelem bolsa,
At dakarlar ogul-gyza, ärine.
Garalap çykarlar ýedi pyşdyny,
Zäher pürküp bu dünýäde baryna.

Heleýleşip, heleýlere goşulyp,
Käbir telpekli-de ýortar-da gider.
...Şeýdip, erkekleriñ gowşagy bilen,
Aýallaryñ sany artar-da gider.

Nazly TUWAKGYLYJOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nazly Tuwakgylyjow | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Gözýaşlam bilen ýuwaryn / Goşgular - 10.01.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
Bizden size kim gerek? / Goşgular - 15.02.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Nepes telpekçi / Goşgular - 16.04.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]