23:53
Güýzüme
GÜÝZÜME

Men obanyñ güýzlerini söýýärin,
Şygyrdadyp ýaprak düşän topraga.
Gujak açdym otuzynjy güýzüme,
Çigrekli howany sorup kükrege.

Sary güýzde bilimlere gol beren,
Çagalygmh miras goýup barýaryn.
Agraslyga beslenipdir töwerek,
Altyn apbasy deý gözel çar ýanym.

Bu ýollarda bagtym bilen sataşyp,
Ýeke däl men, şükür edýän ykbala.
Bir menzile ýeterin men ýol aşyp,
Alaryn dynç, ýene düşerin ýola.

Güýz şemaly bu sözlerme buýsanyp,
Meñ ýoluma ýapraklary düşeýär.
Men owadan bagtym bilen ikiçäk,
Bärde diñe duýgularmyz ýaşaýar.

Gülbahar GURBANOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Haweran | Теги: Gülbahar Gurbanowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
"Humarala" / Goşgular - 08.02.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Boýun almak / Goşgular - 04.04.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Dostuma / Goşgular - 01.06.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]