22:33
Güýz ýagşy
GÜÝZ ÝAGŞY

Garalyp gök asman, çisñär ýagyşlar,
Ýapraklary ogşar, gaçyrar ýere.
Asmandan bakýam deý mährem bakyşlar,
Güýzde ruhy joşgun dolýandyr sere.

Bürenerin damjalara men gaýym,
Güýzüñ ruhy şatlyk bilen güýmeýär.
Söýgime ruh goşup, ýagdyr, soltanym,
Adam diñe ýürek bilen söýmeýär.

Ýagyş soñra gaýyk ýasar ýaprakdan,
Köljagazda añryk-bärik yralar.
Deñizdäki gämi bakyp daşrakdan,
Boşap galyşyny ýadyña salar.

Gaýyklar ýüzsinler kenara sary,
Äkitsin bu panyñ ähli gussasyn.
Wagtynda münerler adamlañ bary,
Okap bermek üçin ýazan kyssasyn.

Boşan oturgyçlar ýaprakdan dolar,
Eliñ barmaz aýyrmaga soñ ony.
Sary damjalardan ýatlama galar,
Arzuw edip ýörsüñ ýene-de şony.

Goranjak bolmaga meýilem etmen,
Goý, guýsun päk ýagyş, goý, gaçsyn ýaprak.
Men özümden gaçyp, hiç ýere gitmen,
Bagryna basýança bu ene toprak.

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 1.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Bagtly bolduñmy? / Goşgular - 15.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Seýrek nusga / Goşgular - 20.02.2021
Hatlar / Goşgular - 26.05.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]