07:47
Güýz seni ýada salýar
GÜÝZ SENI ÝADA SALÝAR

Ýene-de güýz… Saralan ýapraklar, goýalan pikirler. Güýz ynsany islese, islemese-de  şu gününden geçmişine dolandyrýar. Biz güýzde duşuşdyk, güýzde birek-biregi halapdyk. Ol meniň arzuwlardan doly dünýäme seni sowgat edipdi. Emma güýzüň agras gününde-de hiç haçan görüşmezlik üçin seniň bilen hoşlaşypdyk. Ol hemişelik hoşlaşyk däl, çünki  sen meniň kalbymda baky ýaşarsyň. Ähli zat güýzde bolup geçdi. Duşuşmak, aýrylmak…Şonuň üçin  güýz gelse, geçen günler, edilen arzuwlar, berilen wadalar ýada düşýär. Şahyryň:

Ýene güýz,
güýz bolsa saralýar ýaprak


- diýişi ýaly, bu pasylda ähli pikirleriňem saralýan ýaly.
Ine-de, elimde biziň ýaşlygymyzy ýatladýan gündeligim. Ondaky seniň bilen bagly  iň bagtly, ýatdan çykmajak  pursatlaram güýz paslyna degişli. Diýmek, bu paslyň özünde üýtgeşik bir täsinlik bar. Ol täsinlik bolsa, adamyň duýgulary bilen bagly bolmaly.
Güýz pasly barada goşgy goşmadyk, aýdym aýtmadyk döredijilik  adamsam ýok bolsa gerek. Belki, ol üýtgeşik täsinlik döredijilige ýa-da sungatyň inçe syrlaryna düşünýän adamyň däl-de ähli ynsana degişlidir.
…Ykballarymyzyň  aýry ýollara düşen  şol  gün hem güýzüň soňky günüdi. Ol biziň hiç haçan unudulmajak söýgümiziň iň soňky duşuşygy bolup galdy. Duşuşypdyk, hoşlaşypdyk. Emma "biz hiç haçan görüşmeris" diýip hoşlaşmandyk. Ýöne bilelikdäki ýolumyzy  ondan beýläk dowam etdirip bilmejegimizem  bilýärdik. Şol günki ähli zat kino lentasy  ýaly ýadymda seýilgäh, saralan agaçlar, saralan ýapraklar, keýpsiz birek-birege durmuşde hemme  zatda üstünlik arzuw edipdik. Emma "birek-birege bagtly bol, indi hiç görüşmeris" diýmeklige ikimiziňem dilimiz barmandy. Şeýtdi-de, ykbal ikimize-de başga kişiniň toý köýnegini geýdirdi.
Emma her güýz gelse, seniň hem güýzüň soňky güni ýadyňa düşýändir…

Gülälek ÝÜZBAŞYÝEWA.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 39 | Добавил: Tumarly | Теги: Gülälek Ýüzbaşyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Oýlanmalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Başda: “Emma güýzüň agras gününde-de hiç haçan görüşmezlik üçin seniň bilen hoşlaşypdyk
Soňunda:“Duşuşypdyk, hoşlaşypdyk. Emma "biz hiç haçan görüşmeris" diýip hoşlaşmandyk”.
Gülälek hanym, pikirlerde gapma-garşylyk gidipdir.
(ýöne, muny çynyňy etseň tasa getiribem boljak :-))
Ýazgy adatyja zat. Pikirimçe, Gurbannazaryň setirlerini getirmeseň gowy bolardy (sebäbi şeýdýän kän, adata öwrülip barýar).
——
Soňlama biraz bişmedik ýaly.

Emma "birek-birege bagtly bol, indi hiç görüşmeris" diýmeklige ikimiziňem dilimiz barmandy. Şeýtdi-de, ykbal ikimize-de başga kişiniň toý köýnegini geýdirdi.
Emma her güýz gelse, seniň hem güýzüň soňky güni ýadyňa düşýändir…
“emma”-laryň arasy ýakyn, hemem ikinjisinde geregem däl ýaly.
Oň üstüne “güýz”-i hem gaýtalaýaň bir sözlemde.
“seniň hem güýzüň”-de iň bolmanda “seniňem” diýmelimi nämemi?
—-
“Emma, her güýz gelse, seniň hem güýzüň soňky güni ýadyňa düşýändir…” sözlemini şeýläk etse näderdi: “Her gezek güýz gelse, seniňem onuň soňky güni ýadyňa düşýändir… (ýa-da başgarak).
—-
Awtora üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]