08:15
Güýz peýzažy
GÜÝZ PEÝZAŽY

Diñ salyp ýandagyñ dänelerine,
Akbaşyñ tozgasyn uçuryp her ýan.
Göz aýlap gowaçañ hanalaryna
Güýz güni atyzyñ çilinden barýan,
Ir bilen obamyñ ýolundan barýan.

Howatyr edemok sary arydan
Kökesinde üşäp otyr ir säher.
Aýamok köwşümi tozandan, çöpden,
Hanha, ýeke söwüt, alysda şäher.

Toraññyly tokaýlardan aşmaly,
Pyýada geçere uzak ýalydyr.
Şäherli bolsamam, beýle däl maña,
Bu keşde çekilen oba ýoludyr.

Ýollar-a köp, saýlamaly birini,
Öýmüziñ baglary gözüme ilýär.
Simli sütünleri ýa gaz turbasyn
Yzarlap, çet ýere baryb-a bolýar.

Jeññele dönüpdir mekgejöwenler,
Içine giräýsem, ugrum-a ýiter.
Günebakarlaram şondan-a pes däl,
Şujagaz ýodadan barýanym ýeter.

Ýolumy gysgaldyp, dogurlap barýan,
Alañdan-alaña, joýadan-joýa.
Depeden derekleñ boýuny görýän
Ýetmeli ho:ol ýerde oturan jaýa.

Kokaýşy küýsedýän, keýpi kök edýän,
Saýaly sazagy, ýylgynlary bar.
Gözellik gözleseñ, gözüñ dok edýän
Tomzagy, towşany, sülgünleri bar.

Ýarygyjdan jy:klap ýatyr geçene,
Garaja göreçli ga:ba garpyzlar.
Näçe gizlense-de, gözüñe ilýär,
Pelleriñ içindsn ala garpyzlar.

Ýeriñ diñläp ýatyr gyş gawunlary,
Güýzüñ sowugyna ýanyny berip.
"Göbegenäñ" aýak sesin eşitjek,
Guran murtlaryny her ýana gerip.

Tylla güýzüñ zerli küýzesi ýaly,
Bally golça ýaly kädiler ýatyr.
Gelene-gidene gol bulap käsi
Çeperä çyrmaşyp saýlanyp otyr.

Guwanyp, deñinde synladym ýene,
Harman depeleriñ bereketi bar.
Obamy synlasañ, säherde eýýäm
Zähmetkeş adamlañ hereketi bar.

Howlukmaçlyk bilen geldi ýene-de,
"Garaşdyrdymmykam" diýip güýz güni.
Çugudyp oturdy, ýylgyrdy birden
Umyt bilen giç açylan güýz güli.

Tebigatyñ dynç almaly günleri
Ýakyn gelýär, käbir otlar gurapdyr.
Ahyr bu ýerlere gyş göçüp geljek,
Eýýäm öý goşlary gelip ugrapdyr.

Bu ýerlerde ýagyş ýagar, ýel ýüwrer,
Hem tämizlik serpaý bolar sährama.
Gabanjañ bulutlar saýa salarlar,
Köp işleri berjaý bolan sährama.

Zähmete söýgi bar, guwanç, buýsanç bar,
Şadyýanlyk güýjän ýaly bu güýzde.
Miweler, däneler, ir-iýmiş deýin
Ýaşaýyş hem süýjän ýaly bu güýzde.

Rahmanberdi GÖKLEÑOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Haweran | Теги: Rahmanberdi Gökleñow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
"Ömür diýlen bir demlikdir..." / Goşgular - 04.06.2021
Seni görmedim / Goşgular - 08.02.2021
Hudaý adyl / Goşgular - 12.01.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Epitafiýa / Goşgular - 13.02.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Gysgajyk goşgular / Goşgular - 11.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]