14:20
Güýz parçalary...
GÜÝZ PARÇALARY. . .

Şäher köçä sygman barýar,
Diňläp ýagyşyň aýdymyn.
Güýz hem agşam ezilipdir,
Meň irden çykyp gaýdanym

yzarlap sary kirpikleň,
Düýşlere sary, geregim.
Ýöne dünýä öňüm kesdi,
Damagma dolýar ýüregim.

Ne gül galdy, ne kölgesi,
Ak asman çöküpler dyza.
Içimde bir bulut otyr,
Bakasym gelenok yza.

...Bu ýollara bergim kändir,
Gabat gelen hasap sorar.
Meni sizden, ýalňyzlykdan
Diňe goşgularym gorar.
***
Bu güýz maňa nätanyş däl,
Eginlerin gysyp durşy.
Çöken kerwen deý baglaryň
Ýüreginiň güp-güp urşy.

Alny derlän kölegeleň,
Güwläp eňşi Köpetdagdan.
(Bozup tertip-düzgünimiz,
Gyzgylt ýel dünýäň dagydan).

Gatlak-gatlak gözýetimde,
Ýaprak-ýaprak bulutlaryň
Gujaklaşyp oýnaýşyn gör,
(Halys agras bolupdyryn).

Ömür öňe, göwün yza,
Durmuş aňsat, duýgular kyn.
Bu güýz maňa nätanyş däl,
Düýşlerim hem artýar ukym.

Enwer NYZAMOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Aksary | Теги: Enwer Nyzamow | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Муза / Goşgular - 21.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Ýüregimiň zary / Goşgular - 23.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Материал]
1-nji şygyrda has gowy gören setirlerim:
"Şäher köçä sygman barýar..."
"yzarlap sary kirpikleň..."
"Ýöne dünýä öňüm kesdi,
Damagma dolýar ýüregim."
"Içimde bir bulut otyr..."

Enweriň öz goşgy ýazyş stili bar. Meniň pikirimçe, diňe şonuň özem uly zat. Şowly-şowsuz setirler... olaram hökman bolaýmaly, sebäbi adam ýalňyşyp ýalňyşyny düzedýär. Enwere üstünlikler!

0
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ne gül galdy, ne kölgesi,
Ak asman çöküpler dyza.
Içimde bir bulut otyr,

Šu ÿerini hasam haladym,

0
2 Revo   [Материал]
Biri-birine utgaşmaýan bezemen sözlerden düzülen setirler.

0
1 Mahremlik   [Материал]
Gowy goşgy ýöne käbir ýerde bir söz iki gezek gaýtalanypdyr buda käbir goşgulaň gyzygyny gaçyrýa no wsýo tak manyly sagbolun

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]