08:31
Güýz geçmesin!
GÜÝZ GEÇMESIN!

Tylla tarlaryny çözläp çar ýana,
Duýguçyl ýüregi salar lerzana,
Neneñ gözel görnüş -ýapraklar täne,
Çeker köñle kämilligiñ keşdesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Gül güýzüm, gujagy lälezar güýzüm,
Jadyladyñ, sende näme bar güýzüm?
Ömür kitabynyñ sahabyn düýrüp,
Bagt serpaýly günler basym ötmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Ýassanyp ýarym-ýaş döken baglara
Sergezdan ýellere keýpim çaglaýa,
Men ýañadan aşyk boldum barlyga,
Hon-ha bulut typyp, seçdi pişmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Dat edipdir darganjyran duýgular,
Ýagmyrynda ýagty oýlar durlanar,
Gül mekany öwzar saýan durnalar,
Toýnuk gurap, alyslara göçmesin!
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Hyjuwlanyp-howalanyp howundan,
Owurtlapdyr aklym ylham suwundan.
Dideden daşlaşmaz, kalpdan kowulmaz
Göwne uçgun syçraýşyna teşne men,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Dile gelip bilmän, gursakdan ugran,
Sözlenmedik sözler şemal deý şuwlar,
Kalbymyñ gaý-tupanynda arzuwlar
Ýaprak kimin galgap, ýere gaçmasyn!
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Gögele göwnümiñ galmaz armany,
Güýz bolup keşt etsem datly dünýäni,
Zemin zybalygy, arşyñ permany,
Tebigata berlen taýsyz peşgeşdir.
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Sözlerden ymarat guran ýazarym,
Basan topragyna gurban nazarym,
Güýzüñ hak aşygy Gurbannazaryñ,
Damjalarda owazyny eşdersiñ:
"GOÝ, BU GÜÝZLER HIÇ GEÇMESIN, GEÇMESIN!"

Mahym NURGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 173 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Guşlaryñ tansy / Goşgular - 19.03.2021
“Akylym azaşyp özüni tapdy...” / Goşgular - 25.03.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
"Ýene men daglara şaýlandym bu gün..." / Goşgular - 08.02.2021
Ýör, dogan / Goşgular - 20.02.2021
Ýaşlyk ýüzüp gitdi balyk mysaly / Goşgular - 19.03.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021



Всего комментариев: 14
0
14 Hyýalkeş   [Материал]
Her kimiñ öz pikridir, @Nefertita. Men güýze aşyk bolamsoñ,güýzüñ geçmezligini tüýs ýürekden isläp ýazypdym goşguny. Bärde esasy zat bu pikriñ neneñsi şahyrana we gulaga ýakymly eşdilýändigidi meñ üçin.
Ybraýym daýydan bolsa gaty göremok. Niýetiniñ erbet däldigini bilýän. Biziñ poeziýa düşünjämiz düýpgöter ters bolansoñ beýle pikir etmegi geñ galdyranok. Görşüñ ýaly, men-ä indi onuñ goşgularyna we oñka meñzeş goşgulara dymyp oturyberýän. Nämä gerek?
Dawa turmasyn, göwne degilmesin diýip pikir edýänligim üçin şeýdýän. Her kim öz bileninden galmasyn!

0
12 Aksary   [Материал]
Gulya hanym men-ä sizi tanamogam welin, aýdyp oturyñ, näme diýjek bolýanyñyzy diñe siz däl beýlekilerem bilse gowy.

1
10 Hyýalkeş   [Материал]
Gulya, şeýlemi?! Bu ýagdaýy detallary bilen düşündirseñiz diñläsim gelýär dogrusy.(Bilesigelijigem kyn zat)

2
8 Hyýalkeş   [Материал]
Teswirler we bellikler üçin tañryýalkasyn!
Ybraýym daýy, Gurbannazaryñ güýz hakynda bäşlemesi ýok ahyry. Dogrusy, bu hiç kime öýkünilmän ýürekden gelşi ýaly ýazylan goşgy. Güýzi MAHYMAM gaty gowy görýär. Ýa Gurbannazar söýgüsini aýdypdyr diýip biz aýtmaly dälmikäk? Ol öz gözi bilen görüp öz sözi bilen aýdypdyr menem öz gözüm bilen görüp, öz sözüm bilen aýdýan. Men öýkünemde-de Gurbannazara öýkünmeýämikäm diýýän. Meñ täsirinden çykyp bilmän ýörenlem başga şahyrlar. Ol täsirem ýeñmäge-hä çalyşýan.
Bar boluñ! Halamadyk bolsañyz janyñyz sag bolsun! Biziñ poeziýa düşünjämiz tersiräk gelýär-dä näme diýeýin.

0
7 Hyýalkeş   [Материал]
@Aksary, özümçe üýtgedäýýän diýýäñizmi :)
Aýdymy diñläsim geldi dogrusy.

2
9 Gulya   [Материал]
Mahım sen de inandinmi buna. O kime ne laf la kaşınacağını bilemeyen düzenbaz tilki.

1
11 Aksary   [Материал]
@Hyýalkeş, ýok özümçe üýtgedemok, okanymda da şeýledi, ýalñyşýanmykam diýdim-de gazeti gördüm, meñ aýdyşym ýaly eken.

Diñläsiñiz gelenligi barada-da başga nokatdan...

Ýöne bu goşgyny "ilkinji söýgimi akitdi ýelller. Men ony ýatlaýan şapak doganda" aýdymynyñ heñinderäk diýsem dogry bolar.

-2
6 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Mahym ýegen, "Berekella, ajaýyp goşgy" diýibem ýazyp bilerdim, ýöne aldamaýyn. Bular ýaly waspy goşgularyñ wagty bir zaman geçdi. Owadanja, şol bir belli sözler bilen ýene bir goşgy ýasapsyñyz. (ýasama) Armaweriñ! Şu wagtjyk 2-3 gezek okap geçdim, häzir ýekeje setiri-de ÿada dûşenok. Näme ýazjagymy bilmedim. Nädip aýtjagymy ... Güýz hakda müñ setir yazybam, Gurbannazar bolup bolmaÿar, sebäbi biz ýasaÿas, ol döredipdir. Onuñ sözleri öz-özünden jošup, kagyza dolan, bu güýz bolsa çygynyp ýasalan. Şoñ üçnem bu tekstde ýapragam ýapraklyk edibilmändir, ýagyşam göwünleri ezip bilmändir. Öñem aÿdypdym, Özüñ boljak bol Mahym ýegen! Dostlar meniñ gödek sözlerimi bagyşlaweriñ. Pikirimi başga nähili ýumşagrak ýazyp bilerkäm diýip, özüme-de sorag bilen ýüzlenýän wagtym az däl. Kyn görmäñ haýyş!

1
13 Nefertita   [Материал]
Güýz geçsin, indiki güýzlere sag aman ýeteýliñ!

Bähh, Badahşani, @Hyyalkeş (Mahym) häzir yaş şahyra, özem gyz maşgala, siz welin öz teswirleñizde magtaşyñyzdan çen tutsak tejribeli uly adam. Emma beýle göwni çökeriji seslenmäñiz gelişmändir size?! Hawa, @Hyýalkeşiñem bu goşgysy Şüýjilige ýugrulan, şirin goşgy, Güýz geçmesin diýen ýeri logika gabat gelenok, goşgyñ gowy ýerlem bar, bolmaýan ýerlerem bar, emma siziñ teenäñiz ýerliksiz bolupdyr. Ýumşaklyk bilenem ýalñyş belläp düşündirip bolýarka, erkek adama gyz maşgalañ garşysyna geçip beýle gödek çemeleşmesi GÖWÜN diýlen galany ýykyp biljegi gümansyz ahyryn. Şeýle bir setir ýadyňa, düşýar "Şahyry şahyryñ garşysyna goýmañ!" hawa, Şahyry şahyryñ garşysyna goýmañ.! Mahym ýaş gyz, entek gaçara kowara wagty bar, öz döredijiligi bilen içgin gyzyklanjak çyn halypasyna, galybersede gowy pikirlerde goldap öwredip biljek edebýatça, döredijiligine täze ýol açyp biljek pikirlere duşar, öwrener, ökdelär, öz ýoluny tapar,

Mahym, Güýz geçmesin diýeniñ maña-da ýaramady, Gurbannazarly ýeriñ erbet däl diýsemem, goşgyda, täze ýol tapjak bol, özüñi tapjak bol, üstünlik arzuw edýän.

0
5 Haweran   [Материал]
"Gyşy gyş bolmadygyñ ýazy ýaz bolmaz". Her pasyl öz ornunda gelewersin-de, geçewersin.

0
4 mango   [Материал]
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Mahym hanym seň çynyňmy?
a men gyşa garaşýadym, gurçuklar doňsun diýe...
ýene biri bahar küýseýändir...
her zat geçewersin, öz wagtynda, wagty gelensoň uzak durmasyn, güýzem bolsa, ýazam bolsa....

berekella goşgyňa....
ýöne, özümä Gurbannazary agzamazdym....
aýlanyp dolanyp, ramka giren ýaly bolýa.
güýzli goşguda ony ýatlamaklyk şablon ýaly bolup dur ýogsam...
mysal, ýaňyrak goýlan hudaýy janda güýzi tapawutly agzaýar:
"Guşlar göçer-geçer üstünden güýzüñ (Göçmen kuşlar geçer, üstünden güzün)"
güýz waspynda bu-da bir geň taryp: güýzüň üstünden geçýän göçmen guşlar...
umuman.... sözahyry berekella, ýazyp dur....

1
3 Aksary   [Материал]
Hawa Halyl obasyndady

1
2 Pero   [Материал]
Mahym, tüweleme! Ylham atyñ büdremesin! Şeýle depginde dowam et!

1
1 Aksary   [Материал]
Okanyma bir ýyldan kän wagt boldy, doly ýatdanam öwrenipdim, gowy goşgy, ömrüñ bolsun, bu ýerlere getirmän saklaýşyña haýran, Wekilbazarda toýlañ birinde saza salyp aýdypdymam:

Ýassanyp ýarym-ýaş döken baglara

Ýokardaky setirem aşakdaky ýalydy:

Ýassanyp ÝAPRAGYN döken baglara

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]