07:54
Güýz gamgynlygynyň gözýaşy

GÜÝZ GAMGYNLYGYNYÑ GÖZÝAŞY

Ynha, bu gün güýzüň ilkinji güni,
Ýöne bir hepde öň saraldy ýaprak.
Güýzek,
senem şeýle owadan,
ýöne,
Men geçen pasyly söýüpdim köpräk.

Her gezegem güýzüň gelen çaglary,
Göwnümem birhili gözýaşa taýýar,
Men damjalarymy gözýaşym saýsam,
Güýz,
sary ýapragyn gözýaşy saýýar.

Dökýär,
dökýär,
dökýär ýapraklaryny,
Olary jemleseň tonna bolardy.
Eger ýaprak güýzüň gözýaşy bolsa,
Meger bu dünýäni suwam alardy.

Han-ha ýol işçiler,elinde sübse,
Agşama çen, Gün dogandan başlaýar,
Süpürýär,
artýar,
ýygnaýar ýaprak,
Ýöne olar güni üçin işleýär.

Işleýärler.
Ýollara görk berýärmi?
Ýok, ol gaýtam ýoluň görkün süpürýär,
Ertesi iki işli bolmazlyk üçin,
Ýapraklary şahadanam sypyrýar.

Düşmek islemeýän sary ýapraklar,
Silteläpler düşürýärler baryny,
El degirme,
goý gaçsyn öz meýline,
Peýzaž gözelligne berjek barymy.

Şeýdip, gözelligi süpürişip ýörler,
Hökümet bu işe pulam töleýär,
Güýz pasyly niçün gamgyn-ka diýsem,
Süpürilen gözelligni dileýär…

Kerwen MÜRZÄÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Tumarly | Теги: Kerwen Mürzäýew | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Säher goşgusy / Goşgular - 20.03.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Ahmyr / Goşgular - 08.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 09.01.2021
Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
O ne beýle? / Goşgular - 12.02.2021
Surat / Goşgular - 08.02.2021
Mätäç men... / Goşgular - 09.02.2021
Всего комментариев: 5
0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Menä gaty haladym.Manysy gaty çuñ.Ýapraklary güýzüñ gözýaşy hökmünde göz öñüne getirmek - hem del,hemem çuñ manyly.Köçe süpürýänleriñ köçäñ gözelligini süpürip aýyrýanlygam üýtgeşik.Berekella awtor!Tüýs meñ isleýän,garaşýan poeziýam şu.Galamyñyz ýiti bolsun!Beýleki goşgularyñyzam okasym gelýär.

0
Kerwen gyşda näme işlejek??

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kerwen, kommunal hojalyk edarasyna işçi bolup girenler bilýändir köçä gaçan ýapraklary bir gün syryp-süpürip aýyrmasañ näme bolýanyny... ))

0
Sypaýy ýigit ekeniñ.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Üýtgeşik pikir öwürjek bolupdyr, oñarmandyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]