22:42
Güýz duýgulary
GÜÝZ DUÝGULARY

Sary köýnek tikinmekçi bu güýzde,
Sebäp, güýzüm, sarylygy söýýärsiñ!
Meñzeş bolsun ikimiziñ birligmiz,
Sary reñkde sadalygy görýärin.

Gaýyşyp gaçýarlar bagyñ boýnundan,
Sap-sary ýapraklar howlugyp ýere.
Paýhas kitabynyñ sahypasy deý,
Her ýaprak meñzeýär paýhasly söze.

Güýz şemaly göwnüñ göge göterýär,
Duýguly dünýäniñ açar gapysyn.
Tebigata hemem duýga düşünýän
Köñüller hiç haçan atmaýar gasyn.

Tylla ýapraklaryn ýoluna düşäp,
Güýzüm joşgun bolup geldi ilime.
Çigrek howasyna inimiz üşäp,
Şirin jümle bolup doldy dilime.

Läle ZAKIROWA,
Murgap etraby.





Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Haweran | Теги: Läle Zakirowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]