08:19
Güýz
GÜÝZ

Ýaprak ýagýar boz topragyñ ýüzüne,
Ýagýar, öz ömrüniñ menzilin ölçäp.
Solan meñzi bilen öpýär Zemini,
Gaýgy-gussalaryn bir-bir çemçeläp.

Sergezdan ýel boýlap giden ummany,
Hyýalynda, arzuwynda gowuşýar.
Ýaprak bolsa meñzäp köýen arzuwa,
Buýsançly daragtyñ astyna düşýär.

Gara bulut aglap, derdin egisýär,
Gözýaş bilen ýuwup baglañ göwresin.
Çala pyşyrdaýan altynsow baglar
Söýgi bilen örtýär Zemin degresin.

Dolanjak hem dolanmajak güýz hakda
Oýa batýar tylla güýzüñ säheri.
Daragt bolsa düýşde töre geçirýär
Hoş owazly, päk arzuwly bahary.

Aýnäzik HOJAGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: Haweran | Теги: Aýnäzik Hojagulyýewa | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Sungat bolup galaýyn / Goşgular - 01.01.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]