13:12
Güýz
GÜÝZ

Güýz — bu sowallaryň dünýä inmegi,
Pikirleriň goýalmagy gursakda.
Ylham derýaň böwüsmegi serhedi,
Gussa görünmegi gaýýan ýaprakda.

Güýz — bu agras hemem sada pikirleň,
Ýüregňe jogapsyz aralaşmagy.
«Aýralygyň bir pursady» diýýäňiz,
Ýok, ol ýürekleriň aradaşlygy.

Sowuk şemal düşläninde ýürekde
Bedenmiziň ynam bilen ýylaýşy.
Umytsyz şahadan gaçan ýapragyň
Ýaz gelende ýene täze döreýşi.

Güýz — sadalyk,
Güýz — agraslyk,
Güýz — ynam,
Umytly geljegiň badalgasydyr.
Güýz — sowallaň döremegi gursakda
Hem şahyr kalbynyň adalgasydyr.

Göwher GURBANOWA.

“Garagum” žurnaly, 6/2021.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Göwher Gurbanowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]