11:50
Güýe hüjümi
GÜÝE HÜJÜMI

• Anons

Şu gün Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde güýe hüjümi weýran eýläpdir diýseler kim ynanar. Ynanmasalaram şeýle. Bu hakykatdan gaçyp gutulybam boljak däl. Onda-da durgunlyk döwründe hiç zat bolman saklanan sungaty üýtgedip gurmak döwründe güe hüjüminden halas edip bolmazlyk uly jenaýat.
Awtordan.


Türkmenlerde “Gülüň biten ýerinde gadry ýok” diýen köneden gelýän söz bar. Men şu wagta çenli şol söze şeýle bir ynanyp baramokdym. Janyýangynlygy bir bendäniň aýdaýan zadydyr-da diýerdim. Emma, süňňünde ynsan gany ýöreýän adamyň gözüne ýaş aýlandyrýan bir wakany görenimden soň, öňki edýän pikirimiň düýpgöter dogrudygyna düşündim.
Gürrüňi ediljek şol waka geçmezimizden ozal şu günlerde aýdylýan, asyl ýörgünli bolup giden ýene-de bir zat dogrusynda aýtmakçy. Biz, indi bäş ýyl bäri, ähli nogsanlyklary durgunlyk döwrüniň üstüne ýüklemeklige halys endik edinipdiris.
Biz şu zatlary aýtmak bilen şol durgunly diýilýän döwri aklamakçy bolamzok. Taryh bize şol döwri aklamaga hiç hili hukugam berenok. Ine, şu ýerde üýtgedip gurlan döwründe edilýän geleňsizligiň, henizem şol öňden gelýän býurokrat ýolbaşçylaryň nogsanlyklaryny nämäniň, kimiň üstüne ýüklemeli? diýen sowal gelip çykýar.
Durgunlyk döwründe köp gürläp, az iş edýärdik. Bu gün üýtgedip gurmak döwründe şony gaýtalap ýörüs. Gaýtam, gürlemek babatda öňkä görä iki esse köp gürlemäge, öz ýalňyşlyklarymyzy boýun alyp, ony düzetmäge derek, günäni kimiňdir biriniň üstüne atmaga ýykgyn edýäris. Şu bolşumyzyň üýtgedip gurmak işine itergi bermän, oňa badak atýandygyna gözümiz ýetip duran pursadam şol gylygymyzdan el çekemzok. Gaýtam: “Dükanlarymyzda zat ýok” diýip zeýrenýäris. Dükanlarymyzda nähili zat bolsun, işlemegi nesilden-nesile geçip gelýän milli baýlygymyzy goramagy oňarmasak, ertirki günümiz dogrusynda alada etmesek. Hatda, biz stalinçilik-hruşewçilik-brežnewçilik diýlen döwürdäki nogsanlyklara çydam edip gelen halkyň genji-hazynasynam şu gün abat saklamagy başaramzok. Ine, şu zatlar üçinem, biziň geljekki nesiliň gazabyna duçar boljagymyz ikiuçly däl. Şol gazandan bize hiç hili gaçalgada ýok.
Makalanyň başynda “Gülüň biten ýerinde gadry ýok” diýen sözi ulandyk. Şol sözi ulanmak bilen halyçygyň türkmen halkynyň iň gadymy sungaty bolup, şol iň ajaýyp gülüňem biten ýeriniň türkmen topragydygyny eýsem biz bilmeýärismi? Şol güle bütindünýä aşyk. Bütindünýä şol güli edinmegiň arzuwynda. Biz bolsa, şol güli harlap, ýetjek derejesine ýetirdik. Şu gün Türkmen şekillendiriş sungaty muzeýini güýe hüjümi weýran eýläpdir diýseler kim ynanar. Ynanmasalaram şeýle. Bu hakykatdan gaçyp gutulybam boljak däl. Onda-da durgunlyk döwründe hiç zat bolman saklanan sungaty üýtgedip gurmak döwründe güýe hüjüminden halas edip bolmazlyk uly jenaýat. Biz ogurlyk edene adam öldürene halk sudunyň üsti bilen etdik. Jezasyny berýäris. Emma, uly bir halkyň uly sungatyna, onuň milli genji-hazynasyna hyýanat edenede hiç hili zat diýmän diňe weýran bolan zada akt ýazmak bilen gözümizi ýumýarys. Şeýdibem geljekki ediljek jenaýata ýol açýarys.
Okyjynyň şu ýerde: kim jenaýatkärkä? diýen sowala jogap tapmaga howlukmagy mümkin. Howlukma, okyjym! Makalanyň awtory size jenaýatkäriň ýakasyndan tutup, ine, şu jenaýatkär diýmejegi hak. Ýöne, makalany üns berip okan okyjynyň jenaýatkärleriň kimdigine göz ýetirjegine awtor wada berýär.

GARŞYDAŞLARYŇ GÜRRÜŇINDEN

Türkmen döwlet şekillendiriş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Natalýa Anurowa-Şabuns:
- 1981-nji ýylda Maýa Jumanyýazowa halylary we mata önümlerini saklaýjy /goraýjy/ edilip işe kabul edildi. Şol wagt muzeýiň direktory Annadurdy Almämmedowyň ýolbaşçylygynda muzeýde saklanýan ähli haly we mata önümlerini guratmak, ýelejiretmek ýaly uly profilaktiki işleri geçirdik. Eýýäm, şol wagtam halylara az-kem güýe degendigi mälim boldy. Şol sebäplem diňe bir halylarda dälde eýsem olaryň goýuljak ýeri bolan mebellerde hem profilaktiki işleri geçirdik. 1983-nji ýyldan başlabam ähli kolleksiýada yzygiderli profilaktiki işleri geçirip durmaklyk bellendi. Emma, direktory yzyna direktor ähli başlanan işleriň hiç birem soňuna çenli alnyp barylmady. Her direktor özüçe täzeden çäreler geçirmäge başlady. Şol bellenilýän çäreleriň ýerine ýetirilmeýändigini, netijede bolsa ähli eksponantlaryň zaýalanýandygyny Medeniýet ministrligine ýetirdik. Emma ministrlikde biziň şikaýatlarymyza baş galdyran adam bolmady. Soň, biz, TKP MK ýüz tutmaly bolduk. Merkezi Komitetde biziň talabymyzy dogry hasap edildi. Şondan soň, muzeýiň direktory E.M.Ysmaýylow 1985-nji ýylyň noýabr aýynda muzeýiň eksponantlarynda kem-käsleýin, 1986-njy ýyldan başlabam muzeýiň ähli kolleksiýalaryny yzygiderli profilaktiki işleri guramak barada 121-nji buýruk çykardy. Hakykatda bolsa şeýle buýrugyň geregi ýok. Sebäbi eksponantlary saklaýjy /goraýjy/ hiç hili buýruksyz şol işleri ýerine ýetirmeli. Ol eksponantlary goraýjy hökmünde hem aýlyk alýar. Şol buýrukdan soň eksponantlarda muzeýiň işgärleriniň gatnaşmagynda az-kem profilaktiki işler geçirildi. Men şu ýerde bir zady bellemekçi. Haçanda, biz halylary daşaryk çekip başlamyzda Maýa Jumanyýazowa elini byknyna goýup: “Işi diňe samsyklar eder” diýip üstümizden gülmäge başlady. Hakykatda bolsa, onuň samsyklar diýýänleri halylarda profilaktiki iş geçirmeli däl-de, şol iş etmeklik hut M.Jumanyýazowanyň özüne degişli bolmaly.
Soň ýene-de direktor çalyşdy. Täze direktor edilip Tatýana Petrowa bellendi. Her önümçilik ýygnagynda ýene-de haly we mata önümlerini guratmak. ýelejiretmek işleri geçirmek dogrusynda yzygiderli gürrüňler gozgalyp başlandy. Türkmen sungatyny öwreniş bölüminiň şol wagtky müdiri P.Kinýagina eksponantlara güýe degendigini yzygiderli ýaňzydyp geldi. Emma, gulak gabardan tapylmady. Men 1986-njy ýylyň 12-nji maýynda Medeniýet ministri Aşyr Mämiliýewe raport ýazdym. Emma, ministr meniň raportymdan hiç hili netije çykarmady. Hatda, netije çykarmalydyram öýtmedi.
Şu ýerde şol wagtky direktorymyz Tatýana Petrownanyň çykaran bir hokgasyny ýaňzydasym gelýär. Tatýana Petrowa muzeýiň remont we profilaktiki işleri üçin harçlap bolaýjak pula kabinetler bilen aragatnaşyk saklar ýaly alty müň manada selektor satyn aldy. Şu ýere selektor nämä gerek. Haçanda, ähli kabinetler bir ýerde ýerleşýän mahalynda. Tatýana Petrowa muzeýiň pul serişdelerini ulanmakda goýberen uly ýalňyşlyklary üçin işden çykaryldy. Häzir bolsa, ýene-de Medeniýet ministrliginde 380 manatlyk wezipede işleýär. Muňa näme diýersiň? Muzeýiň işine uly zyýan ýetiren adam bu gün muzeýiň garaşly bolan ministrliginde arkaýyn işläp ýör. 1987-nji ýylda T.Petrowanyň ýene-de bir muzeý üçin eden juda zyýanly işini aýtmakçy. Niredendigini bilemok güýçli bug emele getirýän maşyny çagyryp getirdi. Şol güýçli bug bilenem muzeýiň eksponantlarynda profilaktika geçirtdi. Şu ýerde azajyk akly bolan adam fizikanyň kanuny boýunça bug bilen profilaktiki iş geçirilenden soň, eksponantlar doly guratmagy ýola goýaýjak ýaly. Emma, beýle edilmedi. Ähli zat çyglygyna galdy. Buguň güýjüni haly we mata önümlerindäki kirler akyp biri-birine ýelmeşdi. Şol ýelmeşen ýerlerde hem gurçuk emele gelip başlady. Eger-de. şol bug maşyny ulanylmadyk bolsa, köp eksponantlar aman galsa-da galardy. 1988-nji ýylyň oktýabryndan ýene-de täze direktor. Bu gezek direktorlyga Lýudmila Turhaçýowa bellendi. L.Turhaçýowa-da iki sapar eksponantlarda profilaktiki iş geçirmek barada buýruk çykardy. Bu buýruklaram hiç hili peýda bermedi. Soň, men ýene-de halk kontrollygy toparyna raport ýazdym. Emma, Maýa Jumanyýazowanyň hötjetligi bilen halylary guratmak, ýelejiretmek işleri ýerine ýetirilmedi. Ýogsam, biz oňa kömekleşmek üçin adam barynam berdik.
Maýa Jumanyýazowa uly halylary çykarmak kyn diýip zeýrenýärdi. Biz oňa ynamsyzlyk edemzok. Uly halylarda profilaktiki iş geçirmek kyn. Emma, tejribede bolsa, onuň agyr hasaplaýan halylaryna güýe juda az degipdir. Emma, günde-günaşa ýelejiredip bolaýjak kiçijik halylary bolsa güýe weýran edipdir. Muňa Maýa Jumanyýazowanyň hötjetligi günäkär.
Onsoňam güýe degen keçeler haly önümleri bilen bir ýerde saklandy. Mundan bolsa, biziň hemmämiz hem habarly. Hakykatda bolsa, halydyr keçe önümleri biri-birinden aýry saklanmaly.
Ýene-de bir zat. Bize halylary saklamak üçin birki ýyllykda täze jaý berdiler. Şo jaýa biz wagty bilen geçip bilmedik. Sebäbi bu ýerde-de M.Jumanyýazowa öz hötjetligine tutdy. Biz ondan halylary wagtynda kabul edip täze berlen jaýa göçüp bilmedik. Halylary kabul edip bilmän köp wagtymyzy sarp etdik. Netijede jeren halas edip bolaýjak halylaram güýä iýdirdik.

Maýa Jumanyýazowanyň sözünden:
- 1988-nji ýylyň oktýabr aýynyň aýagynda Lýudmila Truhaçewa TSSR Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory bolup işe başlady. Onuň işe başlan gününden ilkinji aladasy öz jorasy Natalýa Anurowa-Şabunsy Günbatar we rus sungaty bölümine eýe etjek boldy. Şol ýylyň dekabr aýynda L.Truhaçewanyň aladasy bilen Medeniýet ministrligi Şabunsy direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary edip belledi. Şeýlelik-de, Şabuns Tuhaçewanyň “beýni merkezi” bolup başlady. Şabuns durky bilen gykylykçy, uruşgan aýal. Hatda ol işgärleriň biri Nazarowa bilen iş wagty urşup masgara hem boldy. Onuň şol etmişine 1989-njy ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabadyň Lenin raýonynyň halk sudy tarapyndan seredildi we oňa 50 manat jerime hem salyndy. Şeýle hem şol jerimeden başga-da iş ýerinde çäre görülmegi bellenildi. Ýagdaýdan muzeýiň direktory we Medeniýet ministrligi habarly bolsada, oňa hiç hili çäre görülmedi.
Edarada edeni geçip duransoň Şabuns direktoryň hemaýat bermegi bilen geçen ýylyň özünde D.Garaýewanyň, Z.Amanmyradowanyň öz arzasy bilen gitmäge mejbur etdi.
1988-nji ýylyň 22-nji noýabrynda öňki şäher howpsuzlyk komitetiniň bize berlen jaýyna halylary göçürmek barada direktoryň adyna raport ýazdym. Emma meniň raportyma garaman şol ýerik ol jaýda çyglylyk ýokary bahanasy bilen muzeýiň administrasiýasyny göçürdiler. Kim ol jaýyň çyglylygyny barlapdyr. Ol diňe Şabunsyň güwä geçmegine görä şeýle bolmaly. Emma, hakykatda bolsa, administrasiýanyň geçen jaýy çygly bolman, türkmen halkynyň genji-hazynasy hasaplanýan halklaryň saklanýan ýerzemininiň diwarlary çyglylykdan ýaňa biline çenli duz çykardy. Şeýle ýagdaýda Şabuns dagy özlerini türkmen milli sungatynyň goraýjysy edip görkezmekçi bolýarlar. Muňa kim ynanar. Özem şu göçhä göçlük TSSR medeniýet ministrligine sala salynman edildi.
Tomus aýlary halk sungatyna degişli eksponantlarda doly profilaktiki işleri geçirmegi direktor L.Truhaçewa muzeýiň işgäri Z.Amanmyradowa ikimiziň üstümize atyp, belli bir wagty belläp buýruk çykardyk. Şeýle ýagdaýda mundan aňryk profilaktiki işleri geçirmäge Z.Amanmyradowa ikimiziň güýjümiziň ýetmejegini aýdyp, direktordan kömek soranymyzda, kömek bermäge derek iş togtatmaga rugsat berdi. Ine, şunuň özem geljekde biziň üstümize hüjüme geçmäge olara mümkinçilik döretdi. Maňa berk käýinç yglan edildi. Şol sebäplem 1989-njy ýylyň 22-nji iýunynda L.Truhaçewa bilen N.Şabunsyň tankyt üçin yzarlanýandyklary baradaky arza bilen Z.Amanmyradowa ikimiz TSSR Medeniýet ministrligine ýüz tutmaly bolduk. Şondan soň ýene-de maňa berk käýinç bermäge başladylar. Z.Amanmyradowany bolsa wagtynda zähmet rugsadyna gitmekden sakladylar.
Şu ýerde ýene-de bir zady bellemekçi A.Şabuns muzeý iş başarjak spesialistleri däl-de, özüne kybapdaş adamlary ýygnaýar. Şol ýygnanan adamlaryň sungatdan başy çykmazlygam halk sungatyna uly zarba urýar. Sebäbi, olar sungat barada alada edenokda diňe A.Şabunsy goramak, şonuň diýeni bilen kimdir biriniň üstüne hüjüme geçmek wezipesini ýerine ýetirýärler. Umuman şol ýerde A.Şabuns işlese muzeýe muzeýe direktoram çydamaz başga işgärem. Ine, şu barada TSSR Medeniýet ministrliginiň oýlanyşykly netije çykarmagy zerur.

KAGYZ URŞUNDAN PARÇALAR

TSSR Medeniýet ministri A.Mämiliýew:
- TSSR Şekillendiriş muzeýiniň milli halk sungaty bolan haly, keçe, mata önümleriniň saklanýan ýeri bolan 3-nji sklatda ähli eksponantlaryň weýran bolup barýandygy bilen Sizi habardar etmegi öz borjum hasaplaýaryn.
Skladdaky önümleri saklaýjy M.Jumanyýazowanyň günäsi bilen indi üç ýarym ýyl bäri eksponantlaryň uly böleginde profilaktiki iş geçirilenok. Türkmen sungatyny öwreniş bölüminiň müdiri bolmagyna garamazdan, men şol halk sungatynyň goraýjysy bolup bilemok. Sebäbi, sklada girmäge maňa hiç hili hukuk berlenok. Şeýle hem muzeýiň halk kontrollygy komitetiniň başlygy bolmak bilen men şol meselä ençeme gezek ýüzlendim. Emma, M.Jumanyýazowanyň günäsi we direktorlaryň yzly-yzyna çalşyp durmagy sebäpli şol galdyrylan meseleler çözülmän gelýär.
Türkmen sungaty bölüminiň täze bölüm müdiri P.Kinýaginanyň şaýatlyk etmegine görä, sklatdaky eksponantlarda güýe emele gelipdir, köp eksponantlar eýýäm weýran bolup ugrapdyr. Güýäniň köpelmegi üçin sklatdaky tozan we çyglylyk näçe diýseň ýeterlik bolmaly.
Halk kontrollygy komitetiniň yzygiderli ýatladyp durmagy bilen şu ýyl eksponantlarda gysga wagtlaýyn we bölekleýin ýelejiretmek işleri geçirildi. Özünem instruksiýadaky görkezilen düzgüni düýpli bozmak esasynda.
Eksponantlary soňky gezek ýelejiretmek işi 9-njy iýulda geçirildi. Özünem halylar we gäbelenler ýiti gün şöhlesiniň astynda saklandy. Köp bölegi bolsa, hapa ýere asfaltyň üstüne oklandy. Netijede eksponantlarda goşmaça tozan we hapa emele geldi.
Eger-de M.Jumanyýazowa öz alýan hakyny ödemekçi bolup zähmet çeken bolsa, halylar beýle kyn ýagdaýa düşmese-de düşmezdi.
Häzir esasy gürrüň kolleksiýasy bolup durýan halylary, gobolenleri, keçeleri düşen ýagdaýyndan çykarmaklykda barýar. Özünem goşmaça güýçleri jebislemek arkaly. Halk sungatyndan emele gelen eksponantlary tizden-tiz gury we profilaktika geçirilen jaýa göçürmeklik zerurly gerek. Özünem eksponantlary şeýle güne salan adamyň işden boşadylmgyny gazanmaly.
Hormatlamak bilen N.Şabuns.
12/VII.1986 ý.

Buýruk №121
...1985-nji ýylyň noýabrynda halk sungaty eksponantlarda bölekleýin ýelejiretmek işlerini geçirmeli. 1986-njy ýyldan başlabam amaly-haşam halk sungaty önümlerinde we ähli eksponantlarda yzygiderli ýelejiretmek profilaktiki işleri geçirmeli.
Muzeýiň direktory E.M.Ysmaýylow.

Muzeýiň direktory T.Betrowa
M.Jumanyýazowadan
RAPORT


Şunuň bilen sizi habardar etmegi makul bildim.
Indi üç ýylyň içidir halylaryň saklanýan ýeriň howasyny kondisirleýän sistema işlänok. Meniň dilden aýdýan zatlaryma gulagam asylanok. Sowky wagtlarda haly saklanýan ýerzeminde çydap bolmajak ýagdaý emele geldi. Netijesi bolsa, halk sungatynyň zaýalanmagyna alyp barjagy görnüp dur. Häzir şol ýeriň çyglylygy 65 prosentdenem geçýär.
3/XI. 1987 ý.

Muzeýiň direktory
L.Tuhaçewa
M.Jumanyýazowadan
Hormatly Lýudmila Aleksandrowna!


Ýerzeminde ýerleşýän halk sungatynyň kolleksiýasynyň juda ýaramaz ýagdaýyny bilibem siziň özüňizi juda rahat duýýandygyňyzy näme bilen düşündirip bolar?
Men bu ýagdaý bilen Sizi geçen 1988-nji ýylyň noýabr aýyndaky ýazan raportymda tanyş edipdim...

28/VI.1989 ý.

Muzeýiň direktory
L.Tuhaçewa
M.Jumanyýazowadan


Önümçilik ýygnagyna gelmänim üçin Siziň edýän belligiňize şeýleräk jogap bermekçi...
Siziň geçirýän önümçilik ýygnaklaryňyzda hiç hili işjeň gürrüň edilenok, hiç-hili zat hem çözülenok. Diňe işgärleriň wagtyny almakdan başga. Şeýle hem Siziň ylmy işler baradaky orunbasaryňyz Şabunsyň turuzýan gohundan başga zat eşidemizok.

28/VI.1989 ý.

Medeniýet ministrliginiň kollegiýasyna M.Jumanyýazowadan RAPORT

Medeniýet ministrliginiň kollegiýasynyň dykgatyna. Muzeýiň direktory L.Turhaçewanyň gykylygyndan soň, kabul ediş işlerini geçirmäge mende hiç hili güýç galanok.
Şol sebäplem muzeýde gowy ýagdaý döretmegi Medeniýet ministrliginiň kollegiýasynda towakga edýärin.
28/XII. 1989 ý.

Medeniýet ministri A.Mämiliýewe M.Jumanyýazowadan RAPORT

Hormatly Aşyr Mämiliýewiç!
Direktor L.Tuhaçewa we onuň ylmy işler baradaky orunbasary Şabuns milli iş kabinetsiz goýdular. Şol sebäplem men birnäçe sagatlap muzeýiň golaýyndaky bagjagazyň içinde komissiýa garaşyp oturmaly bolýaryn...

7/II.1990 ý

Muzeýiň direktory
L.Tuhaçewa
Halk sungaty bölüminiň işgärlerinden RAPORT


Gysga wagtyň içinde bölümiň kabinetini kondisioner bilen üpjün etmegiňizi soraýarys. Şeýle ýagdaý döredilmese yssynyň derdinden kabinete girer ýaly däl. Onsoňam haly goýulýan tekjeleri reňklemegi hem-de awuly bug bilen profilaktiki iş geçirmegi goýbolsun etdiriň. Eger şeýle edilmese bu ýerde işlemäge hiç hili mümkinçilik ýok.

V28/VI.1989 ý.

Muzeýiň direktory
L.Turhaçewa
Direktoryň ylmy işler baradaky orunbasary N.Şabunsdan RAPORT


Siziň dykgatyňyza ýetirmek bilen habar berýärin. Ýagny halylary saklaýjy M.Jumanyýazowa muzeýiň eksponantlaryny ýelejiretmek işlerini ýene-de bozdy. Eksponantlarda iýun aýynda sentýabra çenli hiç hili ýelejiretmek işleri geçirilmän gelýär. 9-njy sentýabrda bolan önümçilik pygnagynda Jumanyýazowa eksponantlary ýelejiretmek tabşyryldy we oňa Begjanowadan,Ýazyýewadan ybarat kömekçi hem berildi. Emma, Jumanyýazowanyň günäsi bilen hiç hili çäre geçirilmedi. Şonuň üçinem oňa temmi bermegiňizi soraýaryn.

13/X.1989 ý.

Muzeýiň direktory
L.Tuhaçewa
Türkmen halk sungaty filianynyň uly ylmy işgäri O.Begjanowadan


RAPORT
... 11-nji oktýabrda bellenilen wagt Jumanyýazowa eksponantlary serişmek üçin geldim. Emma ol gelmedi. Gelmediginiň sebäbini bolsa, özüniň ýarawsyzlygy bilen düşündirýär.
13/X.1989 ý.

“ÝER GATY BOLSA”

Hormatly okyjy, biz bu işde muzeýiň işgärleriniň irginsiz ýazan raportlarynyň, şikaýatlarynyň hatlarynyň birnäçesini hödürlemek bilen olaryň güýä garşy däl-de, biri-birine garşy göreş alyp barýandyklaryny Size äşgär etmegi maksada laýyk bildik.
Eger-de, şol ýazgylaryň hemmesini ýekän-ýekän Size ýetirmekçi bolsak, lap edip aýtdygymyz däl. Onda “Edebýat we sungat” gazetiniň bir ýylky çykjak sanynyň ählisini bagyşlaýmaly boljakdygy, küti-küti papka bolup ýatan kagyzlara ser salanyňda göz ýetirýärsiň.
Dogrusyny aýtsak soňky ýyllar käbir işgärler türkmen halk sungatynyň halasgäri hökmünde çykyş eden bolup raport, şikaýat ýazmakdan başga iş etmändir. Olar diň “kagyz urşunyň” üsti bilen goranyşa geçipdirler. Şol goranyşam haly we haly önümlerine bolan “güýe hüjümine” däl-de özlerini biri-birinden goramaklyga gönükdirilipdir. Eger-de şeýle gyzgyn “kagyz uruşy” güýeden dynmaklygy gönükdirilen bolaýanda ýekeje eksponantam zaýalanmasa zaýalanmazdy.
Muzeýiň ýolbaşçysy bilen gürleşeniňde olar ähli günäni M.Jumanyýazowanyň üstüne atýarlar. Biz M.Jumanyýazowany “ak guş” hasaplajak bolamzok. Onuň günäsi ýogam däl. Emma, şoňa garamazdan ähli zada hakykatyň gözi bilen garamagymyz gerek. Onsoňam Maýa Jumanyýazowa kim? Ol 1981-nji ýylyň mart aýynyň 19-na №20-nji buýryk bilen kiçi ylmy işgär hökmünde işe kabul edilýär. Soňam, şol ýylyň 3-nji iýunynda №56-njy buýruk bilen amaly-haşam halk sungaty sektoryna müdir bellenilýär.
1990-njy ýylyň maýynda hem şol wezipeden işden boşadylypdyr.
Ine, şu ýazgylar M.Jumanyýazowanyň zähmet depderçesinden alyndy. Göräýmäge, M.Jumanyýazowa muzeýde ylmy iş bilen meşgul bolmaly ýaly. Emma, şol işinden daşgary onuň üstüne /razylygy bilen/ 1981-nji ýylyň 23-nji noýabrynda ýörite akt düzülip haly, keçe, mata önümleri saklanýan №3-nji sklatdaky eksponantlary goramak işem onuň üstüne ýüklenipdir. Özünem birtopar adamyň gatnaşmagynda.
Şol akta salgylansaň haly we haly önümleriniň 711-si, mata we mata önümleriniň 521-si M.Jumanyýazowanyň goramagyna berlipdir. Özünem milli halk sungatyna degişli bolan bu eksponantlaryň 1231-si kwadrat metre barabar bolan ýerzeminde ýerleşdirilipdir. Soňky ýyllarda haly we mata önümlerine degişli eksponantlaryň sany ýetipdir. Emma, olaram şol ýerzemine eplem-eplem edilip ýerleşdirilipdir. Bu hiç bir akyla sygmajak ýagdaý. Şonça eksponantlaryň içinde güýe degmedik ýekejesinem tapmak kyn. Şonuň ýarysyndan gowragyny bolsa güýe weýran edendir.
Geliň, indi, bir zada akyl ýetirjek bolalyň! Şu ýerde eksponantlaryň güýe heläkçiligine sezewar bolmagyna kim günäkär? M.Jumanyýazowany ýa-da muzeýiň ýolbaşçylarymy? Elbetde, muzeýiň ýolbşçylary. Sebäbi, olar M.Jumanyýazowanyň iki jahanyň owarrasy bolup, ylmy işine-de eksponantlary goramak işine-de wepa bermeýändigini görüp durkalaram hiç hili çäre görmändirler. Gaýtam onuň belli çäre bir uçastoga jogap bermegini gazanma derek ondan ylmy işem, eksponantlary goramagam talap edilipdir. Özünem direktordyr baş goraýjydan edilmeli talap.
Indi, SSSR Medeniýet ministrliginiň muzeýler baradaky çykaran ýörite düzgünnamasynyň 6-njy sahypasyndaky ýazga ser salalyň.

3-nji bölüm: Muzeýiň direktory, muzeýe degişli bolan eksponantlaryň doly saklanyşyna, goralyşyna, hasabatynyň ýöredilişine, ylmy inwenterizasiýa geçirilişine, restawrasiýa edilişine, ýangyna garşy iş alnyp barylyşyna doly jogapkärdir.

4-nji bölüm: Direktor bilen bir hatarda muzeýiň eksponantlarynyň ýagdaýyna, olaryň dogry hasaba alynyşyna, restawrasiýa edilişine muzeýiň baş goraýjysy jogapkärdir./Käbir muzeýlerde bu işi direktoryň hasabat ýöretmek we goramak baradaky orunbasary alyp barýar/
Şu düzgünnamadan ugur alsaň-a zada öňi bilen direktor jogap bermeli. Onda näme üçin muzeýiň direktory, onuň baş goraýjysy edilen bu işe jogap berenok. Ýagdaý bolsa TKP MK-de, medeniýet ministrliginde-de aýan. Emma, nebir eksponantlary güýe kül edýänçä garaşylypdyr?
Häzir muzeýiň ýolbaşçylaryny gürletseňä, halylar serilmedi, ýelejiredilmedi, guradylmady diýip zeýrenýärler. Bar şu zatlar ediläýen ekenem-dä, soňra şol eksponantlary saklajak ýeriň ýenede şol çygly ýerzemin bolanda eksponantlary guratdyň näme, guratmadyň.
Muzeýiň käbir ýolbaşçylary halylary halas etmeli diýip çarp urýanam bolsalar, haly önümleri üçin ýörite berlen jaý halylary ertmekden öňürti özleri göçüp barypdyrlar. Olara giň, ýagty, ähli mümkinçilikleri bolan kabinetler gerekmişin. Halylar bolsa, goý häzirlikçe ýerzeminem bolar diýen pikirden ugur alypdyrlar. Ýagdaý şeýle bolasnsoň olaryň janköýerligine asyl ynanasyň gelip baranok.
N.Şabuns 1986-njy ýylyň 12-nji iýulynda Medeniýet ministri A.Mämiliýewiň adyna ýazan hatynda: “Halk kontrollygy komitetiniň yzygiderli ýatladyp durmagy bilen şu ýyl eksponantlarda gysga wagtlaýyn we bölekleýin ýelejiretmek işleri geçirilidi. Özünem görkezilen düzgünnamany düýpli bozmak esasynda” diýip ýazýar.
Bu ýerde gürrüň nähili düzgünnama hakynda barýarka? Haçanda bütin muzeýde düzgünnama boýunça alnyp barylan ýekeje işinem ýok mahalynda eksponantlary ýelejiretmekligiň düzgünnamasy dogrusynda gürrüň gozgamaklygyň özi gülkünç zat.
Eger düzgünnama esaslanyp iş görülmeli bolsa, ilki bilen ähli zaýalanan eksponantlara direktordyr baş goraýjy jogap bermeli. Emma, näme üçindir muzeýde yzly-yzyna gelip giden direktordyr baş goraýjynyň ýekejesiniňem şol düzgünnama boýunça çäre görülmändir. Sebäbini bolsa düşündirmek kyn däl. Kimdir birine düzgünnama esasynda çäre görüljek bolunsa, ilki bilen şol ýer öz düzgünnama laýyklykda gurulan ýer bolmaly. Şonuň üçinem kimdir biriniň üstüne günä ýüklemekden ötri şondanam ugur almaly.
Muzeý bolsa bütin durky bilen düzgünnama gabat gelenok. Bu ýöne bir “taýak gelýänçä ýumruk” diýlip gurnalan muzeý. Şol taýak bolsa, wagty bilen gelmänsoň, “Ýer gaty bolsa, öküz-öküzden görer” edilipdir.
Hormatly okyjy, şu ýazgymyza nokat goýmankak jenaýatyň emele gelmegine nämäniň sebäp bolandygyna özüňiziň pikir etmegiňizi ýene-de bir gezek towakga edýäris.

Annameret DURDYMÄMMEDOW,
žurnalist.





Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 230 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]