16:42
Gutlaglar
GUTLAGLAR

GUTLAG
Yzlap gezme, öz ýoluñy saklagyn,
Bagtyñ özi sen tarapa ýöresin.
Ýyllar ýüze ýygyrdyny salmasyn,
Gasyn diñe goý, gülküden döresin.

Ömre--many, kalba ýalkym çaýylsyn,
Uzak ýaşa wagt goşulsyn wagtyña.
Bir dilegim bu durmuşda aman bol,
Ýüzüñ gülsün goý, maşgalañ bagtyna.

BAGT TOÝA

Bu gün biz söýginiñ janly şaýady,
Telwas urýan gül yşgynda bilbiliñ.
Ýüzügiñ gaşy deý bagtyñ köşgüne,
Bezeg berýän ýaşlarmyzy bir görüñ.

Gorañ bir-biregi söýüñ mähirläp,
Yşgyñyz dilde däl, ýürekde bolsun.
Göwün ýykmañ, ediñ mydam ýagşylyk,
Sizden soñkulara ýagşy at galsyn.

Goşa garrañ, rysgal bolsun ýaryñyz,
Depäñizden şatlyk sil bolup geçsin.
Irden işe gidip gije gelende,
Goç-goç ogularñyz işigñiz açsyn.

Ahmet ARAZOW





Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Грипп / Goşgular - 17.02.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022
Magtymgula nezire / Goşgular - 19.01.2022
«А телу так хотелось жить...» / Goşgular - 25.01.2022
Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
“Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül” / Goşgular - 02.02.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]