11:09
Gutlag
GUTLAG

Gadyrdan dostlar, doganlar, uýalar!
Aralykda sanly sagatlyk pursat galan Täze ýyl Aýaz babanyň şekilinde gapynyň eltutaryna gol uzatmaga taýynlanyp dur.
Onuň horjunynyň gözlerini ýarara getirip, parahatçylyk, saglyk, yrsgallylyk, agzybirlik, abadançylyk, bolçulyk, şowlulyk,
wagtyhoşluk... simwollary çogup çykyp dur.
Ony gözlerimiz görsün, göwnümiz duýsun, ýüregimiz syzsyn.
Törümizde mesgen eýlesin.
Saýlasyn ykbal ajap alamatlarda bizi.
Ýüzi her kişiniň şatlyk nuruna çaýylsyn.
Aýylsyn gam-gussa zerarly aýlanan başlar.
Gyşlar öz paslyna mynasyp bolsun.
Dolsun göwunlere rahatlyk.
Sahawatlyk her ynsanyň adamkärçilik daýanjy bolssun.
Salsyn bagt hemişe saýa.
Öýe münewwer nury çaýylsyn.
Ýaýylsyn saçaklara bereket nygmaty.
Gymmaty artsyn ynsanyň-ynsana.
Pynhana bolmasyn dostlara ak niýetiňiz.
Kitapcy saýtynyň eziz agzalary we oňa dahylly bolup durýan adamlar, täze mübärek ýylyňyz gutly bol-a!





Категория: Gutlaglar | Просмотров: 155 | Добавил: Garayolly1936 | Теги: Garaýolly | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Gutlaglar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 6
0
6 Aksary   [Материал]
Hormatly kitapçynyñ agzalary düşünmedigimi şu ýerde soramasam başga çykalgam ýok, kyn görmeseñiz Magtymguly atamyzyñ şu goşgusyny giñişleýin düşündirseñiz hoşal bolardym.

Her kim öz adyna möhür gazdyrar
Ýazylan närsäni kimse bozdurar
Ikiniñ sylagy birin azdyrar
Taýak bir dälini ýola getirmiş...

0
5 Ahmet   [Материал]
Juma Hudaýgulyýew Jaý powesti,
Jumageldi Mülkiýewiň powestleri we hekaýalary kimde barka, şolar bar bolsa kitapca ýerleşdiräýiñda.

0
4 Aksary   [Материал]
Alla ýalkasyn

0
3 Mähriban   [Материал]
Sag boluň, Garaýolly aga! Goý, 2022-nji ýyl hemmeler üçin iň haýyrly ýyllaryň biri bolup gelsin! Iň gowy eserleriň okalýan, ýazylýan ýyly bolsun!

0
2 Jeksparro   [Материал]
Täze multfilm çykarypdyrlar Aýaz baba 2022-ä geçjek bolýar welin Koronawirus oň dulugyna şapbat çalýar.

0
1 Gurgencli   [Материал]
Sagbol aga, seniňem täze ýylyň gutly bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]