21:05
Gussa
GUSSA

Sagat bir çen boldy.
Gijäniň ýary.
Niçündir kalbymyñ gussaly sazy.
Asmana seretsem, aýam ünjüli.
Künjüni gaplapdyr gara bulutlar,
Eýlemekçi deýin ýowyz hüjümi.

Ýeliň öwsüşi hem täsin bir geňsi,
Mendenem sabyrsyz onyň ahwaly.
Asmany-zemini tutdy tukatlyk,
Geňlik, bu ne duýgy? kalbyma sary,
ot berýar bir zada garaşýan ýaly.
Jaň sesi. "Näme''. Düşnikli bary.
Ýumruldy köňlümiň köşgi-eýwany,
(Ey pany, ne güne salÿaň ynsany)

Onýança asmanda gara bulutlar,
Örtdi aýyň yüzin gara donuna.
Solunda -sagynda çakyp ýyldyrym,
Ýagmyram goşuldy bulaň zaryna,
Ses etdi aýlyganç asman aglady,
Ýagdy ýagmyr.
Diňdi.
Derdi ýeňledi.

Soň köşeşdi asman geldi özüne,
Hamana hiç bir zat bolmadyk ýaly.
Ýöne şol aýlyganç gijeden soňra
Henizem kalbymyň gussaly sazy.

Aýjeren GADAMOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Haweran | Теги: Aýjeren Gadamowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Gökdepe galasy / Goşgular - 16.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
"Salam, meň gülli dünýäm..." / Goşgular - 08.01.2022
Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Mahremlik   [Материал]
Ýumruldy ömrümiň köşgi eýwany
(Eý pany, ne güne salýaň ynsany)
Gaty gowy setirler gaty gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]