08:52
Guşlaryñ şasy / hekaýa
GUŞLARYŇ ŞASY

Şol gün kakasy ony şeýle kelamlar bilen serpaýlady: «Şuňkarym, bu gün sen ata höwürtgäňi terk edýärsiň. Indiden beýläk öz höwürtgäňden örlärsiň. Sen ony adyňa mynasyp ýerde, beýik daglaryň depesi asmana uzaýan gaýalarynyň berkden-berk kertinde gurmalysyň. Ol ýöne-möne mesgen bolmaly däldir, kaşaňlygy bilen köpleriň gözlerinde nepis keşde bolup gaýalmalydyr. Ony görenleriň şol ýerde şuňkaryň ýaşaýandygyny bilmekleri wajypdyr.
Maňa ünsli gulak as-da, aýdanlarymy ebedi ýadyňda sakla. Sebäbi bir gün sen hem öz nesliň gursagyna dilimiň şu senasyny ata sargydy hökmünde guýmaly bolarsyň. Bu kelamlar kakamyň maňa eden pentleridir. Olar ata-babalarymyzyň ýüreginden üze-üze döreden aýdymlary. Aýdymda bolsa keramat bardyr. Sen oňa gulak asan çagyňda ondan ejdatlarymyzyň belent, synmaz ruhuny aňlarsyň. Gezeginde seniň hem nesliň öz dowamatlaryna şol ruhy ähli aýdyňlygy, çuňňur manysy, bakylygy bilen ýetirmegi parz tutunmalydyrlar.
Hüý-häsiýetiňde özgelere nusgalyk edim-gylymy rowaç tapdyrmak lazymdyr. Ömrüňe beýiklik hem päkizelik ýaraşýandyr. Mertebelilik hem şanlylyk saňa mahsus zatlardyr. Sebäbi biz laçyn kowumyndandyrys. Laçynlar bolsa goşa ganatlylaryň şasy hökmünde ykrar edilendir. Derejäňe mynasyp ýaşamagy başarmalysyň. Ana, şonda ejdatlaryň adyna şan getirersiň. Ata-babalaryň adynyň şöhrata beslenmegi, mertebesiniň arşa göterilmegi dowamatlaryň derejesini has-da beýgelder, geljegine nur çaýar. Nuranalyk ak bagtdan nyşandyr!».
Kakasynyň söze dyngy bererine mähetdel, ejesi «Balajygym» diýip söze başlady. Oňa ýüregine düwen sözlerini dile getirmäge ogly ejazat bermedi. «Balaja» diýip meni kim saýýaň, eje? Şindi etene, çülpe çagalaryna diýilýän söz ahbetin ol. Men bolsa per, ýelekleri ýetip, uçurym bolan şuňkar!».
Ejesi alňasak gürledi: «Garabagyr ejeňe dogry düşün, jigerde janym, bu seni kemsitdigim däl-de, enelik mähri bilen söýgüledigim. Şeýle dälmi kakasy?». Kakasy: «Dürs gep» diýen manyda baş atdy. Ejesi sözüne dowam berdi: «Kakaňa sataşyp, şu höwürtgä gelen günümden, Beýik Taňra mynajatym şu boldy. Özem bu dilegimi säher çagy, Günüň dogar-dogar uçurlarynda ýüzümi asmana tutup, dilimde senalaýardym. «Gudratly Taňrym, maňa bir ogul ber, onuň bedeni berdaşly, dykyzdan daýaw, göwresi sazlaşykly bolsun!». Keremli Ýaradyjymyz dilegimi duş eýledi. Göwnümize görä eçilibildi sahawatyny. Tüweleme, boýuňy synlap, keşbiňden doýup bilemok. Özgeler hem şol güzerden suwa inýändirler. Nädip şeýle hala düşmän bilsinler. Özgeleriň arzuw edip ýetip bilmeýän syraty jem bolupdyr sende. Kelläň gysgadan kiçi, maňlaýyň giň, gözleriň uly, boýnuň ýogyn, döşüň ýasy hem aýlaw, guýrugyň ýaýraw, şondan gelen butlak, buduň etleri gaty. Ejeň injikleriňden aýlansyn, olar ýogyndan togalak hem gysga, penjeleriň uly, barmaklaryň güýçli, dyrnaklaryň reňkine bak-a, olar tüm gijäni ýadyňa salýan şar gara. Aýaklaryň maýsa kimin ýap-ýaşyl. Şuny-da bilip goý, ähli jandarlaryň alabederinden bir reňklisi ybaly görülýändir. Sen tämiz atan daňyň aklygyndan kemal tapan mysaly kümüşsöw öwsüp dursuň. Şundan ötrem, sen diňe bir şuňkar hem dälsiň-de, Akşuňkarsyň!».

* * *

Akşuňkar ukudan oýananda, daňyň düýbi ýaňy çyzylypdy. Ol hekemini başy gitdigiçe çürelip gidýän beýikden ýylçyr gaýanyň kertinde gurdy. Ol amatly ýer gözläp, biri-birinden belent gaýalaryň ençemesini synçy nazaryndan geçirdi. Ýöne şundan jaýdaryna duş gelmedi. Akşuňkaryň höwürtgesi gaýanyň çür depesiniň adam boýy aşak eteginde ýerleşýärdi. Ony gündogar hem günbatar tarapdan harsaň daşlar penalaýardylar. «Gudrat görseň, daglara bar» diýleni. Höwürtgäniň ýokarsyny ol harsaňlardan-da uly hem ýasy daş ýapyp ep-esli öňe çykyp durdy. Çapgyn ýellerdir boraganlar oňa zeper ýetirerden ejizdiler. Höwürtgäniň gaýra tarapy Akşuňkar üçin arkaýyn girip, çykar ýaly sümelgedi. Öň bu ýeri hiç bir jandar mesgen edinmändir. Akşuňkar höwürtgesini uludan tutdy. Janyna has rahat bolar ýaly ol ýere ýumşak otlar düşedi. Perdir ýelekleri kem etmedi. Özge hili bolmaga haky hem ýok. Bu ýerde onuň ýeke özi ýaşamaly däl ahyryn. Ynha, nesibeli gün. Akşuňkar özi bilen duşdaş mäkiýan şuňkara sataşar. Ol onuň dilini hökman tapar. Mäkiýan şuňkaryň Akşuňkary halajakdygynyň ujy iki däl. Ejesi ony, gör, nähili taryp etdi. Ol sözler guşlaryň şasynyň hiç haçan hem ýadyndan çykmaz. Dözmezi ol sözleri oglunyň göwnüni görmekden ötri, kiçi dilden bärde aýtmandy. Mähre eýlenen şol jümleler ene ýüreginiň çuňundan joşup çykypdy. Ýürekden çykan kelamlarda bolsa üre bolmaýar. Bu höwürtgede olaryň dowamatlary jahana inip, uçurym bolmal-a. Ol günler indi uzakda däl. Ýapylaryň gary eräp, ala meýdanlar gyrtyçdan ýaşyl don geýindiler.
Akşuňkar hekeminiň agzyna gelip, aşak dykgatly bakdy. Hemişekileri ýaly zawyň içinde nämeleriň bolup geçýändigini synlamak isledi. Jülgäni ýüpeksi dumanyň gaplap alany üçin saýgarar zady bolmady. Ol beýdip, uzak oturyp hem biljek däldi. Höwürtgesinden atylyp çykyşyna, kiçeňräk öwrüm etdi-de, daňdanyň çygyna derçiräp duran daşyň üstüne gondy. Çygly şemal ony sypalap geçdi. Bu oňa hoş ýakdy gerek. Ýüzüni şol tarapa öwrüp, petekesini şemala tutdy. Ganatlaryny giňden ýazdy. Gözlerini süzgekledip, esli durdy. Soňra çüňki bilen perlerini, ýeleklerini daraşdyryp, özüne timar berdi. Uçmaga küýlendi. Emma göge göterilmezden öňinçä depesine bakdy. Şu halatda kakasynyň pendi ýadyna düşdi. «Oglum, ýokaryňdaky çäksiz giňişlige ganat açmaga hyýal edeniňde, mawy asmany oňat synlagyn. Gözleriň onuň nurana keşbinden mazaly gansyn. Diňe şondan soň şol taýa ganat kakmaga het etgin. Şeýle dessury bir kemsiz amal etmegi başaran çagyň seýliň şowly hem ýatda galyjy, hözirli bolar».
Asmanda bulut ýokdy. Ol uç-gyraksyz ummany ýadyňa salýardy. Möwçli ummanlardan tapawudy, ol ýerde gomlara gözüň düşmeýärdi. Özüne imrindiriji imisalalyk höküm sürýärdi. Şol ummanyň gözleriň nuruny sorsam diýýän durulygyny aýtsana. Akşuňkar ol gözellige siňe bakdygyça, özüni dartyjy näbelli bir güýji duýýardy. Bu ahwal onuň ýüreginiň urşuny çaltlandyryp, damarlarynda çyrpynýan ganyny joşa gelen derýa dönderdi. Bir seretse, ol jemaly bilen özüne kökerip goýan giňişlige bakan hyrlynyň nilinden çykan ok mysaly atylyp barýar. Ganat kakyşyna göz ilenok. Haçan örküniň ýerden üzülenini bilmese näme. Esli salymdan soň, Akşuňkar özüniň näçeräk ýokary galanyny bilmekden ötri, aşak seretmek isledi. Bu pikirinden bada-bat el çekdi. Sebäbi şol pursatda kakasynyň gulagyna däl, gursagyna guýan bir pendi hakydasyna ak kepderi bolup gondy. «Bir-ä asmana atylyp gideniňde, birem awuňy kowup barýarkaň, aşak serediji bolaýmagyn, gözleriň nazarlaýan ýeriňi sypdyrmasyn. Ünsüň bölünmegi hyjuwyňa badak atar, gaýratyň kemelmegi, maksadyňa ýetip bilmejegiňden alamatdyr».
Akşuňkar bir zada anyk göz ýetirdi. Göge näçe galdygyça asman hem ondan şonça daşlaşýardy. Ol ganatlaryny ýazdy. Şemalyň, ylla diýersiň, özüni aýasynda gapyp oýnaýan şekilde howada gaýdyrmasy Akşuňkaryň hoşuna geldi. Göwnündäkisi diliniň senasyna öwrüldi: «Şemal hiç kime garaşly däl, ol erkin!».
Ol gündogaryna garady. Gözýetim parlap açylan gülälek kimin elwan öwüsýärdi. Bu ajap görnüşe ol joşa gelip, suhangöýlük kyldy: «Basym Gün dogar. Ol her bir zada öz tyllaýy nurundan ülüş paý berer. Ähli zat häzirkisinden has zyba keşbe girer. Ösümlikler parç bolup, boý alarlar. Agaçlar pyntyk ýaryp, ýaprak çykaryşlaryna, «hä» diýmän, güle durarlar. Gaýalaryň gary pagyş-para eräp, messan basyp gelen Bahar bar barlygy jenneti gujagynda ýaýnadar. Gün hemmä gerekli!».
Akşuňkar ganatlaryny göwresine jebis gysyp, sapandan sypan daşa meňzäp, şuwlap aşak gaýtdy. Onuň ertirlik edinmek wagty bolupdy. Ol deräniň üstünden uçup barşyna, hol öňde iki sany alakanyň hininiň daşyna çykyp, öňki aýaklaryny döşlerine tutup, yzky iki aýaklarynyň üstüne galyşlaryna, güneşläp durandyklaryny gördi. Olaryň biri jynssyz sesi bilen «jyk-jyk» edip gygyrdy-da, hinine kürsäp urdy. Beýlekisi hem ondan kem galmady. Alakalaryň bolşy Akşuňkary kejikdirdi: «Ýuka beýniler özleriniň şuňkaryň awy däldiklerini bilmeýän borly». Ol uzak uçmaly bolmady. Sesýetim öňden boz towşan güýjünde baryny edip ylgap barýardy. Ony gören Akşuňkaryň gözleri bulutdan çykan Gün kimin ýiteldi. Ganat kakyşy gylawlandy. Keýpi göterilişine, dillenenini hem duýman galdy: «Ine, bu şuňkaryň awy!». Aralyk barha ýygralmak bilen. Arkasyndan penjäni uraga-da, asmana göterilmäge az mütdet galan pursadynda towşan özüni bir gapdala oklady. Ol topbak tutup, ösüp oturan syzalygyň ortarasyna gütläp düşdi. Kesesinden synlasaň syzalar boz towşany görer gözden gizleýärdiler. Ýokardan seretseň welin, ol aýada ýaly köre hasady. Bu ahwala Akşuňkaryň giňden ýazylan penjeleri bada ýumuldy. Ol towşanyň üstünden şuwlap uçup geçişine, adam boýy ýokary galdy-da, yzyna dönüp, awuny synlady. Towşanyň şol busup oturyşy, gorkusyndan zähresi ýarylan ýaly onda hiç hili gymyldy duýlanok. Bir ýerden hüwi peýda bolup, Akşuňkara habar gatdy: «Agzyňa gelen rysgalyňy neçün awlamadyň? Awuň şowlamazlygy oňatlyga ýorulmaýar. Onuň indikileriňe nogsany ýeter. Şindi hem giç däl. Ol butnaman dur». Jogap şeýle boldy. «Gep hem şonuň gymyldaman durşunda. Şuňkarlar awuny uçuryp hem gaçyryp awlaýarlar. Duran jandara degmek biziň üçin mekruwdyr». «Size haram bolsa-da, bize halaldyr» diýip, göwün ýüwürden hüwi, towşan taýa seredende özüniň ät galandygyny duýup galdy. Eýýam boz towşan bir ýere-hä gürüm-jürüm bolupdyr.

* * *

Höwürtgesiniň agzynda oturyp, töwerek-daşyny synlamak Akşuňkaryň halaýan pişeleriniň biri. Gögüň ýüzünden bulutlaryň kowçum-kowçum bolup kerwen gurap baryşlary täsin tomaşa. Olaryň arasynda dagyň çür başyna bagryny oýkap geçýänleri-de bar. Goňşy gaýalardaky garlaryň gün-günden ýuwkalyp eräp barşy, agaçlaryň dag şemalyna başlaryny yraýyşlary, serçedir garajokjokylaryň topuny bozman, bir görseň, bir agaja, ýene bir baksaň, özge birine gonup alawagyrdy boluşlary, keýikleriň tokarlaryny yzyna tirkäp, kemerlerde otlap ýörüşleri, käkilikleriň suwa inişleri, arylaryň wyzzyldaşyp, özge mör-möjekleriň çar tarapa ganat açyşlary, çeşme-çaýlaryň zymdyrylyp akyşlary tebigata aýratyn ýaraşyk berýär. Ähli zat hereketde. Bu durmuşyň dowam edýänliginden nyşan.
Ho-ol aşakdaky bol suwly çaý Akşuňkaryň gözüne kiçijik ýapdan enaýy görnenok. Ýanyna baryp seretseň welin, ol giň hanaly, uly akaba. Kenaryna suwuny syçradyp, ýüreginiň çuňundan atylyp çykýan aýdymy bilen töweregi şowhuna gaplap, akyp dur. Çaýyň dyzmaç hereketinden onuň teşneleri derhal gandyrmak üçin howlugýandygyny aňlamak bolýar.
Diňe ululy-kiçili daşlar jadylanan ýaly doňşup durlar. Ýöne şolaryň hem öz ýerinde zynat kemi ýok. Eger-de şol daşlar bolmadyk bolsadylar, dag häzirkisi ýaly haýbatly, owadan görünmezdi.
Akşuňkar ýaýylyp ýatan şu jülgä näçe bakdygyça, ol onuň gözelligine şonça-da teşne. Nädip şeýle bolmasyn?! Bu ýerler onuň mesgeni ahyryn.
Ýurduňy jan-dilden söýeniň seniň şindi, sözüň doly manysynda, hakyky perzentdigiňi aňlatmaýar. Oňa elden geldik haýyr işleriňi gaýgyrmazlyk parzyň bolup durýar.
Akşuňkar «gy-y-yk» edip batly gygyrdy-da, özüni aşak oklady. Tizden hem ganatlaryny ýaýdy. Gaýyp uçuşyna, giň jülgäni nazaryndan geçirmäge başlady. Jülge ýaýrawly hem uzyndy. Bolanda näme?! Guşlaryň şasy bu görkana hem sapaly mekany aýlanyp çykmakdan asla armaýar. Gaýta, şeýle seýilden lezzet alýar.
Ine-de, ol aşak şuwlap gaýtdy. Ony beýle aýgytly hereket etmäge iteren zat nämekä? Günortadan daglaryň başyna ganatlaryny degräýjek bolşup, bir süri gaz jülgä indi. Olar alys ýoly sökene meňzeýär. Ganat kakyşlary haýal, ýadawlykdan ýaňa zordan galgaýar. Akşuňkar özüne gerekli belentlikde ganatlaryny ýaýdy. Howada uzak gaýyp uçmady. Gysgadan, batly «gy-y-yk» edip gygyrdy-da, ur-tut ýüzüni gazlara baka öwürdi. Onuň sesi daglara düşüp, ýaňlanyp gitdi. Olary nazarlap, alňasak ganat kakýan diňe Akşuňkar däl eken. Gaýra tarapdan bir gyrgynyň sary ýaýyň peýkamyna meňzäp atylyp gelşi elheder alarlykly. Onuň nyşanasy gazlardan başga zat däl. Gyrgynyň matlaby guşlaryň şasyna aýan. Akşuňkar özüne zor salmasa, gijä galjakdygyny duýany üçin-de ganat kakyşyny batlandyrdy. Onuň beýle gyssanan ýeri ýok, şeýle tizlik bilen uçuşy-da ilkinji gezekdi. Abanýan howpy gazlar hem aňladylar. Süriniň başyny çekip gelýän serdar gazyň howsalaly sesi batly ýaňlandy: «Gark, gark!». Gazlar topuny bozman, pese inip başladylar. Iň soňky güýçlerini jemläp ganat kakyşlaryna, howlukmaçlyklary özleri bilen. Akşuňkar jaý wagtynda ýetişdi. Göz ýumup-açasy salym gijä galanlygynda şuwlap gelýän gyrgy ýüzugra, aman-zamanyny bermän, öňbaşçy gazy penjesine gysagada, asmana göteriljekdi. Ýolunyň kesilmegi gyrgyny gahar atyna atardy. Gazapdan ýaňa ýarylaýjak boldy. Şunça ýeser öwrüm edip ýetişmänliginde onuň heläkçilige uçrajagy bellidi. Şuňkar emelini etdi. Ol gyrgynyň garşysynda böwet bolşuna, penjelerini giňden ýazyp, öňe tutdy. Uzyndan, ýiti dyrnaklarynyň hersi jan algyçdy. Batly gelşine şolara urlan halatynda gyrgynyň jany bada jähenneme ýollanjakdy. Ol howpdan aman sowuldy. Ýöne gyrgy niýetinden el çekerli däldi. Akşuňkaryň gyrgynyň garşysynda duýdansyz peýda bolmagy tötänlikden bolaýmasyn? Şu pikiri aňynda aýlan gyrgy awuna başga ugurdan hüjüme geçdi. Ol haýsy ýandan okdurylsa-da, alnynda Akşuňkary gördi. Jany näçe ýansa-da, gyrgy guşlaryň şasy bilen garpyşmaga het edip bilmedi. Ol janagyryly gygyrdy:
— Bu nätdigiň boldy, Akşuňkar?
— Maňa seň niýetiň mälim.
— Hawa, meň nyşanam öňbaşçy gaz.
— Süriniň ortasyndaky ýarawsyz gazy görmediňmi? Awuň şol bolmaly dälmi seň?
— Ony seljermäge islegim-de, takatym-da ýok. Gözümi ukudan açalym bäri ýeke dogramça eti çokup görmesem näme?! Açlykdan ýaňa içegelerim «eljuk» diýşip seslenýärler.
— Her niçik ýagdaý bolanda-da, seniň dessurdan çykmaga hakyň ýok. Şu jülgäni mesgen tutunjak bolsaň, şu ýeriň ýörelgesine eýermeli borsuň. Ötegçi bolsaň-da, ýoluňdan galma!

* * *

Jülgäniň aşak etegi giň çägi tutup ýatan meýdandy. Häzir ol ýere ýaşyl palas düşelen ýaly. Meýdanda çekene dowarlar başlaryny galdyrman otlaşyp ýörler. Mallaryň eýeleri sakgally ýaşuly hem-de dört sany ýaş oglan özara gürleşip otyrlar. Ine, birdenem ýaşuly gürrüňine dyngy berdi-de, depesine garady. Onuň begençli sesi töwerege çaw berdi.
— Serediň, inerçeler, Akşuňkar uçup barýar. Ýüzüňize sylyň ony! Enşalla, görjegiňiz gowulyk bolar!
Şol pursat kakasynyň aýdan şu sözleri Akşuňkaryň güpbe ýadyna düşdi: «Peýda bolan ýeriňde şady-horramlyk höküm sürer. Saňa nazaryň düşmegi ýagşylyga ýorular».
Ol has pessaýlap, özüne seredişip, gol bulaýan oglanlaryň üstünden haýaljak ganat kakyp, öwrüm edesi geldi. Hatda şolaryň ýakynyna gonup, az-kem dynç almagy küýüne-de getirdi. Şonda oglanlar Akşuňkary ine-gana synlap, keýpden çykyp biljekdiler. «Şa nesline salyhatlylyk, agraslylyk mahsus bolmalydyr» diýen pikire eýerip, ol bu hyýalyndan el çekdi, uçuşyny öňki hörpünde dowam etdi.
Alysdaky zatlary aýdyň saýgarmak üçin has belende galmagyň wajyp. Pesde durup, diňe taýakatym öňüňdäkileri aýdyň seljerip bolýar. Akşuňkaryň uzaklary nazarlasy geldi. Akşuňkar gögüne garap, asman sary ganat kakmasyny tizleşdirdi. Haçan-da, ol göwün islän menziline ýetip, günbatara bakanynda, alysda ak guwdan gaçan pere meňzäp, bir guşuň gaýyp ýörenligini gördi. Bar ünsi şonda jemlenip, ýüregi şol taýa atygsady. Ony şu çaka çenli duçar bolmadyk tolgunma gurşap aldy. Guşlaryň şasynyň kalbyna şatlyk çaýylyp, gaýraty gylawlandy. Göwnüne bolmasa, ol uçanokdy-da, şol ak guş keremden paýly güýç bilen Akşuňkary özüne dartýan ýalydy. Ine-de, ol niýet edinen menziline-de ýetdi. Görmek isleýän zadyny synçy nazaryndan geçirdi. Guwuň ak peri saýany boz şuňkar bolsa nätjek. Özem mäkiýan. Göreninden kökerilip galaýdy şoňa. Dem salym hem ondan ünsüni sowanok. Synyň oturmazça hem däl. Mäkiýan şuňkaryň başyndaky iki sany inçeden ösgün ýelegi täje meňzäp, ýeliň ugruna ykjaýar. Özüniň bahasyny bilýän bolarly. Başyny dik tutuşyna, daş-töwerege buýsanç bilen bakýar. Gözleri adaty däldi-de, göreçlerinden dogum uçgunlary syçraýar. Akşuňkar şol gözlere hyrydar bakanynda, Günüň ýylysy kimin mähri hem aňlady. Bu ahwal ony ekezlendirdi. «Gyk» edip seslendi. Ol batly gygyrmak isläpdi. Ýöne näme üçin onuň sesi basyk çykdy. Tolgunmakdan hem aljyramakdan ýaňa şeýle bolan bolmagam ahmal. Her niçik ýagdaý ýüze çykanda hem, ol özüni rahat saklamagy başarýardy ahyryn. Bu gezek näme üçin Akşuňkar erkini jylawlamakdan ejizkä? Ony şeýle hala salanyň mäkiýan şuňkardygy belli. Ýöne oňa bu nädip başardýarka? Belki, ol adaty guş däl-de, gudratdan paýly bir zat bolaýmasyn? Aslyýetinde, hiç zat ýok bolup, ol Akşuňkaryň gözüne görünýän bolsa bildiňmi? Bolmajak zat däl-ä. Az salym tagapyl etse, onuň Günüň nuruna eräp gidýän duman kimin howada sumat bolmagy-da mümkin. Aý, ýok, ol gaýyp gitjege meňzänok. Indi ganatlaryny haýaljakdan kakyp, özüni güjeňleýäne çalym edýär. Akşuňkar gaýtadan güýç alyp, bogazyna zor salmagy ýüregine hem düwdi. Ýöne beýle amaly bitirmegi edepsizlik bildi. Umydygärlik bilen, habar gatmagyna jogap gaýtarylmagyna garaşdy. Emma mäkiýan şuňkar dymmak bilen, bir görseň ýanyn uçup, bir-de duran ýerinde birnäçe ýola aşyr atyp, biri-birisinden owadan uçuş tilsimlerini amal edýärdi. Onuň hereketleri sazlaşykly hem çalasyndy.
Akşuňkar hem özüniň nämä ukyplydygyny görkezmäge pursadyň gelendigine düşündi. Ol ganatlaryny batly kakyşyna, mäkiýan şuňkaryň üstünden uçup geçdi-de, şol bady bilen hem dik ýokaryk galdy. Kän uzaklaşman, aşaklygyna şaglap gaýtdy. Gaýdyşyn ol mäkiýan şuňkaryň astyndan ok kimin atylyp geçişine, bir baksaň onuň öňünden, ýene bir seretseň, yz tarapyndan öwrüm berip, şol tizlikde özüniň deňagramlylygyny saklap bilýändigini hem görkezdi. Beýle amal goşa ganatlylaryň özgeleri baýaky, laçynyň nesillerine-de aňsat başartmaýardy. Munuň üçin aýratyn ukyp gerekdi. Ol bolsa irginsiz türgenleşikler arkaly gazanylýardy. Şeýle uçuşda ganatlaryňy deň ýagdaýda saklamak zerurdy. Eger-de olaryň biri sähel ýokaryk galsa, şol tarapa pyrlanyp gidýärdiň. Şunuň ýaly hala düşmegiň seniň emelsizligiňden habar berýärdi. Onuň aşyr atmasy hem üýtgeşik boldy. Ol her sapar aşyr atanda, mäkiýan şuňkaryň daşyndan bir ýola pyrlanýardy. Her aýlaw edeninde mäkiýan şuňkara ýakyn durmaga jan çekýärdi. Ol Akşuňkaryň hereketlerine hüşgär garap, ony özüne golaý getirmezlik üçin penjelerini giňden açyp, dyrnaklaryny öňe tutýardy.
Guşlaryň şasy gysga seslendi. Ol ara dem salyp, öňki hörpünde ýene-de gygyrdy. «Gy-y-yk!» Oňa jogap beren bolmady. Akşuňkar üçünji sapar gygyrdy. Mäkiýan şuňkar kän garaşdyrman, oňa sesini goşdy. «Gy-y-yk!» Akşuňkaryň gulagyna ol owaz şirin aýdymdan, mugjyzaly mukamdan labyzly eşidildi. Ol mäkiýan şuňkara söýünç bilen bakanynda, onuň özüne gezelip duran penjelerini görmedi.
Akşuňkar hem mäkiýan şuňkar eginlerini deňläp, bir öňe, bir-de ýokaryk uçdular, aşak şuwlap gaýtdylar, aşyr atyşdylar. Hemme zat Akşuňkaryň isleýşiçe şowly barýardy. Nireden uçup gelendigi belli däl, bir ýerden çal sypat şuňkar peýda boldy. Ol Akşuňkardyr mäkiýan şuňkaryň oýunlaryna goşulmakçy boldy. Has takygy, özüniň nämä ukyplydygyny mäkiýan şuňkara görkezmek isledi. Ýöne onuň küýsegi göwnünde galdy. Nämäň nämedigine düşünen Akşuňkar oňa hüjüm etdi. Çal şuňkar hem ondan kem galar ýaly däl. Hüjümi jogapsyz goýmady. Ýazylan penjeler bir-birege zoruny görkezip başladylar. Näçe çytraşsalar-da, bu ýagdaýda olaryň rüstem çykany bolmady. Garşydaşyňy amana getirmek üçin onuň goragsyz ýerinden zarba urmalydy. Bu ýagdaýda çalasynlyk esasy güýçdi. Ol bolsa Akşuňkaryň tarapynda bolup çykdy. Ol yza çekilen ýaly etdi-de, batly ýokaryk galşyna, çal şuňkaryň ýeňsesine aýlandy. Munuň özi şeýle bir çalt bolup geçdi welin, garşydaşy aňňalak gapyp galaýdy. Ol yzyna geregiçe tizlik bilen öwrülip ýetişmedi. Akşuňkaryň hüjümi hem gyltyzrak boldy gerek, çal şuňkaryň birnäçe perleri dumly-duşa pytrap gitse-de, özi aman galdy. Belki, Akşuňkar garşydaşyna ýagdaýy duýdurmak üçin şeýle edendir. Beýle tilsime garaşmadyk çal şuňkar ýöwselledi. «Assa gaçan namart» diýlenine eýerip, haýdan-haý, garasyny saýlamak bilen boldy. Öz çakyňy bilmegem, akyllylykdan nyşan.
Şol günden başlap, mäkiýan şuňkar Akşuňkaryň höwrütgesinde mesgen tutundy.

* * *

Gün dogýar. Ol äleme seýranyny soňlap, gözýetimiň aňyrsynda batýar. Günbatarda ýaşan Gün şol günüň ertesi ýene-de säher bilen dogýar. Şeýdip pelek günleri öz çarhyna sarap gidip otyr. Emma geçýän günler bir-birinden parhlanýarlar. Akşuňkaryň düýnki uçran wakasy muňa aýdyň mysal. Ol baýyrlaryň üstünden uçup barýardy. Wagt günortana sapypdy. Dagda ýazyň joş urýanlygy sebäpli baýyrlaryň oty dyza ýeteňkirläpdi. Çopantelpegiň parlap açylan gülleri ýaşyl begrese gaýalan ak gaýma meňzeýärdi. Parç bolup gögeren, ter otlardan garnyny gözäp, suwdan ganan dowar sürüsi Günüň ýylysyna meýmireşip ýatyrdy. Dik gaýadan inýän şaglawugyň sesi eşidilýär diýäýmeseň, töweregiň ümsümligini başga bozýan zat ýokdy, imisalalykdy. Bu görer göze şeýle ekeni. Akşuňkaryň synçy nazary giň meýdanda ýaýraw tapan süriniň demirgazyk çetindäki garma-gürmeligi bada aňlady. Ol şol ýere atyldy. Gören pajygasyna gany depesine urdy. Gaharyna bäs gelmän, batly gygyrdy. Çal möjek sürä aralaşypdyr. Möjek bir goýnuň guýrugyny parçalany bilen hem oňman, etine çykan toklynyň bogazyndan agyz salmaga häzirlenýärdi. Guşlaryň şasy aman-zamanyny bermän, penjeleri bilen batly urşuna, möjegiň ýamzyndan dyrnaklaryny geçirdi. Beýle urga garaşmadyk çal böri, awundan ellibizar, janagyryly gapdala towsup düşdi. Özüne hüjüm edeni tananyndan soň, guýrugynyň üstünde lampa oturyşyna, dişlerini syrtardy. Gahardan ýaňa gyýaklary şarkyldap seslendiler. Gurduň agzyndan ýalyn öwüsdi:
— Git ýoluňa!
Akşuňkar gazaply gygyrdy:
— Naýynsap!
— Janyňa haýpyň gelsin. Meňki getirdi şumat.
— Sürini paýhynlamak aw däl, talaňçylyk!
— Bir çeýnem etiň diýip, şunça oljadan el üzesim gelenok! Gümüňi çek, şindem bir pille!
Möjek düýrüldi-de, garşysynda pelpelläp duran Akşuňkaryň üstüne topuldy. Eýle-beýle aýgyda el berjekmi Akşuňkar. Ýokaryk galşyna, möjegiň ýeňsesine aýlanyşdy. Boýnunyň çykan ýerinden urlan penjeleriň zarbyna tasdanam böri ýylçyr daşlary bagyrtlapdy. Entirekläp gitse-de, dört aýagynyň üstünde durmaga gurp tapdy. Ýiti dyrnaklaryň yzasy ýüregine düşen möjek janhowluna öňki sag aýagy bilen awuşaýan ýerini penjeledi. Şeýtmek bilen ol guşlaryň şasyny girisine salaryn öýtdi. Möjek aýagyny götereninden, Akşuňkar eýýäm onuň adam boýy ýokarysynda ganat kakýardy. Ine-de, ol çal böriniň daşyndan aýlanyp başlady. Diňe aýlanyp hem oňman, perwaz urşuna, möjegiň böwri diýmän, budy, arkasy diýmän, depgi yzyna depgi geçirýärdi. Her zarbada Akşuňkaryň dyrnaklary böriniň tenine temen bolup sanjylýardy. Urgulardan gutulmak üçin möjek Akşuňkara tarap öwrülip, gaýtawul bermeli bolýardy. Guşlaryň şasy uçuşyny çaltlandyrdy. Beýle hala tap getirip bilmedik böriniň başy aýlanyp, tizden hem bir gapdalyna gürpüldäp gaýtdy. Ýykylmak möjek üçin ölüm bilen des-deňdi. Aňrujy içiňde janyň bar bolsa, dört aýagyň üstüne galmalydy. Bu möjek kowumy üçin ýazylmadyk kanundy. Ol özüne zor salyp, dessine galdy. Başynyň aýlanmasy doly aýrylmandy. Gözleriniň öňünde sansyz-sajaksyz uçgunlar gaýmalaşýardy. Onuň beýle hala düşüşi ilkinji gezekdi. Rejäniň geň däldigini aňlan möjek, janyny gutarmakdan ötri, başlary naýzanyň ujy deý çürelip gidýän gaýalara tarap, ýazzyny berdi. Akşuňkar ganatyny iki gezek kakanynda, möjegiň yzyndan ýetdi. Onuň kellesine gonup, ganatlary bilen möjegiň gözlerini perdeledi. Çal böri näderini bilmedi. Ýap-ýaňyja-da nurana jahan birden tümlüge gaplandy. Möjek ýaňadandan aýagyna zor saldy. Her ýerden bir towsup barşyna bakyň-a. Soňky gezek özüni öňe zyňanynda, wagty bilen onuň penjeleri ýere galtaşmady. Akşuňkar çasly gygyrdy-da, göge göterildi. Çal möjek şol halat özüniň çuň zawyň içine güwläp gaýdanyny aňşyrdy. Onuň iň soňky eşiden jümlesi şu boldy:
— Päliň ýoldaşyň!

* * *

Akşuňkaryň ir ertirden günüň-gününde höwürtgesinden zymdyrylyp çykyşyna, al-asmana göterilip, howada okkesdirme geçmegi, özge uçuşlary amala aşyrmagy diňe ganatlaryny ýazmak üçin hem däldi. Ol şeýle uçuşlar arkaly howada öwrüm etmäge, aşyr atmaga, batly uçup barýarka haýaljakdan öwrülmäge, dik başaşak şuwlap gaýdanynda göwresine erk etmäge, ýetdim-ýetdim diýeninde, ýeser hereket edip, şol bady bilen ýeri gyratlap uçmaga türgenleşýärdi. Bu gün hem gerekli belentligine galyp, türgenleşige başlany hem şoldy, guşlaryň şasynyň tötänden, ho-ol aşakda — düz meýdandan ýaş bedewiň sazlaşykly toýnak kakyşyna, ýoluň tanapyny külterläp barýandygyna nazary kaklyşdy. Kellesine şeýle pikir geldi: «O-da, meň ýaly türgenleşik geçýär öýdýän?» Ýalňyz bolsa-da, özüni ula goýberilen däldirin öýdenok. Güýjünde baryny aýaman çapýar. Akşuňkarda bedewiň ýyldamlygyny ýakyndan synlamak, onuň bilen söz alyşmak höwesi döredi. Ol aşak şuwlap gaýdyşyna, çapyp barýan atdan ozup geçdi-de, esli öňe gidip, yzyna öwrüm etdi. Bedew ylla diýersiň, jylawy zarply çekilen dek badyny haýallatdy. Tizden hem sakga daýandy. Garşysynda pelpelleýän Akşuňkara haýran galmak bilen seretdi.
— Sen-ä menden hem çalt çapýan ekeniň.
— Men çapamok uçýan, ynha, şü ganatlarym bilen.
— Arman, olar mende ýok-da.
— Ganata derek dört aýagyň bar-a. Yhlas etseň, şol aýaklaryň bilen ganatlylardan hem ýüwrük çykarsyň. Maksadyňa ýetmek üçin özüňe ynanmaly. Basa türgenleşmeli. Alnyňdan niçik synag çyksa-da, ikirjiňlenmän, lapykeçlige ýol bermän, «Men başararyn!» diýmeli. Ol söz dil ujundan däl-de, ýüregiň çuňundan joşup çykmaly!
— Men, men...
— Hökman başararsyň. Sebäbi sen
Şabaz bedewleriň neslinden. Olar bolsa, dört aýaklylaň şasy hasaplanýar.
— Meň şolardandygymy näbilýäň?
— Syn-sypatyň aýdyp dur: dişleriň akdan berk hem inçe, aşaky dodagyň salpy, burnuň dik, giň hem uzyn, maňlaýyň meýdanly, dik gulaklaryň arasy açyk, boýnuň egriden inçe, topuklaryň ýasy, ýalyň uzyn, döşüň giň, guýrugyň gür hem uzyn, gözleriň, kirpikleriň gara, biliň syk, sagryň ýaýrawly..., aý, garaz, sanasaň kän-de, haýsy birini aýdaýyn. Reňkiň-de hurmaýyndan dor. Bu keşpler seň şa neslindendigiňden nyşandyr.
Şindi sen ýaş, görjegiň öňüňde. Saňa ajap geljek garaşýar!
Göwni göterilen bedew çarpaýa galşyna, batly kişňedi-de, beýik daglary nazarlap ýüzin saldy.

* * *

Akşuňkaryň göwnüne bolmasa günler çalt geçýäne meňzeýär. Mäkiýan şuňkaryň iki sany ýumurtga taşlany ýaňy ýalydy. Dogry, ene guşuň näçe gün kürk bolup oturany ýadyna düşenok, Akşuňkar bir gün giçlik höwürtgesine dolanan çagy ýumurtgalara derek iki sany etene jüýjä gözi düşdi. Olar agyzlaryny giňden açyp, aldygyna «jüýbüldeşýärdiler». Akşuňkar olary göreninden, onuň ýüregi jigläp gitdi. Wagty bilen balaja jüýjejiklerinden nazaryny sowasy gelmedi. Kalbynyň çuňundan bir duýgy gaýnap çykdy-da, on iki süňňüne süýjülik bilen ýaýrap gitdi. Ol atalyk mähridi. Indi ol özüni öňkülerinden üýtgeşik duýýar. Paýhasy artyp, güýjüne güýç goşulana döndi. Beýle üýtgeşigi diňe özünde däl, töwerek-daşyndaky zatlarda hem gördi. Uçut gaýalar-da, daragtlar-da, çeşme-çaýlar-da, baýyrdyr ýapylar-da öňkülerinden owadan keşbe girdiler. Hatda gara daşlar näme, Akşuňkar ýüreginiň joşgunyna bäs getirip bilmän, şol harsaňlary-da bagryna basasy gelip dur.
Jüýjeler gün geçdigiçe ers-mers bolşup barýarlar. Özleri hem näçe iýdikleriçe, sesleri şonça çasly çykýar. Akşuňkar olary iýmitlendirmegi özüne alada bilmeýär. Ýöne ýere salşykly dünýä diýilmeýär. Gezeginde Akşuňkaryň özüni hem ata-enesi şeýdip ese-boýa galdyrdylar ahbetin. Çülpeleri üçin ol janyny orta goýmaga-da taýyn. Olar Akşuňkaryň dowamatlary. Uçurym bolsunlar bakaly, kakasynyň pentlerini olaryň gursaklaryna guýar. Ýok, ol diňe kakasydyr ejesiniň aýdanlaryny sözläp oňmaz, durmuşda toplan tejribelerini hem nesilleriniň hakydasyna nepis gaýma döndürip keşdelär. Dowamatlar özünden öňki nesliň ýetip bilmedik menziline ýetmegi, gazanyp bilmedik zatlaryny gola salmagy başarmaly. Diňe şeýle ýagdaýda kämillik atly gyzyldan halka el ýetirip bolar.
Akşuňkar jüýjeleriniň çasly çykýan sesinden awa gitmeli wagtynyň bolandygyny aňlady. Höwürtgesiniň agzyna gelip, töwerege nazar salan mahaly garşysyndaky beýik daglaryň başynda bulutlaryň toplanýandygyna dykgat etdi. Şeýle bolanda, ara kän salym salman, şuwwuldysy bilen gulagyňy gapara getirýän ýeliň turýandygyny guşlaryň şasy telim ýola göz ýetiripdi.
Harasat mahaly her jandar buljum ýer tapyp, çapgyn ýel köşeşýänçä, garasyny görkezenok.
Harasat Akşuňkary awuny penjesine gysyp, yzyna dolanyp gelýärkä garşylady. Ýeliň ary köýen ýaly, ýerden göge sowrulyşyna, şarta döwlen agaç şahalaryny, syzadyr ýowşan düýplerini holtumyna dolap alyp, allowarradan çykarýardy. Akşuňkary ýel bir-de ýokaryk zyňyp goýberse, bir-de dazyrdadyp aşak inderýärdi. Şu halda göwräňe erk edip, deňagramlylygyňy saklamak ýeňil-ýelpaý däldi. Ýel käte güýjäp, käte-de gowşaýardy, Akşuňkar şoňa göräräk hereket edýärdi. Ol ýel gazabyna tutanda, ganatlaryny göwresine jebis gysýardy, köşeşip ugranda bolsa ýene-de ganat kakmasyny dowam edýärdi. Beýle halda ýol öndürmek hyllalla. Iň erbedi-de, bar
güýjüňi sarp edip, ganatyňy galgatmasaň, ýel bady bilen top togalan görnüşde yza tesdirýärdi. Akşuňkar gaýalary penalap uçup başlady. Ýöne bu tär hem howply bolup çykdy. Gapdaldan tüweleýläp ösen ýel ony ýaşajyk arça agajyna bulap urdy. Bolsa-da onuň degen ýeri ýumşak pürler boldy. Ol alaň-açyklyk ýeri peýläp, uçup başlady. Guşlaryň şasy kuwwatynyň barha peselýändigini duýdy. Serine şeýle hyýallar gelip geçdi: «Bir amatly ýer tapyp, harasat ýatýança garaşaýsammykam? Ol bolmaz. Ýel haçan kiparlajak? Belkem, ertire çenli bu köşeşmez. Maňa garaşýarlar. Men maksat tutundym. Şoňa-da hökman ýetäýmeli!» Balaja çagalary göz öňüne geldi. Olaryň naşyja sesleri gulaklarynda ýaňlanyp gitdi. Ana, mäkiýan şuňkar onuň ýoluna didelerini dikip otyr. Onuň ýüregindäki alada, howsala şol umydygär gözlerde jemlenipdir. Akşuňkaryň güýjüne güýç goşulana döndi. Özüni rüstem saýdy. Ganat kakyşy tizleşdi. Ol höwürtgesine sag-aman geleninde endam-janynyň syrkyrap durandygyny aňlady. Bar güýjüni jemläp, gygyryp goýberdi. Guşlaryň şasynyň sesi basyk çyksa-da, sözleri düşnüklidi:
— Men başardym!

* * *

Bu säheriň şeýlekin tämizdigini. Bar zat terlikden paý alana çalymdaş. Gök otluk meýdanda dal bedew aga-ýana agynaýar. Onuň mübärek ýüzüni otlaryň boýnuna monjuk bolup düzülen dür damjalar ýuwýar. Gögüne bakanda ol howada gaýyp ýören Akşuňkary gördi. Bedew tarsa dört aýagynyň üstüne galdy. Şatlygy ýüregine sygman, çarpaýa galşyna, sesinde baryny edip kişňäp goýberdi. Akşuňkar onuň owazyndan: «Men başararyn! Başararyn!» diýen manyny aňlady. Guşlaryň şasynyň dili däl, ýüregi şeýdalyk kyldy: «Dal bedew bu mekana, gör, nähili ýaraşyk berýär!».
Bedew öňe çapyp başlady. Onuň sazlaşykly toýnak kakyşyna göz iler ýaly däldi. Dal bedewiň ýüpek ýalyny ýellere daradyp, gül-gunçalary aralap barşy şindi aýdylmadyk Aýdymdy! Bedewiň alny gündogara tarap. Gün heniz dogmandy. Gözýetime çaýylan elwan şapak tyllaýy Kuýaşyň tizara jümle-jahana dirilik nuruny sahylyk bilen saçjakdygyny söýünjileýärdi.
Akşuňkar asmana göterildi. Günüň altyn çyrazlary onuň synasyna täsin öwüşgin çaýdy. Ak kamatyna tyllaýy boýagyň gelşik bermegi ony has-da çyraýly görkezýärdi. Şu duruşda guşlaryň şasy daş-töweregine gözellik paýlaýana çalym edýärdi. Onuň ruhy belentdi, özüni bagtyýar duýýardy, gözlerinden dogum uçgunlary syçraýardy.
Häzir Akşuňkary görmäge göz gerekdi!

Döwletmyrat NURYÝEW.




Категория: Hekaýalar | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Döwletmyrat Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýagşyzadanyñ bagy / hekaýa - 03.06.2021
Зверь дяди Бельома / рассказ - 31.05.2021
Boldy bir başagaýlyk / hekaýa - 09.01.2021
Halallyk ýoly / hekaýa - 06.01.2021
Маленькая комната / продолжение - 25.06.2021
Emläk ezeli / hekaýalar toplumy - Diwan - 26.05.2021
Hem ýakyn hem ýat - 19.01.2021
Отец / рассказ - 29.04.2021
Вечернее замужество Греты Гансель / Быль - 26.06.2021
Пьеро / новелла - 23.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]