01:53
Guş bolup gözden uçan
GUŞ BOLUP GÖZDEN UÇAN

"Guş öler, Sen onuñ uçuşyny ýatla"... " Bu dünýä söýmek üçin juda gysga, käşgä kepderi bolsadym..."

Bu jümleler 1935-nji ýylyñ 5-nji ýanwarynda Tähranda dünýa inen şahyr, ýazyjy, görnükli rejissýor, suratkeş zenan Fürug Ferrugzadyñ sözleri.
Ryza Şanyñ goşunynyñ esgeri, polkownik Muhammet Ferrugzadyñ gyzy Fürug Ferrugzad maşgalada özünden başga iki gyz, dört erkek dogany bilen birlikde önüp-ösýär,. Kakasy olary harbylaryñ ýyly, ýumşak odeýalna dolap apalap saklanlygyna garamazdan, esger durmuşynyñ ýowuz şertlerine uýgunlaşdyryp terbiýemäge çalyşýar.
Ejesi Turan Weziri Tebar däp-dessura yhlasly, arassa zenan bolany sebäpli Fürug ejesini: "Dünýäde erbetleriñ bardygyny bilmäge-de ukypsyz zenan " diýip suratlandyrýar.
Fürug Ferrugzad öte duýgurlygy bilen entek has kiçi ýaşlaryndaka-da töwereginde bolup geçýän, ünsden düşürilen ownuk zatlaram ony biparh goýmaýardy. Öýlerinde kakasynyñ uly kitaphanasy bardy. Fürugyñ bütin çagalygy atasynyñ aýdyp berýän hekaýalarynyñ, ertekileriniñ, kakasynyñ kitaplarynyñ täsirinde geçipdi.. Orta mekdebiñ ýedinji synp okuwçysy mahaly Perwiz Şapura aşyk bolan Fürug Ferrugzadyñ özünden on bäş ýaş uly Perwiz bilen durmuş gurmagyna ýakynlarynyñ garşylyklaryna garşylyklaýyn özüne "açlyk yglan" edensoñ, Fürugyñ Perwiz bilen nikalalaşma kararyna ene-atasy-da razylyk bermäge mejbur bolýarlar. Toýunda "dabaralara, şaý-seplere, däp-dessurlara, toý köýnegine" mätäç däldigini ykrar edip, durmuş ýoluna giren gelejekki şahyr zenanyñ Şapur bilen nikasyndan Kamýar atly ogul perzendi dünýa inýär.
Perwiz Şapur bilen durmuş meselelerinde ylalaşyp bilmedikleri sebäpli nikalaryny bozmaly bolansoñ, kanun boýunça Fürug ogluny görmeklikden mahrum edilýär.
Fürug "janymyñ jany" diýip ezizlän perzendinden tutuş ömrüni aýralykda geçirmeli boldy. Ömrüniň ahyryna cenli ogly Kamýaryñ küýseginde ýaşady, oña bolan armany bilenem ömrüni soñlady.
Ol Ýalñyz ogluna bolan ahmyryny, hasratyny goşgusynda şeýle beýan etdi:

Posa bolan güni iñ kiçi gimniñ
Ynsanyñ-ynsana,
Hossar öýleriniñ
Gapysyny içinden ýapmadyk güni
Gulp ýöne bir aýtgy bolar--
Ýürek ýaşar mynasybyn..
Ähli sözler söýgi bolup ýañlanan güni,
Hoşlaşmaklyk üçin söz derkar däldir
Goşgy üçin gözlemersiñ kapiýa-
Bar sözleriñ sazy ýaşaýyşyñ özüdir--
Hijranyñ heñinde pyşyrdamarsyñ,
Ejir çekmez, aýdym aýdar zybanlar.
Näziklige, gözellige beslenip
Mart aýynda eýjejik posa üçin
sen gelersiñ,
Geleniñde biz ýene
Iýimläris gögerçin..
Men şol güne garaşýan -
Belki-de meñ hiç bolmajak günüme...


Ol 1958-nji ýylda" Ýesir" atly ilkinji kitabyny okyjylar köpçüligine hödürleýär., şol ýylda-da kino önümçilik birjeşiginden Ybraýym Gülistana duşýar. Olar dokuz aýlap Ýewropada bile ýaşaýarlar, soñ Eýrana dolanýarlat. "Bir Ataş" atly ilkinji kinosyny surata düşüren Fürug iñ kämil eserlerini, şol ýyllarda döredip, "Gara öý" "Bir gazetiñ taýýarlanylyşy" "Suw we gyzgynlyk" filmlerini-de düşürýar .. Eýrandaky heýwere keseli bilen kesellänler hakynda Töwrizde "Gara öý" atly film surata düşürýän wagty. heýwere bilen kesellän çagalaryñ arasyndan Hüseýin Mansur atly çagany ogluna meñzedýar hem ony ene-arasynyñ razylygy bilen özüne ogullyk alýar. Şahyr şeýdip ogluna bolan ahmyryny egismek isleýär.
Füruğ 1967-nji ýylyň 13-nji fewralynda 32 ýaşynda biwagt aradan çykýar.

Onuñ ömür tanapyny biwagt üzen ölümi barada şeýle ýazylan:
"Howlukmaç studiýa tarap barýan eken. Ol çagalary we guşlary juda gowy görerdi.olara "kir-kimirsiz, tämizler" diýerdi. Şolaryñ ýolunda-da jan berdi.
Çagalaryñ mekdebe gatnaýan ulagyna urdurmajak bolup, ulagyñ roluny saga öwürdi.Emma ýetiişmedi, çagalaryñ awtoulagynyñ öñi Fürugyñ ulagynyñ gapysyny çyrpyp geçdi. Göräýmäge beýle agyr hadysa meñzänokdy, ýöne Fürug aljyraññylyga düşüp tormoza basdy, soñra ulagyñ roly sypyp, ýüzi ulaga bat bilen urulyp Fürugyñ burny çapyldy. Şol barmana ulagyñ gapysy açyldy.Fürug bilen ulagda bile gelýan studiýanyñ ýene bir işgäri atylyp ulagdan zyñyldylar.
awtoulagyndan atylyp düşen Fürugyñ boýny döwüldi we çagalary juda söýýän ajaýyp zenan, hadysanyñ bolan mahaly
çagalaryň gorkup, awtoulaga seredişip, penjiräni urýandyklaryny gören wagtynda olary köşeşdirmek üçin ýylgyran enaýy ýylgyryşy bilen dünýäden ötdi"


Onuñ çagalary Hüseýin bilen Kamýaryñ ykballary niçik bolduka diýseñiz:
Hüseýin Germaniada ýaşap, ejesiniñ goşgularyny nemes diline terjime etmek bilen Fürugyñ döredijiliginiñ Ýewropa ýaýramagy, tanalmagy üçin yhlas edip uly işler bitirdi.
Kamýar bolsa Eýranyñ seýilgählerinde baş gabyna hacan bir tümen atylarka diýip gitarada aýdym aýdyp sergezdanlyk çekip güzeranyny dolandyrýar.

Servan ALTUKANAT.

Terjime eden: Kalba Nur





Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 348 | Добавил: Nurdan | Теги: Fürug Ferruhzad | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
1
1 Aziza   [Материал]
Yenede terjimelerinize garaşýas.goşgy bolaýsa ondanam gowy

0
2 Nurdan   [Материал]
@Aziza, bolar, okaýanyñyza sagboluñ! Minnetdar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]