16:49
Gury deñiz
GURY DEŇIZ

Dünýäniň ýüregi döndi boşana,
Okalyp gutardy deňziň ykbaly.
Nije ýagşylyklar atyldy oňa
Tolkunlar Halyga ýetirer ýaly.

Deňziň özi kenaryna höwrügen
Ýa-da kenar suwa tarap omzapdyr.
Ähli duýgulary guma öwrülen
Ýüregi boş adamlara meňzäpdir.

Agyz ýarman ýagşy bilen ýamandan,
Haýyrly bulutlaň guýdy ençesi.
Şeýle bolýarmyka dünýä dymanda
Ýa derýanyň gysylanda penjesi?!

Hoşlaşanda iki ýürek säginip,
Üç-dört hünji ýaş akdyrdy gözlerden.
Çagajyk gül ekdi suwsuz çägine,
Belki-de yşk durmuşyny özgerder.

Gije aý şöhlesi gowşanok suwa
Hem-de ülker oň ýüzüne çykanok.
Ömrün baglap paşmajak boş arzuwa,
Çala umyt bilen guşlar bakanok.

Dünýä bir owurtda ýuwudan ýaly,
Öňde-soňda çekilmedik gaýgy ol.
Bent tutuldy, köýdi arassa päli,
Niýetine gum oklanan duýgy ol.

Synaňda ýüregiň soňky nokady
Eplem-eplem ak ýollaryn saraýyn.
Birje umyt bilen tolkunjak bolsa,
Bir bedre suw guýmaklyga ýaraýyn.

Zemin haýal barýar, gaçan deý eňki,
Mawy köýneginiň bir ýeňi ýoluk.
Nakgaş ele aldy goňralan reňki,
Gök asmanyň ýüzün tutup dur bulut…

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 389 | Добавил: Нawеran | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Göresim geldi / Goşgular - 29.05.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]