17:25
Gurt Ýakup / hekaýa
GURT ÝAKUP

Ine, dünýäniň ahyry geldi.
Näçe ömür berilse, adam şonça wagtlabam ýetişiksiz günde. Ýöne garaşman duran wagtyň bir ýerden myrtar kesel tapylýar: ol seniň işiň köplüginem, işiň galyp duranynam, köp-köp bähbitleriň ýele gitjekdiginem bilenok, biljegem bolanok, üstüňe hekgerip münýär-de, başyňy ýassykdan galdyrmajak bolup çyr-çytyr. Guduman ogluň her ädimde janyňy ýakar, bimahal gelen kesel – her demde.
Myrtar dert bagşynyň synasyna sakyrtga deý ýapyşyp, teý, aýrylanok. Şol «sakyrtgany» aýyrmak üçin nämeler edilmedi, nämeler içilmedi?! «Ýarawlygym ýok» diýse, mejalsyz oturan bagşynyň derdini aýyrmak üçin, Tagtabazarda bar diýselerem, Maryda bar diýselerem, ýoluň alyslygyny müşgil görmän, arzyly bagşa däri-derman getirip gitdiler. Mähelläniň-ä gara çyny: bagşynyň derlä-äp aýdym aýdyp, hezil bermesi üçin onça-munça çykdajydan, azapdan gaçjak däl. Ýöne dert bekine tutsa, bendesiniň edip biljek alajy bolmaz eken. Güýçli-güýçli dermanlary içen, emleri ýapan bagşy biraz dikelen ýaly etse-de, ragbaty iki-üç aýdymdan aňry geçmedi. Kesel kejirligine tutdy oturdy. Ýogsam hany giden Mary ili bir ýana, şapbat ýaly dert bir ýana. Kesele-de iň gowy adam datly bolarly. Gurt Ýakup ýaly meşhur adam her obadan tapylyp durmy näme?!
O dert bagşyny toýlara – işe ibermedi. Bir gezek biri bagşyny sorap gelipdir. Myhmanyň öňünden bagşynyň ogly çykýar. « Hany, kakaň nirede?» diýende, oglanjyk:. «Ol işine gitdi» diýipdir. «Kakaň nirede işleýär?» «Ol toýda işleýär».
Bagşy il-günüň toýunda işläpdi. Şahandaz adamlaryň arasynda bolupdy. Gurt Ýakuby tapjak bolsaň, toý-meýlis arasyndan, şirin söze, inçe senede gadyr-gymmat goýýanlaryň üýşmeleňinden gözläber.
«Toýda işleýän adamyň» köpçülikden aýagy üzüldi. Onuň diňe şonda ömrüni öýdeçillikde geçirýän kişilere haýpy gelipdi. Öýleden soň gulagy daşarda boldy. Sähel bir ses eşidilse, ziňkildäp gitdi. Gelenlerinde näme, gelenleri «Bagşy ýarawsyz» diýip yzyna gaýtardylar.
Olam ýeke bolanyny, biraz dynç alanyny kem görmedi. Wah, dynç diýiläýýärem. Ýogsam ol uzynly gün öýünde ýatyr-a! Daş çykyp gelse-de, dagy arkasynda alyp gelençe bolýar. Onsoň demini dürsäp, özüni tutmasy görgi.
Öýdäkileriň hem öňküligi ýok. Gatyrak gülünse, gatyrak gürlenilse, kakalarynyň halamazlygy, biynjalyk bolmagy mümkin. Belki, ukudadyr? Gatyrak gürlense, ol oýanar. Onuň biynjalyk bolmagyny diňe bu öýdäkiler däl, obanyň uludan-kiçä ýekejesi-de islänok. Hana, Durdy Sähet. Öňler her gün ir bilen traktoryny gyzsyn diýip, ýarym sagat çemesi tarladyp goýardy. Goňşy bolansoň, traktoryň tarryldysy edil jaýyň içinde tarlaýan ýaly eşidilerdi. Gaýtam, jaýyň içinden, daşarda ses azdy. Traktoryny tarladyp giden Durdy Sähet günorta çaýa ýene alazenzele bilen gelerdi, işe ýene şol zenzelesi bilenem giderdi. Gije: «Aý, indi-hä uklasaňam bolar» diýip başyňy ýassyga goýaňsoňam gelerdi. «Bagşy akga nähoşlapdyr» diýen habary eşidensoň Durdy Sähet traktoryny öýüne getirenok. Traktoryna ýükläp getirmeli zadynam arkasyna alyp gaýdyberýär bende. Ýogsam oňa hiç kim: «Traktoryň sesi bagşa ýaranogam» diýip aýdanok. Üşügi bar adama aýtmak gerek däl ekeni. Obanyň beýleki ulaglaram bagşy akgalaryň köçesinden sowlup geçýärler.
Her kim edibilse, ýagşylyk etjek, kömek etjek. Şu dermanyň-a nepi deger öýden bagşy akgasynyň öýüne eňýär. Dürli-dümen bişirip getirýänlerem bir däl, iki däl, üç däl – kän. Eger şol adamlar bolmadyk bolsady, «Hatamtaý» dessany täzeden dikeltdirmezdi. Iliň yhlasy – akgynly derýa.
Ýaşy könelişen goňşusy Rejep aga-da bagşynyň aladasy bilen. Ýöne onuň aladasy başgarak. Obasynda az görnen bagşynyň indiden soň adamlaryň toýuna-ýasyna köpräk görünmegini isledi ol. Göwnüň açylar diýip, ony ilerki köçedäki biriniň sadakasyna alyp gitdi. Ol ýere kileň ýaşulular ýygnanypdyr. Olaryň arasynda bagşynyň birneme göwni açyldy. Hal-ýagdaý soraşdylar, keselleriň köpelişi hakda gürrüň etdiler, ýöne bir gürrüň üstünde uzak durulmady. Gaty köp gürrüňiň başy agyrdyldy.
Şol edilen gürrüňleriň hiç birem bagşynyň ünsüni çekip bilmedi. Baran ýerinde ähli kişiniň ünsi özünde bolardy. Bu ýerde oňa gürle diýýänem ýok, üns berýänem. Beýle ýagdaýa öwrenişmedik bagşy adamlaryň turaryna howlukdy.
Ertesi güni guşluk ara Rejep aga ýene bagşynyň depesinde gazaryldy:
– Gurt jan, Ata çişik kaza edäýipdir. On ikide çykarjakmyşlar. Şolara baryp, el göterip gaýdaly.
– Aý, men...
– Beý diýmäwer. Hiç ýaýdanma muňa, üstesine-de oba-da wagtyň-da. Bu bir her kimiň başyna düşüp duran karz işidir.
Gurt Ýakup turup ugrandan, Rejep aga oňa ikinji tabşyrygy berdi:
– Täretjigiňem alaý. Jynaza durmaly bolarys.
– Aý, men... – diýip, Gurt Ýakup ýene ýaýdanmaçlyk etdi.
– Onuň hiç ýaýdançlygy bolmaz. Indi öňküler ýaly däl. Jynaza okanyň üçin azar berip duranoklar. Bu zatlary özüňem bilýänsiň ahyryn. Ýaşymyz çene bardy. Biz indi obanyň ýaşululary bolduk. Ile goşulmasak, bolmaz. Ähli kişiniň gözi bizdedir. Barmasak, yzymyzdan gürrüňimizi ederler.
– Wah, goňşy, ýarawlygym ýok, ýogsam ýaltanjak adam däl eken.
– Saňa geleňsizlik gelşenok. Il-ä saňa meňzejek bolup gara günde. Senem özüňe ýagy. Ýaramok diýip ýörmän, keselhana gitseň bolmaýamy? Sen keselhana barsaň, aýalarynda saklarlar. Derdiňem derrew bejerip goýbererler.
Bagşy çalaja ýylgyrdy.
– Hä?
– «Keselhana git-de, saglygyňy bejert» diýip akyl berýänleriň sen şu gün on dördünjisi.
– Ýeri, olar nähak akyl berýärlermi?
– Ynansaň, hiç gidesim gelenok, birki gün garaşsam, derdim iräýjek ýaly bolup dur.
– Irmek aýal bilen kesele ýatdyr.
Olar ýas ýerine ugradylar. Rejep aga janygyp gürledi:
– Ýas ýerine bararsyň, biri aglaýandyr, ýene biri eňreýändir, emma üçünji biri kimiň gelenini, kimiň näçeräk wagt oturyp gidenini, kimiň gelmändigini hasaba alyp durandyr. Biz indi mundan ulalyp, düýe bolmarys. Onda-munda görünsek, jynaza dursak, biziň ýerimize-de görnerler. «Pylany gowy adamdy, obanyň toý-ýasyndan galmazdy» diýerler...
Gurt bagşy köne kitaplardan diklän dessanlarynyň, ýaňadan jan berip, ile ýetiren ylahy aýdymlarynyň wakalary, pikirleri bilen ýaşardy. Bu gün görüp otursa, ol köne aýdym-saz, dessan dünýäsinde ýaşap, öz obasynda, täze dünýäde bolup ýören zatlardan bütinleý bihabar galan bolsa nätjek?! Adamlaryň öleňde gelmegi üçin ýasa barmaly. Ýogsam welin, aňyrsynda bir emma bar bolaýmasyn?! Kalbyny gaplan pikir bagşynyň aňyndan aýrylmady. Kim bilýär, belki, bagşynyň ömür karkarasy paýawlap ýörendir? «Bagşy ýogalanda, oba adamlary ýasyna gelmän durmasyn» diýip, Rejep aga alada edýändir, belki?! Ýogsam obada öňem ýas bolup dur, soňam. Ony şeýle yhlaslylyk bilen ýasa äkitjek bolan adam ýokdy ahyry. Onsoňam ähli kişi dilleşen ýaly, ählisiniň sözi-pikiri bir: «Beýdip kösenip ýörmän, derrew keselhana gir, bagşy!» Olar bir şum habar eşidip, onuň öňüni aljak bolýan bolaýmasynlar?!
Bagşy bir uly hakykaty şunça wagtlap bilmän ýören, bu günem tötänlikde şol hakykatyň üstüni açan dek howpurgady. Kimiň ölesi gelýär? Ölenden keselhana gidip, saglygyňy dikeldeniň müň paý gowy dälmi näme? Keselhana gidesiň gelmeýändigi hiç zat. Boş kejirligiň gowulygyň üstünden eltmeýär. Mydama isleýän zadyň bolup durmy näme? Ýalançy atlandyrylýan dünýä – Allatagalanyň peşgeşi. Ýaşap, doýup bolmaýan peşgeşi. Allataglanyň amanat peşgeşini kimiň bile-göre yzyna tabşyrasy gelýär?! Gurt Ýakubyň hem mydama ýaňy başlan meýlise meňzeýän durmuşy taşlap gidiberesi gelmedi.
Bagşy aňynda harasat gopduran pikirden soň mugyra geldi: keselhana gitmeli. Goý, gerek bolsa, operasiýa etsinler, ýöne kösenip ýörmeli bolmasyn. Hudaýa şükür, ýetmedige sebäpkär bolýan eli ýeňil lukmanlar kän. Hiç umyt ýok diýlen näsaglaram aýak üstüne galdyryp goýberýärler ahyryn.

* * *
Bu meýlisli durmuşy bagşynyň elinden öňräjik aljak boldular. Oňa daraşanlarynda edil «şirin janyňy ber» diýip dyzanybam durmadylar. Ol elinde hem kalbynda baryny berse-de bolanydy. Ondan her inende dutaryň kirşinden ot syçradýan barmaklarynyň ýitiligini soradylar. Ol bu eli bilen dutary adam dilinde saýratdy. Kimleriň dili öwrülmeýän dessanlaryny, okap, aýagyna ýetip bolmaýan «Rownakyl yslam», «Kyssasyl enbiýa», «Taryhy Mülük-i Ajam», «Gyýas el-lugat» ýaly araby äheňli eserleri ile aýdym edip ýetirdi. Ol, ine, şol mukaddesligi unutmalydy. Ol öz hakydasyny ýok etmelidi. Öz huşuny, aňyny unutmalydy. Eger şolary unudyp bilse, ol diri gezibermelidi. Ol köne mukamlary unutmalydy, Alyşir Nowaýyny – Pendi düzlüginden gül ýygan, bu toprakda özi bilen baglanyşykly ençeme mukam hem dessan galdyran beýik sütüni unutmalydy. Ol bolsa muny unutmajak bolup her hili yzarlanma döz geldi. Öýünden gaçyp, garawulçylyk etdi. Ol öz ruhuny gara başyndan eziz gorady.
Şol mirasy gorap saklan adamy indi il-günem gorap saklajak bolýardy. Köpüň töwellasyna eýerip, ol göwnüni bire baglady. Zatlaryny alyşdyryp, ýola düşdi. Geň, keselhananyň derwezesirden girdilerem welin, hiç ýerinde agyry-ynjy ýok... «Aý, men-ä sagaldym, hiç ýerimde agyry ýok. Lukmanlary ýöne ýere kösäp ýörmäýin» diýibem ogluna «Gaýdaly» diýdi. «Keselhana ýerleşdireli» diýip, şonda oňa ýalbarmak ýalbardylar. Peýdasy bolmady, gaýtdy. «Bagşy aga iňňeden gorkýarmyş» diýip gürrüň çykarypdyrlar. Wah, ol sanjylmadan gorkan adam däl, ýöne Gurt Ýakup atly bagşy bolup keselläp ýörmegi, öz çagasy ýaly adamlara azar bolup ýatmagy gelşiksiz görýär. Onuň iliň gözüne kesel halda görnesi gelenok. Gepiň düýp sebäbi-hä, ine, şunda. Munam ähli kişä aýdyp-düşündirip bolanok.
Rejep aga bilen bolan gürrüňden soň bagşynyň öňküligi bolmady. Göwnüne, ol süýji dünýäden ajy tüsse deýin göçüp gidiberjege döndi. Içindäki agyrylar hem hüjüme geçdi. Başy hyr berip aýlandy, ne çaý içdi, ne-de nan iýdi. Asyl, başyny ýassykdan galdyrmady.
«Gurt Ýakup ölmeli däl» diýen pikire geldi. Ölmeli däl. «Diňe bir özüňi ýa saglygyňy saklaman, eýsem ruhuňy-da diklemeli» diýdi.
Munuň üçin ýaşamak gerekdi.

* * *
Ir bilen Mara ýola düşen bagşyny iki gyzy, dört ogly ugratdy. Ine, salyň gowşasa, maňlaýyny direýän gapyň – keselhana. Bu gapydan o dünýä uzakda däl...
Magtymguly Garly ýaly deňsiz-taýsyz halypanyň ömrüniň soňky bölegi bir sykym bolup o dünýä ýakyn bolan ýerde – keselhanada geçipdi.
Sahy Jepbaryň hem ömrüniň tamamlanan ýeri keselhana bolmaly.
Dünýe – gezekli çemçe.
Ömrüniň galan bölejigini Gurt Ýakup keselhanada paýawlatmalymy? Eý, dünýe, dünýe! Bu gün gezekli çemçäňi Gurt Ýakubyň eline tutdurdyňmy?
Gelen – gitmeli. Gelmek ýakymly, ýaşamak ýakymly. Ýöne gidesiň welin, teý, gelenok.
Bu dünýäden bir ýüz ýigrimi dört müň pygamber geçipdir.
Bu dünýäden Muhammet aleýhissalam ötüpdir...
Gurt Ýakup aňynda at çapan pikirlere haýran galdy. «Ejizläp-dagy edip ýören bolaýma sen, bagşy?»

* * *
Bagşyny hormatlap, aýratyn palatada ýerleşdirdiler. Çagalarynyň mundan näçe menzil uzakda, baryp Ýolötende oturandygyna seretmezden, onuň kem zady ýokdy. Dürli-dümen nogul-nabat, Samarkandyň gara kişmişi bilen hozy, Şordepäniň üzümi, Marynyň Nar obasynyň nary, Garagumuň garpyzy, Tejeniň gawuny... eý-ho! Adamlaryň: «Bagşy akga, derdiň irsin!» diýip getirýän zatlaryndan ýaňa giň palata darlyk edýärdi. Bagşy aýalyna bir zatlar «getir» däl-de, diňe «äkit» diýýärdi. Munuň üstesine ýene gyt tapdyrýan, örän güýçli dermanlaram niredenem bolsa tapyp getirýärdiler, onuň üçin bagşydan köşekli düýe hantama däldiler.
Bagşyny uzak garaşdyrman barlamaga girişdiler.
Şol günleriň birinde Aksoltan daýza bagşyny palatasyndan tapmady.
– Ony barlamaga äkitdiler – diýip, ak ýektaýly owadan gyz düşündirdi.
Bagşyny gün günortadan agansoň «Tiz kömekde» getirdiler. Zähresi ýarylan dek, Aksoltan daýza zöwwe ýerinden galdy. Adamsynyň çala ýylgyranyny görüp, birneme rahatlandy.
Egni ak ýektaýly, deşli ýigit Gurt Ýakuba tekge berip, ýerine geçmegine kömekleşdi. Özüni dürsänden soň, bagşy täsin sesi bilen ýuwaşjadan dillendi:
– Başlyklaryň keselhanasyna äkitdiler. Ol ýerde adamyň içine seredýän ýapon apparaty bar eken. Şonda gyzylödegim bilen aşgazanymy gördüler. «Näme derdiň bardygyny ýarym sagatdan aýdarys» diýdiler. Geleniňe görä, haýsy derdiň meni kösändigini bilip gidäý. Gelenimden bäri bar işleri analiz. Garaz, analizleri gutardy indi.
Ýarym sagadam geçen däldir-le, bagşynyň ýanyna analizleriň netijesi ýazylan kagyzlaryny goltuklap lukman geldi. Gara gadyr. «Aksoltan daýza» diýip bagşynyň aýalynam köp wagt bäri tanaýana meňzeş. Hakykatda bolsa, onuň Aksoltan daýzany ilkinji gezek görüp durşy.
– Inijigim, çekinme-de, gelnejeň ýanynda arkaýyn aýdyber. Biz şatyny kän görendiris. Näme gürrüň bolsa-da çekeris. Sen sypaýyçylyk etjek, ýumarlajak bolman, göni aýt, näme derdim bar bolsa.
– Bagşy akga, indi ähli zat elimizde, bar analizi aldyk – diýip, lukman getiren kagyzlaryny görkezdi. – Öň, ýadyňyzda bolsa, size altynly derman sanjypdyk. Şol altynyň baran ýerini – bagry surata düşürdik. Keseliňizi anykladyk. Ýaşulular bilen maslahatlaşdyk. Ahyrynda-da şeýle pikire geldik – bagşy akgamyzy operasiýa ýatyrmaly, tut ýaly sagaltmaly. Isle, biziň elimize ynanyň, isle Aşgabada gidiň, ol öz ygtyýaryňyz, ýöne operasiýa etmek gerek boljak. Özüňiz aýtdyňyz: «Çekinmän, dogrusyny aýt» diýip. Rugsat berdiňiz. Menem size dogrusyny aýdýan. Eger operasiýa etmesek, bir aý ömrüňiz galypdyr. Gorkuzjak bolýandyr öýtmäň.
– Bä-ä, bir aý diýsene, operasiýa etmeli diýsene – diýip, bagşy uludan demini aldy.
– Operasiýadan soň bir derdi gozgap durmazmy? – Aksoltan daýza hem özüni saklap bilmedi.
– Berhizini saklasa derdi gozgamaz, gelneje. Men şoňa kepil geçýän.
– Operasiýa diýseň, iniň jümşüldäberýär, ýöne, inijigim, gelenimde men operasiýa etdirmäge razy bolup geldim. Däri-derman bilen gutulyp bolmajagyny öňem aňýardym. Sebäbi däri-derman içme kemim galmady.
– Onda şeýle gepleşeliň. Şu gün sişenbe. Anna güni sagat onda operasiýa ederis. Bolýamy?
– Bor, inijigim, ýöne sen, derdiň bar diýdiň. Näme derdimiň bardygyny, näme üçin operasiýa etjek bolýandygyňy aýtmadyň. Bilesigelijiligimiz üçin sen bizden aýyplaşma. Yzymdan gelýänlerem soraýar: «Bagşy akga, näme derdiň bar seniň?» diýip. Menem näme diýjegimi bilmän, görkezen bolýaryn agyrýan ýerlerimi.
Wraç eliniň aşagyndaky papkany waraklap, käbir kagyza hem ýazga üns bilen tiňkesini dikdi:
– Bagşy akga, ýüz prosent sag adam-a, elbetde, dünýäde ýokdur. Ýöne sähel keselländigiňi duýsaň, şony bejertjek bolmaly. Ýöne türkmen aga eýle-beýle dert üçin doktora ýüz tutmaýar. Şeýdibem derdi agyrlaşýar. Ine, siziňem bagryňyzda dert bar. Agyry bildirip ugrandan, doktora ýüz tutan bolsaňyz, beýle güne düşmezdiňiz. Onsoň ödüňizde daş bar. Aşgazan ýaraly. Gan basyşyňyz kadaly däl. Ýüregiňizde-de kem bar.
– Bä-ä, özgä dert galmasyn diýip, bar keseli ýygnapdyryn-ow!
– Bagşy akga, operasiýa edip ödüňdäki daşy aýyrmasak, boljak däl. Ine, ýiti agyry döredýän zat şol daş. Onsoň, bagşy akga, böwregiňem birini aýyrmasak, boljak däl...
– Böwregi böküp durmaz ýaly etjeg-ow onda siz.
– Böwregiňizi böküp durmaz ýaly etsek, onsoň mydama öýde borsuňyz.
– Aý, inijigim, özüňiz gowy bilýänsiňiz.
– Aý, bagşy akga, beterinden beteri bar diýýärler. Siz Hudaýa şükür etmeli. Şeýlebir agyr dertli adamlar gelýär. Siz derdiňiziň ýeňildigine begenip, aýdym aýdyp, toý bermeli.
– Gutulyp barsa, uly toý ederis, inşallasa! – diýip, Aksoltan daýza adamsy eýýäm sagalan dek galkyjaklady.
– Ýöne operasiýadan soň, bagşy akga, aýdym aýtmagy şägirtleriňize ynanmaly borsuňyz.
– O näme diýdigiň bolýar, inijigim? – Bagşynyň ýüzi boz-ýaz boldy.
– Operasiýadan soň berk berhiz saklamaly borsuňyz, bagşy akga.
– Diňe aýdym aýtmaly dälmi?
– Diňe ol däl. Ajy zat, ýagly zat iýmeli däl, içmeli däl. Süýji zadam – gawun ýa üzüm ýaly zat iýmeli däl, et iýmeli däl. Diňe süýt-gatyk hem gök önüm. Ajy çaý içmegem bolýan däldir.
– Diňe suw içmelimi?
– Örän oňat ýatlatdyň, bagşy akga. Çig suw içmek düýbünden bolýan däldir. Çig suwuň düzüminde şeýlebir maddalar bar, hatda etiň ornuny tutup bilýän elementlerem bar. Ýap suwuny dagy seniň organizmiň götermez. Käbir adamyň: «Suwdan semreýän men» diýýänini eşitmänmidiň. Suwy diňe gaýnap sowansoň içmeli. Meniň aýdanlarymy bek belle, gelneje.
– Diňläp otyryn, ogul.
– Bagşy akganyň berhizi size bagly. Bagşy akga uzak ýaşamalydyr. Olam diňe size baglydyr.
– Taňryýalkasyn, ogul, Taňryýalkasyn! Elimizde baryny ederis.
– Gurt akga, gorkuzma niýetim ýok. Ynan, diri gezmek üçin diňe berhiz saklamaly. Bu ýeňil iş däl, ony bilýän. Ýöne sen duşmanyňy tana – sen ajalyň garşysyna çykýansyň. Garşydaşyň ýowuz. Baýragyň bolsa ýeke – ýaşamak. Gurt akga, saňa gaharlanmak bolýan däldir. Gelneje, şuny ýadyňyzdan çykaraýmaň. Oňa wagtynda dem-dynç almaga hemaýat etmeli.
– Inijigim, berhizi näçe wagt saklamaly? – Gurt Ýakup soragynyň jogabyna howlugyp, Lukmana ýakyn süýşdi.
Lukman howlukmady:
– Allajan näçe ömür berse, şonça günläbem saklamaly.
– Hä-ä, şeýle diýsene – diýip, bagşy uludan demini aldy.
– Düşünişen bolsak, onda men-ä gaýdyberjek.
– Indi düşünmeýän zadymyz ýok, ähli zat düşnükli boldy.
Aksoltan daýza adamsynyň keselden gutuljagyna, uzak ýaşajakdygyna, mylaýym sesini eşidip gezjekdigine begendi. Adamsynyň sesine ol şeýlebir öwrenişipdi, ol ses oňa juda hoş ýakýardy. Onuň sesi mylaýym aýdymdy. Sebäbi Gurt bagşy mydama pessaý ses bilen aýdardy. Onuň dili gürlemezdi, kalby-ýüregi gürlärdi. Içden, gaty çuň ýerden, täsin bir owaz gaýdardy. Ony diňlemek üçin iki gulagyň ýeterlik däldi, bir güýç, ýene bir ukyp gerekdi. Şeýle ajap adamy Aksoltana taý eden Alla duýmak ukybyny bermedik bolsa, nähili armanly bolardy?!
Bir gezek Gurt Ýakup öýde aýdym aýdyp otyrdy. Gyzlarynyň biri ejesiniň aýdym diňläp, edil ýylanyň nazaryna düşen torgaý deý bolup, boýnuny birneme egip oturşyna geňirgendi: «Eje, näme agzyňy öweldýäň?»
Aksoltan daýza soragyň äheňine üns bermedi:
«Wah, balam, gulagym agyrrak bolaýmasa».
«Gulagyň agyr bolsa agzyňy açyp diňlemelimi?»
«Balam, men-ä agzymy açyp oturanymam biljek däl. Ýöne gulagym-a gananok, mundan ileri süýşmäge ajap edip otyryn».
Dutary gapdalda goýan Gurt Ýakup mylaýym ýylgyrdy:
– Ejeňiziňki ýaly gulak her kese berlen däldir. Her öňýeten sazy ejeňiz ýaly eşidip, kalbyna siňdirip bilsedi, Gurt bagşy bagryndan çüýräp oturmazdy. – Bagşy nämedir bir zady hakydasyna getiren bolarly, howlukman gürledi. – Meniň ejem hem ejeňiz ýaly saza şeýlebir düşünýän adam eken. Bir gezek öýe bir kişi gelipdir. Ol haly eňsini göterip, ejeme salam berip, kakamy sorapdyr. Ejem edip oturan işinden başyny galdyrman: «Geçiber, Nobat bagşy. Kakasam häzir geler» diýipdir. Başyny galdyrman oturan aýalyň özüni tanamagyna geňirgenen Nobat bagşy: «Siz meni nädip tanadyňyz?» diýip sorapdyr. «Ogul, seniň salam beren sesiň ýedinji perdeden çykdy. Beýle sesem bu etrapda diňe Nobat bagşyda bardyr. Onsoň seni nädip tanmaýyn?!» diýipdir.
Şol süýji günleri hakydasyna getirip oturan Aksoltan daýza bagşynyň dillenerine garaşdy.
– Lukmanyň sözüni-hä eşitdiň. Indi sen gaýdyber. Dert adam bedenine däl, başyna – gara maňlaýyna düşermiş. Mundan dynaýyn.
– Men ertirem gelerin, kakasy.
– Ertir geljek bolup nätjek?! «Anna güni operasiýa» diýip aýtdy ahyryn. Siz şol gün geläýiň.
– Bir zat gerek bolaýmasyn?
– Zat bilen iş düzelýän bolsa, şu ýerde kän.
– Öňküligiň-ä ýok.
– Berhiz saklamaly diýen sözi iňkise saldy meni.
– Siz hiç zady alada etmäň, kakasy. Meniň size seretmekden başga näme işim bar. Berhizi saklarys, inşallasa! Men hemişe ýanyňyzda bolaryn. Gaharyňyzy getirmeris. Gerek diýen zadyňyzy äbereris. Bize siz sag-aman öýden girip-çykyp ýörseňiz, eden işimizi synlap otursaňyz – bolan ýeri şol. Allanäme, çagalarymyz ýetişdi. Barymyz siziň ugruňyzda bolarys.
– Wah, size ynanýan-la, Aksoltan. Ýöne men il arasynda bagşy Gurt Ýakup bolup galdym. Il meni bagşy hasaplaýar. Nirä barsam, arzylaýarlar. Bitmejek işlerimem bitirip goýberýärler. Operasiýadan soň meniň, görýän welin, bagşy Gurt Ýakup ömrüm gutarýar. Onsoň men bagşy Gurt Ýakup däl-de, hojalykçy Gurt Ýakup bolup ýaşamaly. Rejep aga bilen ýaslara gitmeli. Ol ýerde-de merhumyň gürrüňini däl-de, obanyň aladalary hakynda – mellek hakda, odun hakda, kartoşka tohumy hakda, şifer hakda, maşynyň pompasy, şatuny, waly hakda gürrüň etmeli. Ynansaň, häzir men ikinji ömrümi nähili ýaşajagymy göz öňüne getirip bilemok.
– Maňlaýymyza ýazylanydyr-da, kakasy.
Gurt Ýakup ajymtyk ýylgyrdy:
– Aksoltanym, «Öýde duraňok» diýip käýinerdiň. Nesip bolsa, indi gaşyňdan aýrylmaryn. Nädersiň, öýde bolmadyk günlerimiň öwezinem dolaýsam!
– Ol aýal iňirdilerini göwnüňize almaweriň, kakasy.
– Sizden razydyryn, Aksoltan! Ýatladanyň gowy boldy. Bilip bolmaz, operasiýadan çykmasam, razy boluň! Aglaşyp, göz-gülban bolup oturmaň. Bu dünýä baky gelen ýok. Gelip-geçeniň bildirse, kanagat edäýmelidir. Ýaňy doktor: «Bir aý ömrüň galdy» diýdi. Belki, ol bir gündür.
– Siz doktoryň o sözüne ynanmaň. Siz uzak ýaşarsyňyz, inşallasa! Agtyklarymyzy öýli-işikli edeli. Ölmäge hemişe-de wagt taparys.
– Diýýänleriň dogry-la, Aksoltan. Ýöne sen çagalarymyza-da aýt. Olar menden razy bolsunlar! Men olardan gaty razydyryn! Aýdym-sazy dost tutunsynlar. Sebäp – aýdym-saz bilen ýaşamak höwürli, ýoldaşly ýaşan ýaly. Iň bolmanda, mydam göwnüň-ä bitin bolar.
– Nätdiňiz-ä, kakasy?! Gorkuly zat ýok ahyryn.
– Aý, hawa-da – diýip, Gurt Ýakup baş atdy. – Eger häzir isleýän zadymy aýtsam, sen ynanmarsyň.
– Aýdyň, kakasy.
– «Daglary» aýdasym gelýär.
– Size ýokary perdeden aýtmak bolmaýar.
– «Gadagan zatlar tagamlydyr» diýilýär «Kysasyl enbiýada».
– Men dutaryňyzy alyp gidibereýinmi? Dogtor-a: «Äkit, ýogsam bagşy aga aýdym aýtjak bolar» diýdi.
– Äkidäý, olaryň garşysyna giden ýaly bolup oturmaýyn. Ýöne ýanymda duruberse gowy boljakdy, elbetde, durmaly däldir-dä.
Aksoltan eje dutary göterip gitdi welin, bagşy ylla ýüregi sogrulyp äkidilene döndi. Nädip ýüregi sogrulan ýaly bolmasyn?! Bagt paýyndan oňa ýeteni gazma gara dutar bilen gara bagryndan, guýynyň içine çalymdaş göze ilmez çuňlukdan hem giňlikden öwrüm edip gaýdýan owaz boldy ahyryn. Ol şu ukyby bilen «Gurt Ýakup» adyny aldy. Uly iliň sylag-serpaýyna ýetdi. Öz ýoluny goýup, belentligini, tasyz derejesini köpe ýetiripdi. Ýogsa bu Pendi ili – Baba Gambaryň kyýamatlyk rahat tapan mekany her bir bagşysyna: «Sen dur, ol aýtsyn!» diýip bilýär. Olaryň arasyndan saýlanaýmak, özüne kökeräýmek her aýdym aýdyp bilýäniň işi däl. Gurt Ýakup şu derejä ýetmek üçin Magtymgulyny tutuş ýat bekledi. Nowaýynyň «Guş dili» diwany bilen ençeme goşgularyny halka ýetirdi. Kyrk çemesi dessany hakydasynda janlandyrdy. Ol şol aýdymlary aýtmak üçin kakasy Ýakup Şanazardan, Molla ussa Tahyrdan araby hem parsy sowat öwrenipdi. Dessanlarda gelýän her bir sözüň manysyna aýratyn üns berdi, ol söz parsça bolsun ýa arapça – oňa dogry düşünmek hem dogry aýtmak üçin jan çekdi. Ol özüne ýoluň iň azaplysyny hem kynyny saýlap aldy. «Babaröwşen», «Ymam Hüseýin», «Wagzy-Azat», «Gülpam» ýaly eserleri halka diňletmek üçin, garşyňdakylarda olara söýgi döretmek üçin, diňe bir zehin däl, eýsem düýpli bilimem gerekdi. Ol iş edinip golýazmalary okady, köne kitaplary agtardy, sözlükleri dördi, ahyry-da köpleriň eline ýetmedik iň gadymy hem gymmatly hazynanyň eýesi boldy.
Eýe boldam welin, oňa raýkomdan gelip: «Hany, lal bol!» diýdiler. Sen näme diýersiň: şu toprakda ýaşajak bolsaň-a ylalaşarsyň. Diňe: «Bolýar» diýmegem däl, olaryň aýdanynam edersiň.
Göwün-islegiňe garşy gitmek nähili agyr?! Sebäbi bu dünýäde bir göwün bar – öz zelil göwnüň, näzijek, ynanjaň hem garyp göwnüň. Umydygär göwnüň, her ýaramazlykdan, her gytçylykdan soň: «Günleriň gowusy geler» diýip ynanýan, garaşýan göwnüň. Şol sada ynanç, şol sada göwün hem seni itenek-çomanak edip ýaşadyp ýör. Başga bu dünýäde näme bar – at-şöhrat bolmasa, pul-baýlyk bolmasa, saglyk bolmasa, gözellik bolmasa, sen näme üçin ýaşap ýörsüň?! Şol garyp göwnüň üçin dälmidir?! Seniň göwnüňi mynçgalasalar, onda näme etmeli? Seniň göwnüňe, hut özüňe: «Öz göwün-islegiň garşysyna git» diýseler, näme etmeli?..
Elbetde, Gurt Ýakubyň ýeke etmeli zady bardy, olara: «Bolýar eken-dä» diýmek. Şol «bolýar eken-dä-bolýar ekendälerden» onuň göwnünde gubar, bagrynda dert galdy. Öň herniçik söz berse-de, «Aýdym aýdyp, saz çalmaýyn» diýse-de, diýen sözüni berk tutup durmazdy. Arasynda gaçara-kowara, göwün diýen adamlaryň bilen ýaşyryn oturyşmaga, toýlara gitmäge yş-gapy açylardy. Ine, indi şol gapy ýapyljak bolup dur. Öň alnyňda ýowuz kommunistik partiýa duran bolsa, indi Ezraýyl – ajal perişdesi dur. Ezraýyl seni hiç ýere sypdyrmaz. Ol kommunistik partiýa ýaly gapyl galmaz. Dünýä döräp, onuň entek ýekeje-de sypdyran adamy ýok. Gaty sakdyr-a bu Ezraýyl. Alla bilýändir ol işi haýsy perişdesine ynanjagyny...
Bagşy başyny bürendi-de ýatdy. «Bagşy uklap ýatyr» diýip, oňa hiç kim azar bermedi. Ol ýerinden turanda eýýäm garaňky gatlyşypdy.
Onuň turaryna garaşyp duran ýaly, egni ak ýektaýly lukmanlaryň dört-bäşisi içeri girdi. Salamlaşdylar. «Dertden dynarsyň, bagşy aga» diýip, oňa göwünlik berdiler.
– Anna gününe çenli biraz wagt bar, men şoňa çenli oba baryp gelip bilmezmikäm? – diýip, bagşy doktorlaryň hersiniň ýüzüne seretdi.
– Bor-la, bagşy aga. Ýuwun, ardyn, dördünji gün irden geläý. Ýöne dördünji gün geleniňde hiç zat iýmän, ajöze gel.
Bagşynyň begenjinden ýaňa depesi gök diredi. Ol doktorlaryň palatadan giderine howlukdy. Bagşyny Ýolötene – öýüne getirjegem tapyldy. Şondan köp wagt geçmänkä, Gurt Ýakup ýyljyraklap öz gapysyndan ätledi. Onuň gelmegini çagalary geňledi. Aksoltan daýza birgeňsi ýylgyrdy:
– Siziň geljegiňizi gaýdamda bilýärdim, kakasy...
– Kaka, eýýäm gutuldyňmy? – diýip, çagalarynyň birisi geňirgenmesini daşyna çykardy.
– Enteg-ä sagalamok, oglum. Anna güni – operasiýa. «Şoňa çenli öýüňde bolaý, ýuwunyp gaýdber, operasiýadan soň esli wagtlap suwa düşeriňe bolmaz» diýdiler.
Goňşy-golamlar Gurt bagşynyň gelenini görüp ýygnanyşdylar.
Bagşy aýra düşen dutaryny eline aldy. Aýalynyň ýüzüne seretdi. Haýsy aýdymyň aýdylmalydygy düşnüklidi. Elbetde, keselhanada aýtmak islän aýdymyňy aýtmalydy. Birden ýokarky perdeden başlaýmaly däldi. Onda-da näsag bolup. Ýöne ýürek diňe gadagan edilen perdä telwas urýardy. Ol aşakda rahatlyk tapyp biljek däldi. Beýik halypa Magtymguly Garly «Daglary» aýdanda, dag bilen deňleşip, daga haýbat atyp kükreýän bolsa, kemerli daglaryň arasynda şir kimin arlaýan bolsa, Gurt Ýakup daglary elýetere getirýär, belent dagy birenaýyja gözellige öwürýär. Daglary ýöne çaýly çäýnege eliňi goýşuň ýaly, synlap oturmaly edýär. Ussat ussady gaýtalaman, hersi öz ussatlygyny görkezýär.
Bagşy giç ýatdy.

* * *
Ertesi bagşynyň öýde oturyp rahatlygy bolmady. Ol oglundan Ýazgeldi Kuwwadyňka eltip gaýtmagy haýyş etdi.
– Meniň bagşy Gurt Ýakup ömrüm ertir gutarýar. Soň men hojalykçy, ýönekeý Gurt Ýakup bolup ýaşamaly. Galan bir gün ömrümi Ýazgeldi bilen geçireýin. Men ertir ir bilen gelerin. Onsoň şu ýerden keselhana çykyp gidibiris.
– Aýdym aýtmajak boluň, kakasy...
– Aksoltan, «Aýdym aýtmaryn» diýip seni aldap biljek däl. Sen meniň halypam ahyryn. Onsoň men halypamy nädip aldaýyn?! Iň soňky gün, onda-da bu etrabyň iň beýik sazandasynyň ýanynda, saňa düşünýän ýürekdeş dostuň öýünde aýdym aýdanym bilen hiç zat bolmaz-la.
Aksoltan daýza ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady.
Bagşy ir bilen gelmegi söz berip gitse-de gitdi welin, gelmedi.
Öýleden soň keselhanadan bagşyny idäp geldiler. Gelenler bagşysyz gaýtmaly boldy.
Bagşy şondan iki gün geçirip, ýüzüni garaňka tutup geldi.
Aksoltan daýza ony daş işikde garşy aldy:
– Kakasy, keselhanadan geldiler.
– Gelendirler, bilýän. Olaryň hem, siziň hem meniň ömrümi uzaltjak bolýanyňyzy bilýän. Doktorlaram sag bolsun, sizem sag boluň! Men, Aksoltan, köp pikir etdim: maňa ikinji ömür gerek däl, men şu dünýäden Gurt bagşy bolup ýaşap geçeýin!
– Doktorlar: «Bir aý ömrüň galdy» diýip ýalňyşan bolsunlar-da hernä!..

* * *
Doktorlar ýalňyşmandy...
Emma ikinji ömürden boýun gaçyryp Gurt Ýakup kim üçin ýalňyşypdy, kim üçin ýalňyşmandy.
Iň esasysy – bagşynyň saýlan ýoly öz göwnüne makuldy. Bolany şol.

1996 ý.

Osman ÖDE.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 917 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gaýly günde / hekaýa - 26.04.2022
Старик Иуда / рассказ - 24.01.2022
Şorja börtmäniň taryhy / gülküli hekaýa - 24.01.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022
Bagşynyň ölümi / hekaýa - 30.04.2022
Şeftren / hikaye - 04.01.2022
“Brawo, maestro!” / hekaýa - 22.01.2022
Enemiň haty / hekaýa - 17.05.2022
Sonar daýy / hekaýa - 22.01.2022
Женитьба лейтенанта / рассказ - 02.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]