13:55
Gurruk guýy
GURRUK GUÝY

"Gurruk guýa daş atsañ,
Ýiter gider ejejan..."
Lälelerden.


Adam bar - dünýäñi gowuryp taşlar,
Durmuşyñy öwrer sakar dowzaha.
Adam bar - düýrügen dünýäñe girip
Birujundan seni ýazmaga başlar.
A sen düşen ýaly borsuñ uçmaha.
Nirden,
Nädip çykandygny bilmersiñ.
Gurruk guýularyñ tümlügne bakman,
Diñ salmak islärsiñ ümsümligine.
Bek ýumup gözüñi böker goýbärsiñ,
Garaşmarsyñ özgäñ iteklemegine.
Ne gana boýalar,
Ne ýaşa köýnek,
Ýazygna-da galmaz bigünä gurduñ.
Ýöne salamymy ýetirsin, meniñ
Hyrydarym boljak Züleýhalara
Garañky guýulañ düýbüni sermäp
Ýatan Ýusubynyñ salamyn, derdin.
Alybam çykmasyn meni bu çaýdan,
Goý, ýitip gideýin atylan daş deý,
Onuñ düýpsüz dünýäsinde ömürlik.
Bir gün ýüzüginde zümerret gaş deý
Ýalpyldap giderin kirpiklerinde
Ýüreginde ýalkym saçar duraryn,
Yşygym Aý nurun serpikdirende,
Garañky bir guýa uçar duraryn.
Men gözümi mäkäm ýumdum,
barybir,
Ýene-de şol çaýa gaçar duraryn,
Gaçar duraryn...

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 249 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 genamoldabekov   [Материал]
Мбах

0
4 Raziýe_Soltan   [Материал]
Hic bir sahyr duymadyk duygusyna kamil gosgy yazyp bilmez.

0
3 Raziýe_Soltan   [Материал]
Gosgy hemiseki yaly gowy bolupdyr...yone onkiler yaly okanda inini tikenekledenok. Manysy erbet dal yone gaty barden gaydypsyn...bular yaly epizody alanyna gora gowy dalde has uytgesik bir zat yazyp bilerdin.

0
2 Garaýolly   [Материал]
Has Türkmeniñ "Gurruk guýy" goşgusy ynsan ygtykaty baradaky filosofiyanyñ özi bolupdyr. Şahyr şygryñ mazmunyny has ykjam bolmagy üçin "Ýusup-Zuleyha" dessanynyñ bir yowuz epizodyny gyytaklayyn getiryar-de, onuñ ustune goşgynyñ umumy mazmunyny ýükleyar. Şeylelikde, shygryñ mazmuny dessan epizodynyñ ygtyyaryna dal-de, epizod şygryñ mazmunynyñ icine siñip gidyar. Ozem siññinlik bilen butun goshgynyñ süññüne owrulyar. Eýsem, manynyñ dayanç merkezi bolup duryan "Gurruk guyy" nämäni añladyar? Hawa, ol pany dünýädåki yer depeläp yören ynsanlaryñ biri-birine biynsap boluşlarynyñ ahyrky netljesi. Ýagşynyñ-yamanyñ saylanyan yeri-gurruk guýy. Ol bolsa, panyyet bilen bakyyetiñ ( goshgyda) araçägi. Oña düşen ya-da düşürilen KOÑUL EYESI hasyl bolmadyk küysegleriniñ ideal görnüşe girip, adalata eýlenip, panylykda zümerret kibi özgäniñ gymmatlylygyna öwrülip, onuñ synasynda durmagyny maksat edinýär. Ajayyp goşgy.

0
1 Allanazаr   [Материал]
Iki gezek okap doly güşünip bilmedim, meniň aklym ýeterden çuňňur ýaly manysy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]