15:50
Gürleme
GÜRLEME

Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.

Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Çalaja iňňildisi.
Dagdan iýnen dury çeşmäň
Şildirdisi...
Ýüregmi üzere getiren dutaryň
Tirňildisi...

Gürleseň gürle, şulaň dilinde,
Dilin-de...
Ýogsa, gürleme!

Dileseň Hakdan dile
Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile
Biri kem ýetmişe ýeten
Ýaşyň bile...

# ekizler2.com





Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Gökböri | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 3.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 7
0
7 Gülmahym   [Материал]
Gürleme!
Diliñe alma!

Dileseñ Hakdan dile
Diliñ bile däl
Gözden akan ýaşyñ bile

Gowy goşgy,

0
6 Gumlygelin   [Материал]
Juda gowy Hydyr aga. Ömrüñiz uzak bolsun. Ýene ýetirip duruñ!

0
5 Mähriban   [Материал]
Her gezek okanymda, Hydyr aganyň şu goşgusy ýüregimi dyrmap-dyrmap gidýär. Diýseň gowy goşgy!

0
4 Hydyr   [Материал]
Bellikleriňiz üçin köp sag boluň. Ybraýym Badahşan bilen oturyşmagam nasip edipdi. Gowy şahyr. Bellikleriňiz hakynda öz pikirlerimem aýdasym gelýär. Birhili jogap bermesem, äsgermedik, göwniýetmezçilik eden ýaly görünmesin diýdim. Hakykatdanam, bir bada "dil ýarma" diýmek dogry ýaly görünýär. "Dil ýarma" diýmek diňe gürleme diýmek däl, syr sakla, goşulma diýen ýaly manylaram syzdyrýar. Ýöne "diliňe alma" diýmek, maňa has köp taraply, manyly görünýär. Diliňe alma - diliňi hapalama, diliňe çolama, özüňi kiçeltme... diýen ýaly manylaram öz içine alýar. Şonuň üçin, diliňe alma diýmegi has dogry gördüm.
Soňky küplet hakykatdanam artykmaç bolup biler. Ýöne bu küplet gürlemegiň ikinji bir görnüşi - Alla bilen gürleşmek barada. Ynsan dileg edende Alla bilen gürleşýär. Şonuň üçin, munuň derejesem ýokary bolmaly. Bu goşgy başga birine ýüzlenýän ýaly eşdilse-de diňe özüme degişli bir zat, şonuň üçin köpçülige hiç diýmejek zatlarymy diýdim. Soňky küplet goşgynyň jemlemesi däl, belki, dowamydyr. Ýene bir ýagdaýam bar, her kim öz ýazan zadyny has gowy, özüne has ýakyn görýär, maňa-da şeýle bolmagy mümkün. Ýene bir gerek sag boluň okanyňyz için, bellikleriňiz üçin.

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Biri kem ýetmişe ýeten Hydyr aganyň ediberşem, ylhamam hiç kimiňkiden peslär ýaly däldir.
Paýlaşyp dur agam!!

0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Hydyr aganyñ bu goşgusyny beter haladym, şowly bolupdyr. Tüweleme ýyldyza-da mynasyp görlüpdir. Men goşgulara umumy syn ýazýandyryn welin, bellik ýazmaga hemişe çekinip ÿöršüm, ÿöne Hydyr aga köp tejribeli halypamyz bolany üçin kyn görmez diden umydym bar!? Iki bellik: 2-nji setirde "Diliñe alma" ýerine "Diliñi ýarma" ÿazylan bolsa, maña-ha hasam dakymly bolardy. ikinji belligim: Iñ soñky dilegli kuplet, göwnüme artykmaç ÿaly bolup dur. Şony adyranyñ bilen goşga bir zat artsa artjak welin kemeljek ýeri ýok!?

0
1 mango   [Материал]
Gürlemän ýyldyza basýan.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]