23:21
Gurjak teatrynda bolan waka / hekaýa
GURJAK TEATRYNDA BOLAN WAKA

(Ulylar üçin hekaýa)

Gurjak teatrynyň aktrisasy Abadangözel Belliýewa bu gün işden öňkülerinden irräk gelip, dälize girenden, özüni oturgyja oklady. Haşlap oturşyna uludan demini aldy-da, elindäki torbalaryň ýeňilrägini on-on iki ýaşly agtygynyň eline tutdyryp:
—Kerim jan, bar oglum, şuny aşhanada goý, demimi bir dürsäýin—diýdi. Otaglaryň gapysynyň birinden görnen adamsyna ýüzlenip, —Üçünji gata çykýançaň öýkeniňi çöwürjek. Ah-heý, Kakamyrat jan jaýyny salyp gutarsyn, ýeke günem durjak däl-le, goçjek, şäheriň darajyk öýlerinde ýaşabildik-le. Biz ýaly garryň dabanyna indi ýer ýakymlyrak ýaly.
Nurgeldi aga sesini çykarman aýalynyň elinden ikinji torbany alyp, aşhana ýöneldi.
Abadangözel daýza köwşüni çykaryp durşuna:
—O nä, ir gelenimi soraňok!?
—Çeper ýolbaşçyňyz repetisiýany ýene öýläne geçirendir-dä.
—Ýok-la. Bu günler “Düýekeşiň ogluny” sahnalaşdyrýas. Ineriň keşbini janlandyrýan Sähet Gylyjowiç birden: “Wah” diýip, gapdallap syrygyp gaýtdy, elindäki “Iner” hem sahnaň erňegini döşi bilen bagyrtlap, boýnuny sallap ýatyr. Sähet Gylyjowiç ýatan ýerinden gygyrýar: “Waý aýagym, aýajygym... Juda ýiti agyry... Çydar ýaly däl.” Iki eli bilen sag uýlugyny gysymlaýar. Hemmämiz gaýra çekilip, onuň daşyna ýaý berip durdyk. Näme etjegmizem bilemzok. Tomaşaçylaryň oturýan ýerinden bolsa režisýor gygyrýar: “Ýene özüňizden bir zatlar toslap tapýaňyzmy? Ssenariý boýunça oýnaň ahyry! Näme dymdyňyz, näme üçin durdyňyz?” Men awanssena çykyp režissýora gygyrdym: “Atanazar! Sähet Gylyjowiçe bir zad-a boldy, çaltrak geläýmeseň!” diýdim —diýip, Abadangözel daýza hammama girip, elini ýuwup çykansoň, dowam etdirdi —“Tiz kömegiň” lukmany “çüýjügini döwdüripdir” diýdi. Görgülä sanjym etdiler, aýagynyň içine-daşyna, uzaboýuna tekiz tagta goýup, saradylar-da, hassahana äkitdiler. Indi ol dört aýlap gipsde gymyldaman ýatmalymyş—diýip, şumjardy.
—Kakam pahyr hem çüýjügini döwdürip, üç ýarym aý ýatypdy. O ýaşda operasiýa-da hatarly diýipdiler, ýogsa poslamaýan demir bienem berkidip bolýar eken, ýöne narkozy göterjegi-götermejegi nägümana diýipdiler—diýip, Nurgeldi aga mundan ýigrimi ýyl geçen wakany aýdyp, aýalynyň hakydasyny oýardy.
Abadangözel daýza:
—Hawa, ýadymda, Gurbanýaz aga mumiýe eredip içirýädim. Döwlen aýagy kelteräk bitse-de, yhlasymyz ýerine gowuşdy. Pahyr agsaýanyny gizlejek bolup köwşüniň aşagyna galyň oltaň kakdyrardy.
Ertesi teatryň müdiri Abadangözeli ýanyna çagyrdy. Saglyk-amanlyk soraşylansoň, müdir onuň hal-ahwalyny sorady.
—Minnetdar, Sapa Rahmanowiç! Edil ýyldyza toýnak salýas diýseg-ä gülkünjiräk görner. Hawa edil biziň ýaşymyzda köşegmize eýeräýsegem boljak welin, enteg-ä garrylygyň alamatyny duýamzok—sakynyp-säginip duramzok, ynanylan keşbi janlandyrjak bolup yhlas-a edýäs.
—Abadangözel Belliýewna, men Siziň döredijiligiňize örän belet. Biziň toparymyzda Siz ýaly tejribeli, zähmetsöýer artistleriň köplügine guwanýan. Özüňiz ýaly birnäçe yhlasly artistleri ýetişdireniňize-de minnetdardyryn. Men Sizi ussat halypalarynda hatarynda görýärin—diýip, müdir biraz dymdy-da, indiki aýtjak jümlelerini saldarlaýan dymdy. Soň ardynjyrap, —Düýn Sähet Gylyjowiçi sorap gaýtdym. Lukmanlar onuň aýagyny gipsläp, öýüne goýberipdirler, kösenip ýatyr, “sähel gymyldasam agyrýar” diýýär. Müdir ýene dymýar.
Abadangözel daýza müdiriň oňa wajyp bir zatlar aýtjak bolýanyny, onuň ikirjeňlenip oturyşyndan aňýar we hojaýynyna nebsi agyryp, onuň ýöwselligini basyp ýatyrmagynyň ebeteýini gözleýär. Onýança müdir:
— Abadangözel Belliýewna, men Sizi bir wajyp meseläni maslahatlaşmak üçin çagyrdym. Siz maňa dogry düşünermikäňiz diýýän. Biziň teatrmyzyň bir öz aýratynlygy bar: artistler dar ýerde, ellerindäki gurjaklaryny ýokaryk göterip, iki ýana hereket edenlerinde, käwagt aýaklarynyň astyna esewan bolmaga-da ýetişenoklar. Sähet Gylyjowiç ýaly ýaşuly adamlar edil ýaşlar ýaly hem däl, tekiz ýerde büdrejek boluşyp durlar. Hudaý saklasyn, indi bir düýnki gaýtalanmawersin! Men Sizi örän gaýgy edýän-dä... —diýip, ýene dymýar we assyrynlyk bilen, göz astyndan işgärini synlaýar.
Abadangözel daýza müdiriň indiki aýtjak sözlerine-de düşündi. Ol başlygyň agyr hökümini gulagy bilen eşitmänkä, onuň gözlerinden okajak bolup, ýüzüne çiňerilip seretdi we öňünde oturan adamy ilkinji gezek görýän ýaly, boýdan-başa synlamaga başlady. Muny aňan müdir ýene ardynjyrap:
—Ýogsa-da, Siz şu ýyl zähmet rugsadynda bolduňyzmy?
—Hawa.
—Hä, şeýlemi?!—diýip, müdir oturgyjyndan turup, nazaryny ýerden sowman, otagyň içinde gezmeläp başlady. Müdiriniň “mus-muslap”, “mustapa” diýip bilmän, ýaýdanjyrap ýörşüne Abadangözel daýzaň gahary geldi, şobada rugsat sorap, gidibereýinem diýdi-de, ejap edip sesini çykarman oturdy. Müdir ýerine geçip oturdy-da:
— Abadangözel Belliýewna, mende bir teklip bar: Siz şu garma-gürmeligiň içinden çykyp, wagtlaýynça, ussahana geçäýseňiz näder, ä?!
—O taýda men näme etmeli?
—Gurjaklaryň lybaslarynyň o ýerini-bu ýerini bejermäge gyzlara kömekleşersiňiz.
—Täze hünäri öwrenmek indi maňa başardaýsa... Gözlerem öňki ýaly däl, äýnekli hem iňňe-sapagy kynlyk bilen sapýan...
Ara agyr dymyşlyk düşýär. Höküm yglan edildi, indi Abadangözeliň müdiriň otagynda işi ýok. Şonda-da, ol sypaýyçylyk edip, birden turup gidibermekden saklandy.
—Ýaşulyňyz bilen maslahatlaşyň, belli karara gelensoňyz habar edýärsiňiz-dä! —diýip, müdir söhbetdeşligiň tamamlanandygyny aňladýan hereketi etdi—elini telefona uzatdy.
Nurgeldi aga mylaýym sesi bilen aglap oturan aýalyny köşeşdirýär:
—Hökümetden nadyl galan däldiris. Ol bizi sylap bildi-le: orden berdi, medal berdi, ikimize-de “at gazanan” berdi. Hudaýa şükür kem zadymyz ýok: oglumyzdan, gelnimizden razy, pensiýamyzy wagtly-wagtyna berip durlar, kişä mätäç däl. Indi ikimiz çagalarmyzyň, agtyklarmyzyň saglyklaryny diläp, garrylygyň hözirini görüp ýaşabermeli.
—Wah, seň aýdýanyň dogry-la. Men özümi birhili göwnüme deglen ýaly duýýan, garrasaň köne keçe ýaly derde ýaraňok ekeni—diýip, Abadangözel daýza ýene şumjarýar.
—Ýeri bolýar, köşeş indi. Gaýta öýde otursaň gow-a! Ynha indi iki ýyldyr, işime diňe saglyk-amanlyk soraşmak üçin we işdäki täzelikleri eşitmek üçin barýan. Kärdeşlerimi görüp ýüregim suwlanýar.
—Men öýde otursam içim gysyp kesellärin.
—Indi ikimiz bileje, her gün seýilgähe gezelenje gideris, ýaşlygymyzy ýatlarys. Bir gün olaryňka, bir gün bularyňka görme-görüşe gidip, aýlanar ýöreris.
—Meň şu wagt oýun ýadyma düşenok.
—Hany, bir alajyny taparys-la. Wiý, indi kelläme gelýär. Ertir radioýaýlyma gidip, oglanlary göreýin. Radiooýunda oýnap bilersiň-ä?! Oturan ýeriňden gepläp oturmaly, aýagyň döwüler gorkyň bolmaz...
—Wah, meň aýagymyň döwlerinden müdirimiz heder edýär-le, meň gorkym ýok-la—diýip, Abadangözel daýza gülýär. Aýalynyň öýkesiniň ýazylanyna begenip, Nurgeldi aga-da gülýär.
Kerim enesiniň atasyna aglap beren üzlem-saplam gürrüňlerine özüçe düşündi, enesine haýpy gelip gözleri ýaşarsa-da, aglaman zordan saklandy. Enesiniň çyny bilen aglanyny onuň ilkinji gezek eşidişidi. Ol öz otagynda uzaklara seredip durşuna, ýumruklaryny düwüp, teatryň müdirinden enesiniň aryny almagy ýüregine düwdi.
Kerim bu gün “Düýekeşiň oglunyň” ilkinji görkezilişinden bihabar galdy. Teatryň petek satyjysy:
—Kerim jan, sen bu gün gijä galdyň, häzir seni yzky gapydan salaýamda-da, oýnuň başyny görmeseň, yzy saňa gyzyksyz görner. Ertirjik geläý, köşek!
—Aý ýok-la, Oguldursun gelneje... Meň ertir wagtym bolmazmyka diýýän... Goýberäýiň-de, ýarysy geçenenem bolsa göresim gelýär!
Oýunyň ýarysy geçip barýardy. Düýekeşiň ogly kakasyny gözläp ýörşüne, çölde azşýar. Ol ineriniň owsaryndan idip barşyna gorkup, aglaýar. Iner dyzlaryna çöküp, adam dilinde oglanjyga üstüne münmekligi maslahat berýär we kakasynyň goşunyny ýalňyşman tapyp berjekdigini aýdyp durka, Kerim sahna çykyp, tomaşaçylara ýüzlenýär:
—Çagalar! Siziň görüp oturan zadyňyz ýalan, sizi aldaýarlar. Hiý-de, jansyz gurjagam bir adam dilinde geplärmi? Olara derek artistler gepleýär, ynha, ynanmasaňyz göräýiň, diýip, gurjak oýun görkezilýän sahnajygyň daşyna örtülen matany ýokaryk galdyrýar.
Teatryň işgärleri, sojap aglap duran Kerimi boş otaglaryň birine eltip, köşeşdirjek bolýarlar. Kimdir biriniň uzadan suwly käsesini eliniň tersi bilen pyzyp goýberýär.
—Kerim jan saňa nä döw çaldy bu gün?! —diýip, aktrisalaryň biri onuň başyny sypalaýar.
Möňňürip aglaýan Kerimi zordan köşeşdirdiler...
Teatryň işgärleriniň biri Kerimi maşynyna mündirip, öýüne äkidýär. Enesiniň işdeş ýoldaşynyň enesine bolan wakany gürrüň bererinden heder edip, Kerim sürüjä minnetdarlygyny bildirip, entek öýlerine ýetmänkä maşyndan düşip galýar.
Teatrda bolan wakany Abadangözel Belliýewna soň bir gün, daş gulakdan eşidip, agtygyna gaty-gaýrym ýeke söz hem diýmedi. Onuň pikiriçe, ulylaryň gözi bieln seljerseň: agtygy örän çatak iş edipdir, çagaň aňynyň ýetişine görä: eziz enesiniň syndyrylan göwnüni özüçe seýikläp, mertebesini gorapdyr. Şol sebäpli, Kerimiň enesi, “Galat hereketi üçin edil şu wagt agtygyma temmi beräýemde-de, düşünmez. Çaga eden etmişine diňe ulalanda düşüner”, diýen pikirine uýdy.

Kakajan Balkanow.

2021 ýyl.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 200 | Добавил: kbalkanov4 | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Taş Ocağı / hikaye - 09.01.2022
Zäher / awçynyñ hekaýaty - 11.04.2022
Aýyl-saýyllyk / mini-hekaýa - 26.05.2022
Dollar we 20 sent / hekaýa - 24.05.2022
“Brawo, maestro!” / hekaýa - 22.01.2022
Ýetmiş güne durýan iñ uly gije / hekaýa - 24.04.2022
Şorja börtmäniň taryhy / gülküli hekaýa - 24.01.2022
Gelinkömelek / hekaýa - 10.01.2022
Prometeýiň Frankenşteýne sowgatlyk “darakdişi” / Futur-gotiki hekaýa / öýkünme - 08.04.2022
Kapkaç / hikaye - 19.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]