22:21
Gurhanyñ sözi
GURHANYÑ SÖZI

Dünýädäki depderleriñ seresi,
Mukaddes kitabyñ - Gurhanyñ sözi.
"Kulhualla" sürelerniñ süresi,
Mukaddes kitabyñ - Gurhanyñ sözi.

Başlangyç süresi - onuñ alhamdyr,
Aýat, doga bendelerne melhemdir,
Muhammediñ ummatyna ylhamdyr,
Mukaddes kitabyñ - Gurhanyñ sözi.

Aby-köwser suwdan ganyp içmäni,
Gylsyrat köprini, dowzah, uçmany,
Ýada salar bendä ondan geçmäni
Mukaddes kitabyñ - Gurhanyñ sözi.

Dünýäniñ eýesi - Rebbil Älemin,
"Kun" diýende dörän, asman-u-zemin,
"Peýekun"-da - Tetjal geler sil kimin
Mukaddes kitabyñ - Gurhanyñ sözi.

Oña uýmadyklar Allaga ýatdyr,
O dünýe, bu dünýe iki berbatdyr,
Durky bilen Keramatdyr - Gudratdyr
Mukaddes kitabyñ - Gurhanyñ sözi.

Atageldi SALYHOW,
Murgap etraby.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Haweran | Теги: Atageldi Salyhow | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Психея / Goşgular - 03.06.2021
Dostsyz başym - duzsuz aşym / Goşgular - 05.04.2021
Bulutlar / Goşgular - 22.02.2021
Gel! / Goşgular - 10.02.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Haýsysy ýaman? / Goşgular - 27.05.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Gijara / Goşgular - 11.02.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Mähriban / Goşgular - 04.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]