20:40
Gurhany Kerimiñ täsirinden
GURHANY KERIMIÑ TÄSIRINDEN

Bu dünýäde galjak zat ýok, adamzat,
Munda bäş gün bagty çüwenler gider.
Hak alnanda hasap okar barça zat,
Hak adyn ýüregne düwenler gider.

Sogap tapar tagam beren gedaýa,
Özün Hak ýolunda goýar pidaýa,
Hamdy-sena aýtman ýalñyz Hudaýa,
Onuñ bendelerin öwenler gider.

Ak ýürekden kylan dileg-dogaña,
Jebraýyl üstüñe bolar howala,
Köñül bermän gury nebsi-hawaga,
Nebsiniñ içine çöwenler gider.

Bu dünýäñ malyna göwün berenler,
Süýthora, husyda elin serenler,
Hak tagala şek ýetirip ýörenler,
Müşrikler, myrryhlar, böwenler gider.

Senem söz aýtmazdyñ bolmasa derdiñ,
Köp günä gazandyñ, az yhsan berdiñ,
Haky gözlän, dogry sözlän bir merdiñ
Elin gañryp, dişin döwenler gider.

Ýygnarlar magşarda garyby-baýy,
Allanyñ alnyna toplanar bary,
Imanly - jennete, dowzaha sary
Imandan elini ýuwanlar gider.

Şeýtan was-wasyna gidenler galmaz,
Bu ak ýüzler, gülgün bedenler galmaz,
Näşükürler, şükür edenler galmaz,
Uçmaha bir Haky söýenler gider.

Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Klassiki äheňli gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]