20:36
Gurhan
GURHAN

Bismilla rahman rahim,
Şeýdip söze başlan Gurhan.
Asmandan iberen Tañrym,
Muhammede düşen Gurhan.

Bir ýüz on dörtdür süresi,
Şerigat kanun barysy,
Gurhan gözümiñ garasy,
Başymyñ täjidir Gurhan.

Mähriban rehimli Alla,
Muhammedim sen resulalla,
Dogañ ulsy kulhualla,
Yhlas süresidir Gurhan.

Haýyr bilen şer ýazylan,
ýagşy-ýamanlyk, zor ýazylan,
Sure, aýat bar ýazylan,
Mukaddessiñ eziz Gurhan.

Ýalñyz Allanyb birligi,
Gurhan-kerimiñ zorlugy,
Behind, jennetiñ barlygy,
Ýazylypdyr sende Gurhan.

Süre, aýat indi aýan,
Okap adam, mähri doýan,
Ahyret imandan baýan,
Din-imanym sensiñ Gurhan.

Asman-ýeriñ adyl şasy,
Iki älem patyşasy,
Her halda gam-teşwişesi,
Gamgyn göwnüm açan Gurhan.

Gurhany okanlar ýagşy,
Muhammediñ ýürek nagşy,
Musulmanlaryñ baş egşi,
Sežde kylar saña, Gurhan.

Aýat okap iş bitirjek,
Ahyret iman getirjek,
Ýagşyny uçma ýetirjek,
Hoş niýetli sensiñ Gurhan.

Ýazlan sözler jana lazym,
Gurhan-kerim bahar-ýazym,
Saña baş egýändir ýüzüm,
Ýüzüm kybla, Käbä Gurhan.

Bardyr ahyret azaby,
Dile Alladan sogaby,
mähir-muhabbet sahyby,
Mähribanym sensiñ Gurhan.

Hydyr, Gurhana bagtyýar,
Gurhan-kerim öñe barýar,
Din-yslama bolup sen ýar,
Musulmany goldan Gurhan.

Hydyr GARATAÝEW,
mugallym.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Haweran | Теги: Hydyr Garataýew | Рейтинг: 3.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Психея / Goşgular - 03.06.2021
Salam / Goşgular - 22.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Dag çekýän / Goşgular - 13.03.2021
Kalbyňyzda ýer goýuň / Goşgular - 23.05.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Я учусь у Ленина / Goşgular - 16.04.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Ogulgerek   [Mowzuga geç]
Ruhyýetimizi arassalan bu goşgyny ýazan we şu sahypa getiren ruhu jomart adamlara tükeniksiz sag bolsun aýdýaryn.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]