09:04
Gurbanlyga garşy wegetarian musulman hereket
GURBANLYGA GARŞY WEGETARIAN MUSULMAN HEREKET

Kesilen kesildi. Indiden soñ jedelleşip-galmagallaşyp, gürrüñi süýndürip oturmagyñam hiç hili manysy ýok. Emma indiki gezek gurbanlykda mal kesmezlik üçin birgiden sebäpler bar. Üstesine muña dini sebäplerem girýär.
Çünki talaplary doly berjaý edip gurbanlyk edilýänem bolsa, zamanabap maldarçylyk senagaty, haýwanyñ etini haram yglan edip biljek derejede zalym. Kuranyñ gönüden-göni mal öldürip gurbanlyk etmegi buýrup-buýurmandygy baradaky mesele welin aýry bir sebäp.
Meselem, haýwan hukuklaryny goramak meselesi muña gowy sebäp bolup biler. Elbetde, biologiki sebäpler-de bar: biz adamlar etçi, diñe et iýip oñmaly diýip ýaradylmadyg-a. Haýwan hak-hukuklaryny goraýan PETA-nyñ alyp barýan işleriniñ çäklerinde gurbanlykda mal öldürlişigine garşy çykýan, hatda wegetarianlygy goldap çykyş edýän musulman ruhanylaram bar.
Haj zyýaraty döwründe her ýyl 1.5 million mal öldürilýär. Saud Arabystanda şertleriñ mümkinçilik bermeýändigi üçin bularyñ agramly bölegi daşary ýurtlardan getirilýär. Awstaliýadan we Täze Zelandiýadan gämilere ýüklenip müñlerçe goýun getirilýär. Goýun janawerler hyryn-dykyn ýagdaýda, aç-suwsuz, ezýet-horlukda Jiddä gelip düşýär. Janawerleriñ bir bölegi ýolda keselläp, yssydan, bir bölegi-de biri-biriniñ aşagynda galyp-depgilenip ölýär.
Mekgä baryp gowşanlaram nähili buýrulsa şolar ýalam öldürilýär. Emma 1.5 million malyñ diñe 600 müñe golaýy Yslam ösüş bankynyñ üsti bilen garyp ýurtlara ugradylýar. Galanlary kesilip atylýar, zaýalanýar. Ýagny keýpine gan akdyrylýar, gurbanlyk etmek maksady bilen däl.
Soñam gurbanlyk malyñ etini gowurýarlar. Hüseýin Hatemi hojanyñ aýdyşy ýaly mukaddes Gurban baýramy sözüñ doly manysynda gowurma şüweleñine öwrülýär.
Ynha, Täze Zelandiýadan başlanyp, Mekgä çenli uzalan ýoluñ pellesinde öldürilen malyñ etini "halal" kyljak ýekeje esas ýok. Sebäbi malyñ huşundan giderlip damagynyñ çalynany ýeterlik däl, onuñ ezýet çekdirilmezden ulaldylmagy we äkidilmegi gerek. Janawerleriñ biri-biriniñ gözüniñ öñünde öldürilmegem munuñ üstüne urna.

• BEÝDIP ÖLDÜRMEK HARAM

Haýwanlaryñ hak-hukuklaryny goraýan iñ uly halkara PETA guramasynyñ alyp barýan işleriniñ çäginde gurbanlykda mallaryñ usulsyz öldürilmegine garşy çykýan, hatda wegetarianlygy goldap çykyş edýän musulman ruhanylaram bar. Olar www.islamveg.com atly web saýtda yslamyñ we wegetarianlygyñ biri-birine utgaşykly bolup biljekdigini görkezmäge jan edýärler. Olaryñ biri-de Aly Muttaky. Ol "Gurbanlyga yslamy nukdaýnazardan garamak" makalasyndw haj zyýaratynda öldürilen mallaryñ barsynyñ haramdygyny öñe sürýär. Çünki yslam kada-kanunlaryna laýyklykda mallara ýetişdirilýän ýerinde gowy seretmek we olary agyryp-ynjytmazdan, horlamazdan mylakatly çemeleşip öldürmek gerek.
Şeýle-de haj zyýaratynda öldürilýän mallaryñ ýetişdirilmegi Täze Zelandiýanyñ ekosistemasyna zyýan berýändigindenem beter, wagşyçylykly şertlerde äkidilmegi-de adamkärçilige sygmaýar. Ýagny, 1400 ýyl öñ bolmadyk şertler orta çykýar. Şol döwrüñ şertleri bilen biziñ döwrümiziñ şertleri başga-başga bolandygy üçin, käbir düzgünlere gaýtadan seretmek gerek.
Muttakynyñ pikiriçe, Kuranda haýwanlaryñ adama azyk hökmünde berilmegi wagt we ýer şertlerine görä kesgitlenen bolmaly. Çöl ýerlerde ýaşaýan adamyñ ýaşaýşy üçin şol ýeriñ janly-jandarlaryndan peýdalanmagy gerek. 1400 ýyl owalyñ Arabystanynda dört aýaklylardan başga iýere zat bolmandygy-da belli. Kuran adama haýwanyñ etini halal kylanda, şol bigünä janawerler üçin döredip boljak iñ gowy şertleri-de işläp düzüpdir.
Şeýle-de Muttaky Kuranda gurbanlyk mal öldürmegiñ gönüden-göni emredilmändigini öñe sürýär. Kuranda aýdylýan gurban "pidakärlik etmek" manysyny berýär. Ýagny Allanyñ eçilen naz-nygmatlaryny ýaşaýan jemgyýetiñ bilen paýlaşmak. Emma modern dünýäde bu ritual indi manysyny ýitirdi diýen ýaly, gaýtam luzumsyz gan kölçeleriniñ döremegine we tebigatyñ harlanmagyna sebäp bolýar. Etiñ ýürek kesellerine ýol açýandygyny-da nygtap geçen Muttaky soñky geçirilen barlaglara esaslanyp, wegetarianlaryñ has sagdyn adamlardygyny aýdyp sözüni jemleýär. Muña garamazdan dünýä boýunça wegetarianlaryñ iñ az çykýan topary musulmanlardyr.

• PYGAMBERI DIÑLÄNOKLAR

Döwürdeş yslam alymlaryndan B.A.Masri-de yslamyñ haýwanlara bolan garaýşyny beýan edýän "Islamic Concern for Animals" kitabynda musulmanlaryñ Hezreti Muhammediñ (s.a.w) haýwanlara hoşgylaw çemeleşmelidigi baradaky öwüt-ündewlerine gulak germeýändiklerini aýdýar. "Eger mallar ýetişdirlende, daşalanda, öldürlende ýa-da zulma uçranda olaryñ etini haramdyr. Malyñ damagy çalnanda düzgünler doly berjaý edilýänem bolsa, haýwan haýsydyr bir ezýete uçrasa, eti bize haramdyr." diýýär.

• Aslynda biz etçilem däl ahyryn

Örän paradokslaýyn ýagdaý, emma hakykat. Adamyñ beýnisi - gadymyýetde ata-babalarymyz ot iýmekden el çekip et iýmäge başlansoñ ösüp başlapdyr. Emma adam biologiki taýdan etçil ýaradylmandyr.
Adam eti çigligine iýmeýän ýeke-täk jandar. Aw etmek üçin penjämiz, kesiji ötgür dişimiz ýok. Elimizde her dürli ýarag bolmasa, iýmeg-ä beýlede dursun, haýsydyr bir haýwany ele salyp güýlmegimizem mümkin däl. Iýmit siñdiriş sistemamyz et iýýän jandarlaryñkydan ep-esli uzyn, et iýýän keýikleriñkä meñzeş gurluşy bar.
Waşingtonyñ Worldwatch institutynyñ hünärmenlerinden Braýn Halweýl antropologik görkezijilere esaslanyp, adamda aşa köp et iýme isleginiñ bolmazlygynyñ gerekdigini aýdýar. Et sarp edijiligi medeniýet we ýerli tebigy şertler bilen baglanyşykly dörän zat. Meselem, eskimoslar ýaşaýan tebigy şertlerine görä ýeke gysym ösümlik iýenok. Emma adamyñ iýmit siñdiriş sistemasy lif derejesi ýokary gök ösümlikleri iýmäge has amatly görünýär. Adamda döreýän ýürek agyrylary we düwnük ýaly keselleriñem aşa köp et iýmekden ýüze çykýandygy çaklanýar.

24.02.2002 ý.

Aýşe ÖZEK KARASU.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 146 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Özek Karasu | Рейтинг: 0.0/0
Edebi makalalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 20
0
20 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Gepem Jan almakda barda. Öleniňdensoň etini mör möjek iydi name, adam iydi name? Yok, bu meseläni gan görmekden diyjek bolsaň, onda ganyň icinde gezip yören lukmanlar bar, we ş.m.. Yöne olarda beyle alamatlar bolmayar eken.

0
18 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Isle doga bilen kes, isle gownüňe getirman kes, tapawudy yok, barbir yanky sanalan alamatlar bolyar. Diymek bu işde bir yalnyşlyk bar

0
19 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Meň pikirimçe hiç hili ýalňyşlyk ýok. Ýöne ýoluny-ýordamyny bilýän däldir. Seň setirleriň arasynda aýtjak bolýanyň "jan alsaň boljagyň şol, ýatyp bilmeýäň we kelläň agyrýar".
Onda saňa sorag agam! onda näme üçin, seň aýdyşyň ýaly "jan alana" azap barda biz ýaly et iýýänlere hiç zat ýokmy? Ýagny et iýseň bolýar, janly soýsaň bolanokmy?

0
17 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ynsan islendik etjek işini öz bähbidine arap etyar. Maly Huday yoly ucin kessede, buny Hudaýyň yalkamasy ucin etyandir. Tebigatyn bilinmeyan syrlary kän...

0
16 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Aytmak islanim, jan almak gowy dal. Men tanayan gassaplam hä "jan aldymy" gownine getirjek adamlar dal. Bu yagday dini başgalarda hem şeyle. Jan alan adama rahatlyk yokdur. Hatda ol in zalym adam bolsada. Malyn eti suyji diyip, dine, öz bahbidinize sazlamalydal

0
12 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Her bir jandaryň öz ruhy bar. Bir gezek maňa itiň etini dermanlyk hokmünde iymeli diydiler, onsaň menem bir gowja güjüjek tapdymda boynuny sogurdym. Şo gun gije duyşumde meni itler ceynedi. Yene bir mysal, islendik mal öldiryan gassap gijelerne yatyp bilyan daldir, gozleri gyzaryp, kelle agyrdan ejir cekyarler

0
14 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Howa item bolsa ruhy bar ýöne akyly ýok. Hiç bir zady peýdasyz ýere öldürmelem däl zaýalamalam däl. Nähak ýere öldüren bolsaň kyýamat güni item bolsa haky soralar.

0
15 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Gassap bilen söhbetdeş bolupdym. Janly soýdurup otykam soraglar berdim. Seň aýdyşyň ýaly kösenýär ekeni. Ýöne gepläp durkada bir giden damak gana aýagy bilen basyp işläp dur. Damak gan basmaly dällä. Ýatyp bilmetsiňdä onsoň. Diýjek bolýanym usulyny bilmelimika diýýän we diliň dogaly gezmelimika diýýän.
Birem gassap jan aldym psihologiýasyndan saplanmaly. Sebäbi peýdaly iş edýäler ahyryn. Al janlynyň ykbaly şolar ýaly.

0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Guycliler ejizleri ezmeli. Tebigatyn yalnyşy

0
10 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Eger hayvanlar konuşabilseydi, onlari kesip yemeye cesaret edemezdiniz. Volter

0
13 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Alla Tagala daş töwerekdäki zatlary ynsanlar peýdalansynlar diýip ýaratdy. Tak çto şolar gepläp bilýänem bolsadylar eger-de biziň ulanmagymyz üçin ýaradylan bolsalar peýdalanardyk ýenede. Wolter eke näme diýse diýibersin.
Ýöne gepläp bilenoklar sebäbi akyllary ýok. Akyllary bolmandygy üçinem olar synaga tutulmaýalar.

0
9 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Gurbanlyga garşy wegetarian musulman hereket

Makalaň adyny bir dogry alaýmaly ekeni iň bolmanda. Yzam näme arassa wegetariankaň diýäýjek zatlary. Halamasagam garşymyzdaka "sen iýme, haram ol, meň (d)iýýänim bilen bol" diýlip durulanok. Ýazmalymyş diýilse, wurreýlik edýäler gy. Adam hukuklary dolulygyna goralyp gutaryldy. Boldy indi adamlarda hiç hili problema ýok. Hezillik döwri başlandy. Hiçim hiçimiň göwnüne degenok. Dünýä asuda, parahat. Geliň ondo indi haýwanlaryň ugruna çykalyň.

0
8 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Awror "wegetarianlaryñ iñ az çykýan topary musulmanlardyr." diýip ýazypdyr welin hamana ullakan zatdan galan ýaly musulmanlar.

0
7 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
"aşa köp et iýmek" her dürli kesellere sebäp bolýar diýipsiň welin Lýuboý zady aşa iýseň saglyga zyýanly. Et gymmat zat, aşa iýdirenok.

0
6 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
1500 000 sany soýulan janlynyň diňe 600 000 sanysy paýlanyp galany zyňylýar diýen epizodyň ýalan.

0
5 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
PETA haýwanlaryň hak hukugyny goraýan gurama dünýäde plany ýokka Yslam diýni musulmanlara haýwanyň hak hukugyny goramak barada aýdan. Musulmanlary olary berjaň etmekde jogapkär eden.
Howa talaba laýyk soýmaýan bardyr, baram. Şolary düzetmek barada makala ýazmaly. Adamlara Gurbanlyk kesmeseňem bolýar diýdirjek makala ýazandan düzedeniň gowy bolar.

0
4 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Ýokarda gök-sök diýjek bolandyryn. Ýalňyşrak ýazylypdyr.

0
3 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
"biz adamlar etçi, diñe et iýip oñmaly diýip ýaradylmadyg-a"
Diňe et iýip oňup ýören halk barmy. Öňünden aýdaýyn Eskimoslar we şoňa meňzeşler aýdylýanlara mysal bolup bilenok. Bu ýerde umuman gürrüň edýän. Eskimoslar dünýä halkynyň 1% tutanok. Şeýle bir ýerler bar welin adamlar agzyna bir lukum girse (näme bolsada) şükür etjekler.
Biologiki sebäplere görä adam hem et hem-de göz önüm iýmäge ukyply edilip ýaradyldyk. Adamyň hem kesiji, parçalaýjy hem-de çeýneýji dişi bar. Adamyň iýmit siňdiriş sisremasam göz sögem, etem siňdirmäge ukyply.
Ot iýýän haýwanlar et siňdirip bilenoklar, et iýýän haýwanlar ot siňdirip bilenoklar.

0
2 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Şu makalanyň awtory halys haýwanlara haýpy gelip ýazylan bolsa gurbanlyk bilen bagly bolmazdy. Hiç zatdan habary bolmadyk adam makalany okaýsa, dünýäde diňe musulmanlar et iýýän ýaly, diňe musulmanlar haýwanlary awtoryň aýdyşy ýaly "öldürýäler" diýip pikir eder. Musulmanlar janlyny gurbanlykda daş zyňyp, ok atyp öldürenok. Musulmanlar gurbanlykda janlyny gurban edýäler. Hem-de Mukaddes Gurhanda "gurban kesiň" diýýär, mundan başgada "garyplary doýuruň" diýýär. Başgada gurbanlyk bilen bagly kän aýat bar. Awtoryň ýazyşy ýaly "Kuranyñ gönüden-göni mal öldürip gurbanlyk etmegi buýrup-buýurmandygy baradaky mesele welin aýry bir sebäp." goşadyrnakdaky ýalan gürrüň.

0
1 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Makalaň niresine seretseň komentariýa ýazasyň gelip duraý. Birinjidenä makala islamafobi göz bilen ýazylan. Hamana Aýşe Özek Karasu yslamyň belli alymy ýaly ýazypdyr. Awtor öz ýazan zatlaryny hakykatdanam ynanyp ýazan bolsa onda awtor kapyr. Kapyr bolubam yslamyň düzgünlerini agzap musulmanlaryň kellesini bulajak bolýar. Umuman alanda şu makalanyň ýazylmagynyň maksady musulmanlaryň kellesini bulamak. Musulmanlaryň arasynda pitne ýykarjak bolýar. Adamlary dininden sowaşdyrmak bolýar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]