08:27
Gurbagaly Magrupy / hekaýa
GURBAGALY MAGRUPY

Sagat on.
Megerem, her kim – okuwly okuwyna, işli işine, pişeli pişesine – garaz, barmaly ýerine baryp, joňkarmaly ýerinde joňkarandygy sebäplidir. Awtobusda dik duran ýok.
Yzky oturgyçda – tahýa, galstuk, ak köýnek, gara jalbar, gujagynda soňky ýyllar “ýanjyk” diýip atlandyrsaň sogap hasaplanylýan portfel, aýagynyň ýanynda “sebet” diýseň “dürs” diýiljek, gara paket – talypdygy sypatyndan bildirýän ýaş ýigit irkilipdir.
- Eýsem-de bolsa arly gije şöwür çekip sapagyna taýynlanmandygyn-a, Göroglyň heleýiniňki ýaly dyrnagyma garap, gurra taşlamamda-da bilýän! Uzak gije gözüni, hol araky kinodaky meýdi ýanmyş Drakulaňka dönderip, telefonda oýun oýnandyr-da! Indem ukudan ýaňa gabagyny galdyrmaga haly ýokdur! Sewäp diýseň, öz agtyklammam şeýle! Diýýäň-diýýäň, gygyrýaň, gohlaýaň – olaň bolsa piňine-de dä. Edil ýöne, eşegiň gulagyna ýasyn okaýamykam diýip, öz-özüňe müňkür bolup başlaberýäň, gyz...-diýip, gapdalky hatarda, ýigdiň gabadynda oturan garry daýza, hüňürdäp, oturdaşyna zeýrenýär.
Sürüjem, meger-de bolsa, ilki bilen-ä radiohon, galyberse-de radiohonyňam bagşyhony bolmaly. Radiodan Gurbanaly Magrupyň goşgusyna aýdym, pessaýragam bolsa, awtobusyň içini dolduryp eşidilýär. Özem ol owaz şeýlebir mymyjak welin, daýza diýmiş: “arly gije Drakula dönüp oýun oýnamadyk” bolsaňam, oturan ýeriňde uklatjak...
Eý ýaranlar, halaýyklar,
Çyn gözeller kanda bolar?
Haýh!
Eý ýaranlar-ow, ow, ow!!!...
Halaýyklar!!!
Haý halaýyklar!...
Çyn gözeller-ow, ow, ow!!!
Haýh!!!
How, how, how...
Kanda bolar?
Kanda bolar?
Kanda bolar-ow?!
Ow, ow, ow...
How, how, how...
Gün görmeýen melaýyklar,
Ürgenç bilen Hotandadyr.
Haýh!
Ürgenç bilen-ow, ow, ow...
Hotandadyr!!!...
Şo pille-de, ýa aýdyma melul bolan sürüji üns bermedi. Ýa-da gapdalyndan zymdyrylyp geçýän ulaglaň biri päsgelçilik döretdi-de, sürüji sowlup ýetişmedi. Awtobus löňküldewüge düşdümi nämemi, silkindi. Awtobus gobsunanda-da, arasynda çalaja horam çekýän talyp ýigdiň aýakýanyndaky sebet ýykyldy. Agzam açyldy. Ondanam üç litrlik çüýşäň bokurdagy jyklady. Soňam “pyk” etdi-de, çüýşäň agzyndaky plastmas gapagy gaçdy.
Muňa-da hiç kimiň pitiwa etmedi.
Öňki-öňkülik.
Her kim öz aladasyna gümra.
Hezillik takmynan on-onbäş sekuntdan soň başlady...
Talypdan iki oturgyç öňde oturan gelin, alma gyryndysyndan püre-pür lançigi açypdyr-da, plastmas çemçejik bilen tos-togalajyk topa çalym edýän iki-üç ýaşlyja ogluny naharlaýardy.
-Iýeweri oglum, iýeweri! Ýaňy öýde-de sähelçejik çüm-süm edip, halys gözümiň alnynda horlanyp, igläp, gidip barýaň ahyry! Sered-ä muňa! Boýunjygyň dagy almaň sapagyna dönäýipdir-ä...
Tokarja oglanjyk bolsa, ejesiniň susýu-musýu süýnüp-sarkmasyna halys werziş bolup giden bolara çemeli. Şujagaz kindiwanja ömri ýaşanam bolsa, hatyn dyzmaçlygynyň öňünde ýan berip başyňy gutaraýmasaň, özge alajyň ýokdugyna ymykly akyl ýetiren dananyň takdyra ten bermegi bilen garaja gözüni ýumjukladyp, düýbünden iýesi gelmeýändigi mese-mälim, uzadylanyny iýip otyrdy.
Birdenem...
“Warryk!!!” etdi-de, gelniň elindäki lançigiň içine patylap gurbaga gaçdy. Özem bir ýürekbulanjy çalymtyk-ýaşyl, daşy şireläp-şepbeşip duran semizi. Misli, “Göreniň ýüregi bulanyp, ögesin-le!” diýen pis niýet bilen, ýöriteläp, elinjek baga bakylan ýaly. Lançigiň içinde jan saglyk üçin iňňän peýdaly alma gyryndysyndan wannany kabul edip, ýumurtga guzlajak towuk kimin çommalyp, gözlerini petredip, jikjerilip oturyşam bir näteňet.
Hamana: “Nä genneje, çagaňa beýdip, zorlap dykyp, onna üç arka bäri köýüp ýatan kastyň bamydy? Honha oňa gara! Eýýäm haçan, onna ožirenýaň azynnan II derejesin-ä başladypsyň-a-how!” diýip, öz-ä bir pohly gurbakga halyna, bihaýa tekepbirlik bilen tejribeli diýetolog deýin diagnoz goýýana meňzeýär.
Şäher çagasy, munuň ýaly betgelşik gurbagany gözi öwrenişer derejede, öň nirede ine-gana görüpdir?!
Öňem ejesiniň somlaýan alma gyryndysyny bokurdagyna zoraýakdan dykalaýan oglanjyk, lançik içre gözüni gyrpyldadyp, keýp gapyp oturan gurbagany gören dessine, “wö-ö-k” etdi-de, eňterdi, barça iýdirilenini ejesiniň etegine!
-Wa-eý! Bu ne bela?-diýdi-de, gelnem gurbagaly lançigi eliniň tersi bilen eteginden kakyp goýberdi.
Şo müddet yzda gopýan gohdan bibahar sürüjem, diňläp barýan aýdymyna sähel-mähel göwni joşdumy nämemi, radionyň sesine birneme bat berdi.
Haýh!
Üstüne mahmal atdyran,
Ýüzüne perde tutduran,
Her ne diýenin etdiren,
Näzli maral Buhardadyr.
Haýh!
Näzli maral-ow, ow, ow...
How, how, how!
Buhardadyr...
Haý Buhardadyr-ow, ow, ow,
Buhardadyr!
Palçyldap ýere düşen semiz gurbaga-da, salonda ýaňlanýan halk aýdymyna ses goşup, janygýan bagşynyň “hähini” bermäge howlugýan dek, üstünden düňderilen lançigiň astyndan hasam beter sogduryp, uzyndan-zorruk:
-War-r-r-ryk! War-r-r-ryk!-etdi.
Gelniň çirkin sesidir, ýüregi bulanan oglanjygyň galmagalyna aňk-taňk bolan ýolagçylar, heniz nämäň-nämedigine düşünip ýetişmänkälerem, ýaňky talyp ýigde käýinýän daýzanyň öňündäki oturgyjyň ýeňsesine “palç” edip, nähilidir birhili ýaşylymtyl, tegmil-tegmil bir zat malçyldap düşdi. Ýüzüne suw syçran ýaly bolan garrynyň burnuna, ýata suwdyr, gurbakga pohunyň süýjümtik-heňli ysy hapylap urdy.
Oslagsyzlykdan ýaňa gözüni ýumjukladan garry, oturgyjyň erňegine gaçan zady saýgarmak üçin şowakör gözüni ýiteldip seredende, özüne garşy tiňkesini dikip, dykgatly jiňkerilýän gurbaga gözi düşdi. Ol ýürekbulanjy, misli özüniň saýgarylanyny aňan dek, uzyn gyzyl dilini çykaryp ýalmandy-da, edil: “Garry, ile at dakman özüňi oňar, bolýamy? Bü nä, özüň hiç wagt ýaş bolup görmedik ýaly-la-how, sen daýza!” diýip, gyjalat berýän dek, öz dilinde “warryldap” goýberdi.
Haý! Indi neneňsi betnyşan bolanda-da, haýsydyr bir gurbagadan üýşenip-tisginjek bolsa, ondanam bir garry daýza boljakmy?!
-Häý, wäheri ýanan mojuk diýsäni! Gör-ä muň monjuk gözüni çerreldip, jikjeren bolaýyşjygyny! Nä, maňa jüýjerilen bolýaň, gyz?! Maňa beýdip gözjagazyňy çakgyň çüýüne döndereriň ýaly, sen kimmişiň, gyz?! Ömürboýy ärim pahyr maňa beýdip seredip bildimi, gyz?! Inni gel-gel sen-gurbakgajyk maňa gözjagazyňy gülle ederiň ýalaky, hä?!-diýip käýinjiredi-de, beýle aýgytly herekete garaşmadyk gurbagany oturgyjyň ýeňsesinden eli bilen pyzyp goýberdi. Üç mertebe ýakasyna tüýkürdi:
-Tüf-tüf-tüf! Zähräm-ä ýardy, meýdi guramyşyň warrygy! Şu pille nirden çykdy gyz, o wäheri ýananyň biri?!
Soňam öňlügine garady-da, sürüjä gygyrmaga başlady:
-Gyýw, şopur! “Şopur” diýýän, aýdymy başyny iýen, meýdi guramyşyň keri diýsäni! Eşidýäňmi, gyýw?! Bü nä, irden öýüňden gaýdaňda, bi awtobusyňy syryp-süpürip ýuwup gaýtmyýaňmy?! Bi nä munyň içini gurbaga mesgenine öwräýipsiň-le! Saňa diýýän, meýdi ýanmyşyň gaflady! Nä, çyndanam eşitmän otyňmy? Ýa eşitmedik bolan bolýaňmy, hä?! Näme, ýa öýňüzze heleýiň ikiňiz, bi depäňe ýumrulmyşyňy towuk deregine çorba atynyp iýmek üçin warryk bakylýan gurbakga ketek edinip ulanýaňyzmy?!
Aýdyma gümra sürüji bolsa, hakykatdanam eşitmeýär.
...Ala köýnek, dony belli,
Syýa gara saçy telli,
Uzyn boýly, süýji dilli,
Mylaýymlar özbekdedir.
Haýh!
Uzyn boýly-ow, süýji dilli!
Haý mylaýymlar-ow, ow, ow,
How, how, how...
Özbekdedir!
Özbekdedir!
Özbekdedir-ow, ow, ow,
Özbekdedir!
Ýeri bolýar. Dessanlarda diýmiş, aýagaldygyna sögünjiräp oturan, gaýduwsyz daýza munda galsyn. Aýdyma aşyk, saza melul sürüjem onda galsyn. Indi habary kimden al?!
Indi habary, edermen daýzaň bir kakuwda honda atyp düşüren gurbaga beginden al! Gör-bak, näler düşdi başyna!
...Şol atylyşyna kelemenläp giden gurbaga, howada üç pyrlanyp gaýdy-da, gapdalky hatarda, üç oturgyç öňde oturan, daýawdan gelen, saçlary üýtgeşik belent görnüşde timarlanan, ýakasy açyk, jim-gyzyl ýüpek köýnekli, orta ýaşlaryndaky bezemen hanymyň, “pat” etdi-de, düşdi ýaýbaň göwsüniň üstüne.
Ol ajaplygam ýöne-möne ajaplyk dagy däl. Tarypyn diýmek üçin, gözellik waspyny etmegiň deňsiz-taýsyz ussady – Magtymguly Pyraga ýüzlenäýmeseň başga alaç ýok. Özüňden tapyb-a ne diýip, ne goýsaňam, ejiz ýa garyp geljek.
Şonuň şu ugurdan bir şygrynda-da aýdylmyş:
“Bir ýar bergil etli, ganly...
...Könli giň, göwsi meýdanly...”.
Ine şonuň ýaly ajap “meýdanly” mekanyň üstüne gonan gurbaga-da, allaniçigsi bolup, “Hiýh!” ede içini çekäkge ziňkildäp giden hanymyň gobsunmasyna aljyradymy nämemi, “warryk” etdi-de, dynnym ýalyjagam säginmedi. Yzky aýagyny hanymyň deňiz deýin tolkun atyp duran ak göwsüne diredi. “Ýa Allam! Ylaýym, nesibäme Özüň gowusyny ýazan bolaýadygyňdyr-da! Özüňden medet! Suw ýa saman, güjüm ýa garaman!” diýýän pisint, mundan soňraky ykbalyny Haka tabşyryp, ýokarylygyna bökdi.
Awtobusyň radiosynda gyzylödegini üzere getirip, jepa çekýän bagşy bolsa, bu pille Magrupyň sözleridir, öz çalýan sazynyň içinde eräp, heňi dagam labyzlanyp, barha joşýar.
...“Alaý-şulaý!” diýip sözlär,
Ýorga münüp, ýylky gözlär...
Haýh!
“Alaý-şulaý!” diýib-ow sözlär!
Haý sözlär-ow, ow, ow...
Waý, sözlär!
Wa-a-h, sözlär-ow, ah sözlär!
Haýh!
Ýorga münüban!
Haý, ýorga-how, how, how!
Münüb-ow, ow, ow!!!
Wah, ýorga münüp,
Ýylky gözlär!!!
Ýylky gözlär!
Ýylky-y-y gözlär...
Şol pursat daş-töweregindäki goh-galmagala bimaza bolup, talyp ýigit ukudan açyldy. Dem salym gözüni açalak-ýumalak edip oturandan soňam, geçitde ýatan lançigiň astynda henizem aýdyma ses goşup “warryldaýan” gurbagaň sesini eşitdi. Gözüniň gyýtagyny aýak astyna aýlan badyna-da ähli zada düşündi. Tisginip gitdi. Ukusy zym-zyýat boldy. Hasyr-husur egildi-de, pakedini açdy. Daşyna, erkinlige müňzeşip çykmaga dyrjaşýan gurbagalary yzyna dykalap, çüýşäň gapagyny geýdirdi. Bir bakanda onuň içindäki gurbagalary tükelledi.
“Bary-ýogy iki sanysy gaçypdyr. Galany çykyp ýetişmändir. Gaçgaklaňňam bir-ä hahna, lançigiň aşagynda. Beýlekisi nirde?!” diýip, ýyldyrym çaltlygynda pikir öwürmäge ýetişýän ýigit, sähel salymda çar ýanyny nazary bilen gyzyl-dörjük etdi.
Bada-badam beýleräginde, özi ýaly, kellesini aýna ýaplap, uklap ýatan biriniň papagynyň üstünde hekemsiräp oturan gurbaga, gözüne ildi.
Ol megerem, gurbaga awlamak sungatynyň düýbüni deşen bolmaly, özüne hüşgärlik bilen jiňkerilýän warrygy ürküzmezlikden ötri, haýaljakdan dikeldi-de, dähedem-dessemläp diýen ýaly, şol tarapa süýşüp ugrady.
Bagşy bolsa aýdymyny dowam edýär.
...Sagrysy bäş garyş gyzlar!
Haýh!
Sagrysy-how, ow, ow!!!
Bäş garyş-how, how, how!!!
Gyzlar!
Gyzlar, gyzlar!!!
Sagrysy-y-y bäş garyş gyzlar!!
Aýdymyň bu setirem, heniz öýlenmedik zaňňaryň aňyna ýetdi-de, dessine kalbyna ýelmeşip, ýüregine jüňk boldy duruberdi. Gije-gündiz telefonda oýun oýnaý-oýnaý, islendik täze maglumaty bijaý çalt ölçerip-döküp, netije çykarmaga endik edip gidenem ýaş beýnisi bar. Gaty tiz ähli hasaplamalary geçirdi.
“Erkek kişiň bir garyşy – ortaça ýigrimi santy bolýa. Şondan bäş sanysam, ylaýyjak bir metr bolýa duruberýä! Baý-baý-ow!!! Gopdy-y-y!!!”.
Ýigrimi ýaşyň “men” diýen dälisi, her gün irden oýananda-da kişňäp oýanýan zaňňaryň çagasy! Hasaplamasynyň netijesini çeper hyýalynyň kömegi bilen gaýybana göz öňüne getirjek bolýar.
Paşmaýar.
Elini giň açyp, hasaplap çykaran ölçegini aňynda janlandyrmaga öz-özüne ýardam berýär.
“Gopdy-y-y!!!”.
Oturgyçlaryň arasyndaky geçitde söm-saýak aňalyp durşuna, giň açylan elleriniň arasyna seredip, ondan galamasyny beýnisinde dikeldensoň, öz aňynyň bir demde döredip beren hyýaly şekiline aňkaryp dur.
“Gopdy-y-y!!!
Ýaman äpet bolýar-aý!” diýip, içinden oýlanýar-da, şo pursatda gurap äňine ýelmeşen dilini zordan gymyldadyp, işdämenlik bilen ýalmanýar.
Aýdym bolsa dowam edýär.
...Sagrysy bäş garyş gyzlar,
Gazak bilen galpakdadyr!
Haý, gazak bilen galpakdadyr-ow,
Galpakdadyr!!!...
Onýança, eger-de sülçi ýa-da anyklaýjy wezipesine bellenäýse, her aýky jenaýatyň üstüni açma görkezijisiniň pesliginden-ä jinnekçe horluk çekmejek garry daýza, hemmeje zady saýgaryp-seljermäge ýetişdi-de, şerraý sesi bilen talyp ýigdi özüne getirdi:
-Gyý-ýuw! Ulalyp oňalman geçen! Asyl, bü nejisler senden gaçdymy?! Tut-a inni bir o meýdi kakmaç bolmuşlaňňy! Giden awtobus doly milleti gurbakga pohuna batyrdyň-a, sypaty guraman galan!
Ýigit tisginip hyýalyndan açyldy-da, bir ädende papak üste sermi-sal gurbagany garbady. Ýüzüni boz-ýaz edip yzyna gaýdyşyna-da, lançigiň astyndakynam aldy. Ikisinem çüýşä saldy. Onýança duralga ýeten awtobus togtady. Dumly-duşdan ýagýan käýinçdir-igençlere ýüzüni sapajak-supajak edibem, goşlaryny aldy-da, haýdap awtobusdan düşüp gitdi.
-Bi näme, bi işigaýdanyň çagasy, çüýşe doly gurbagany näme etjek bolýaka? Bişirip iýjekmikä? Ýa dermanlyk beýlekä dagy ýaratjakmyka?!-diýip, onuň yzyndan ýazgaryjy garaýan daýza, tüweleýlemegini bes etmeýärdi.
-Dermanlyk näme işlesin-le, daýza,-diýip gargynjyrap, etegini çygly süpürgije süpürýän gelin, beletlik bilen hüňürdedi:-Ýoldaşym lukman. Şolam şular ýaly okaýarka, haçan görseň: “Wiwiseksiýa sapagyna gurbakga tutup eltmeli” diýip, çüýşede warryk daşar ýörerdi. O wagt obada ýaşaýadyk. Onnoň obşitdäki ýoldaşlaram şäherde nirden gurbakga tapsyn?! Hemmesi garamatyny meňkiň üstüne ataýýardy. Onnoň olam bir dözümsiz, diňe özi üçin tutunaýman, “olara-da gerek” bahanasy bilen, onlap gurbaga çüýşesinde müňňül-müňňüldir...
Aýdym bolsa dowam edýär.
...Döwletýar deg diýr, öwmeli,
Ýakasy goşa düwmeli,
Haý, başy tylladan egmeli,
Çyn gözeller türkmendedir!
Haýh!
Çyn gözeller-ow, ow, ow!
Türkmendedir!
Türkmendedir!
Türkmende-e-e-dir...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 131 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 9
0
7 mango   [Материал]
şujagaz ýerine gabanjak boldum (gelişdirmedim)....

Ol göwüslerem göwüs dagy däl. Tarypyn diýmek üçin, şuň ýaly zatlaň göre-bile ussady – Magtymguly halypa ýüzlenäýmeseň başga alaç ýok. Özüňden tapyb-a ne diýip, ne goýsaňam, ejiz ýa garyp geljek.
Şonuň şu ugurdan bir şygrynda-da aýdylmyş:
“Bir ýar bergil etli, ganly...
...Könli giň, göwsi meýdanly...”.


magtymgulydan alnan setirler onuň "göwüs meseleleriniň ussadydygyny" aňladýarmy?
---
hekaýa - boljak.
serdar kakada her gezekde bolşy ýaly özünden geňje sözlemler ulanýar.
* ...garry daýza, hüňürdäp, oturdaşyna zeýrenýär.
* Awtobus löňküldewüge düşdümi nämemi, silkindi.

bäş garyşy hasaplap hyýalynda janlandyrýan ýeri gyzykly....
men-ä onuň yzy bir wakalara ýazar öýtdüm welin... daýzaň gykylygy päsgel berdi öýdýän. :-)
(maglumat: meniň garyşym 22 sm boldy. 22*5=110. "Ýaman äpet bolýar-aý!")
----
şol aýdymyň sözlerinem aýratynlykda doly okap görüp bolarmyka?
magrupyny.

0
8 Bagabat   [Материал]
Kanda bolar

Eý, ýaranlar, halaýyklar,
Çyn gözeller kanda bolar?
Gün görmeýen melaýyklar
Ürgenç bile Hotandadyr.

Üstüne mahmal atdyran,
Ýüzüne perde tutduran,
Her ne diýenin etdiren
Näzli maral Buhardadyr.

Ala köýnek, dony belli,
Syýa gara saçy telli,
Uzyn boýly süýji dilli
Mylaýymlar özbekdedir.

«Alaý-şulaý!» diýip sözler,
Ýorga münüp, ýylky gözlär,
Sagrysy bäş garyş gyzlar
Gazak bile galpakdadyr.

Döwletýar beg diýr, öwmeli,
Ýakasy goşa düwmeli,
Başy tylladan egmeli,
Çyn gözeller türkmendedir.

Gurbanaly Magrupy. «Ýedigen» kitaphanajygy – Asgabat: «Turan» nesirýaty, 1991. 2-nji sahypa.
Çeşmesi: https://www.kitaphana.net/book/612. 18.09.2021ý.

0
9 mango   [Материал]
bet-aý magrupy.
ürgençlini, hotanlyny, buharlyny, gazagyny, galpagyny... öwdi-öwdide iň soňundan "Çyn gözeller türkmendedir" diýädimi?
türkmeniňkiden galany фальшивый, türkmen gözelligi оригинал - diýdi oturyberdi.
onam ussatlyk bilen diýýä, özbek-gazak-galpak öýkölämesin diýip...
ussat.

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Ýöne geñ gördüm, gurbaga şolar ýaly dişlek bolýarmyka? Bu golaýda gurbaga görsek, tutup ernini açyp görmeli boljak :))

0
6 Bagabat   [Материал]
Ýok-la, @Haweran. Gurbagada oň ýaly syrtaryp duran diş nämişlesin?! Fotoşopda ýa-da koreldraýwda kollaž edilendir-dä. Hekaýa hörpdeş bolandygy üçin inetden alyp goýaýdym.

0
3 Bagabat   [Материал]
Gurbanaly halypamyzyň şu goşgusyna aýdymy diňläp görelim bäri, şuňa meňzeş bir zadyň sýužeti şo kellede aýlandy ýördi. Megerem, öz şygrynyň şeýdip, adamlaň şähdini açmak üçin peýdalanylmagyna nusgawy şahyrymyz ynjamasa gerek. :-)

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Gül ýaly, ýerine düşüpdir.

-1
1 Hаwеrаn   [Материал]
"Gurbanaly agamyzyñ adyny ýalñyş ýazdo-ow Serdar aga" diýip, düzetmäge girdim welin, asyl gurbaga duran bolsa näme syrtaryp. :))

0
2 Bagabat   [Материал]
Hekaýaň ady çalaja özüneçekiji (intrigalyja) bolsun diýip etdim-le.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]