03:16
Günleriñ yşky
GÜNLERIŇ YŞKY

Günler ýene ýola düşdi,
Ýyllardan hem barýar ozup.
Durmuş geňsi, ömür düşbi,
Günortada demirgazyk.

Günler ýene ýeke aşýar,
Geçýär ykballaň içinden.
Men saňa ýeke garaşýan,
Soraýan her bir geçenden.

Müňläp durmuş bakýar maňa,
Ol kim? Kimi gözläp ýanar?!
Ençeme gözlerden ýaňa,
Ýitigini niçik tanar?!

Ýitirmedim hem ýitmedim,
Onuň özi tapsyn meni.
Günüň yzyndan gitmedim,
Garşy almak üçin seni.

Aýak basan köçeleriň
Serilip ýatyr birgeňsi.
Ulularyň, kiçileriň
Boluşlary, gör, neneňsi?

Günler gözümden düşündi,
Kä çyglansa biygtyýar.
Galan zatlar hiçdir indi,
Sebäbi meniň senim bar.

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Aksary | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
Eje / Goşgular - 26.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]