21:48
Güneş saña nurun ýapypdyr serpaý
GÜNEŞ SAÑA NURUN ÝAPYPDYR SERPAÝ

Maý,
Maý,
Maý,
Baýramlara baý
bu aý.
Biziñ ýüreklerde tapypdyr ol jaý.
Ine, ýene geldi güler ýüzli Maý,
Şatlygny nur edip seçip barýar paý.

Baýdaklar parlaýar
köçelermizde.
Çykdy bu gün köçä
gojalarmyz-da
Barýarlar eneler,
barýar gelinler
Çykdy bu gün
köçä kiçilermiz-de.

Ýene ýatlamalar,
ýene pikir-oý.
Başymyz sypaýar eli gülli Maý.
Biz bagt tapýarys mydam bu aýda.
Biz beýik Ýeñişe ýetipdik Maýda.

Döşlerde ordenler
hem-de medallar,
Biziñ weteranlar -
biziñ merdanlar,
Göterip ýürekde şatlygny Maýyñ,
Hatarlara bezeg berip barýarlar.

Ýene ýatlamalar,
ýene pikir-oý.
Şanly senelerden doludyr bu aý.
Ýüz altmyş ýyl ozal beýik genini -
Marksy-da dünýä beripdir şu Maý.

Dynçlygyñ-dostlugyñ baýramydyr Maý,
Joşdyrýar ýüregi deprekdir surnaý.
"Ýaşasyn..."
"Ýaşasyn, eli gülli Maý!"
Hoş niýetli sözden dolýar bu howa.

Bu gün iñ kiçijik obalarda Maý,
Bu gün uly-uly şäherlerde Maý,
Baýramyñ şanyna çykyşyp tansa,
Ýigitler hem gyzlar gurap barýar aý.

Şatlygyma mydam şatlyk gatanym,
Gülle sen, Watanym,
Joş sen, Watanym,
Bu gün gujagyñda eli gülli Maý.
Günem saña nurun ýapypdyr serpaý.

1978 ý.

Şadurdy ÇARYGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Haweran | Теги: Şadurdy Çarygulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Ýüregim bir seni görkezýän kompas / Goşgular - 13.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Пистолет одиночества / Goşgular - 21.02.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Gysga satiralar, kelte setirler / Goşgular - 04.02.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
"Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]