22:00
Gündelikdäki ýazgylardan
GÜNDELIKDÄKI ÝAZGYLARDAN

(Ýazyjy-şahyrlaryň gürrüň bermeginde ýazylyp alnan, şeýle-de käbir galamdaşlarymyň ýatda galan sözleri)

Bir gezek iş otagynda otyrkak, okyjylaryň biri gapydan girdi-de, Myratgeldi Berdiýewe ýüzlendi:
— Agam, bu günler gazetde görneňok-la...
— Aý, inim, biraz semräpdirin. Gazete sygamok indi...

* * *

Talyp ýaşlaryň biri:
— Menem iller ýaly bir ylmy iş ýazjak bolýan welin, görüp otursam, ähli zatlar oýlanyp tapylypdyr. Men näme açyş etjegimi bilemok — diýende, ony diňläp duran şahyr Seýitmyrat Geldiýew durup bilmedi:
— Bolmasa, inim, öňki açylan zatlary ýapyşdyryp çykaýsana...

* * *

Şahyr Kakamyrat Rejebow «Nesil» gazetiniň redaktory bolup işlän döwründe men gazetiň ýörite çagalar üçin «Nowça» sahypasyny taýýarlaýardym. Bir gezegem sahypa üçin materiallar azlyk etdimi ýa aýryldymy, bilemok, sahypaň şapbat ýaly ýeri boş galdy. Şonda Kakamyrat maňa ýüzlenip:
— Sahypaň boş ýerine bir zatlar tapsana — diýdi.
Men ýylgyrdym:
— Bolmasa, sahypanyň şol ýeri aklygyna (boşlugyna) durubersin! Surat çeker ýaly, çagalara sahypada boş ýerem gerek ahyry...

* * *

Kakamyrat Rejebowyň bir häsiýeti bar: ol eline düşen makaladyr goşguly kagyzlary çaň-tozany bar ýaly silkeläp, kakyşdyryp alýar. «Näme üçin beýdýäň?» diýip sorasalar, ol «Makalaň ýa goşgyň içindäki boş sözler ýere gaçar ýaly silkeleýän...» diýer eken...

* * *

Işden gaýtmagymyň öňinçäsi. Bu gün öýe gijiräk barmagyň pikirini edip otyrkam, birden telefonyma sms geldi:
«Bu bir biziň söýgimiziň häkisi,
Çagalaryň geläýmänkä ukusy,
Şu gün irräk gelermisiň, kakasy?!
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber».
Bu sms-i okap, derrew öýe ýumlukdym. SMS-i gelnim — Ogulbäbek ýazypdy. (Ýeri gelende aýtsam, ol hem meniň galamdaşym).

* * *

Bir gezek alym Ahmet Bekmyradow gumdaky çopanlaryň birine myhman bolupdyr. Çopan dymma bir adam ekeni. Ahmet aga şunça gepletjek bolsa-da, çopan agzyna suw alan ýaly bolup otyrmyş. Howa garalyp ugranda, Ahmet asmana seredipdir-de,
— Bu gün ýagyş ýagjak öýdýän — diýip seslenipdir.
Birsalymdan soň çopan ýuwaş ses bilen pyşyrdapdyr:
— Degme, ýagsyn...

* * *

Bir gün Atajan Tagan ýoldan geçip bilmän duran eken. Şol wagt ýol gözegçisi:
— Agam, bu ýerden geçmek bolanok. Hol-ha, pyýadalar üçin ýörite geçelge bar. Şol ýerden geçmeli — diýse, Atajan aga:
— Aý, inim, meniň aýagym agyrýar. Ho-ol aňyrdan aýlanyp geçmäge mende ysgyn-deramat ýok — diýipdir.
Ahyry ýol gözegçisi onuň elinden tutup, köçeden geçiripdir. Şol gün bu ýagdaýy görenler neşirýata şeýle habary ýaýradypdyrlar: «Bir etmişi sebäpli Atajan agany polisiýa tutup, alyp gidip barýar ekeni...».

* * *
Atamyrat aganyň köp gaýtalaýan sözleri hem setirleri:

«Gowy goşgy az ýazylýar,
Galanlarna saz ýazylýar».

«Zor bolmasaň gaçyşda,
Sypdyrmaz bir ýapyşsa».

«Käbir ýazyjy-şahyrlaryň özleri edebiýata ýük welin, üstesine-de, olar dogan-garyndaşlaryny hem süýräp getirýärler».

«Orazguly (Annaýew), Mara gideniňde, Gurt Näzlä aýtsana, käşir-sogan, hyýar-pomidor ýetişdirsin, ýöne şahyr welin ýetişdirmesin».

* * *

Bir ýaş şahyr täze çykan kitabyny il-güne paýlaýarmyş. Özi-de şeýle bir begenýärmiş welin, çeniň-çakyň däl. Ahyry bir gün ýazyjylaryň biri oňa şeýle diýipdir:
— Sen hemmelere kitabyňy paýlap ýörme. Birden ony biri okaýmasyn...

* * *

Bir gezek redaksiýa makala getiren bir ýaş talybyň ýazan zadynyň gowşakdygyna göz ýetiren Seýitmyrat Geldiýew onuň Moskwanyň Lomonosow adyndaky ýokary okuw mekdebinde okaýandygyny eşidip, daş-töweregindäkilere eşitdiribräk şeýle diýeni ýadymda:
— Hudaýyň bermedigini oňa Lomonosow nädip bersin?!

* * *

Atajan Tagan bilen Kakajan Durdyýew ýanýodadan ýöräp barýar ekenler. Atamyrat Atabaýew bularyň adyny tutup, yzlaryndan şunça gygyrsa-da, olar eşitmän barýarmyş. Ikisi-de depme ker bolansoň, hiçisi-de yzyna seredenok. Atamyrat aga «It üýrer, kerwen geçer» nakylyny üýtgedip, soň-soň şeýle diýer ýörerdi: «It üýrer, kerler geçer».

* * *

Kakajan Durdyýew ýogalanda, onuň gulak eşidiş enjamlaryny Atajan Tagana beripdirler. Hudaýberdi Diwangulyýewiň hem gulagy agyrrak bolansoň, bir gün ol Atajan Tagandan: «Gulak üçin täze enjam gerek boljak. Heý, amatly bahadan satylýan ýerini bileňokmy?» diýip sorasa, Atajan Tagan: «Men-ä Kakajany öldürip, gulak enjamlaryny aldym. Senem men ölýänçäm, garaşaýsana...» diýip, çynaberimsiz degişipdir.

* * *

Mämmet Seýidow bir gazetiň redaktory döwründe Atamyrat Atabaýew oňa jaň edipdir:
— Mämmet aga, gazet üçin goşgular toplumyny taýýarladym welin eltsem bolarmyka?!
Mämmet aga säginmän:
— Wah, getirsene. Şu wagt gazetden alyp galmaga material tapman otyrys — diýip degşipdir.

* * *

Atajan Tagan depme ker eken. Bir gün awtobusda onuň ýanynda bir ýaş ýigit durup, oňa bir zatlar gürrüň berýärmiş. Atajan aga-da şunça eşitjek bolsa-da, ýigidiň bir agyz sözüne-de düşünmändir. Ol ahyry çydaman:
— Aý, inim, bir zatlar janygyp gürrüň berýäň welin, men hiç düşünip bilemok-da...
— Agam, men saňa hiç zadam gürrüň beremok. Men diňe sakgyç çeýneýän...

* * *

Atajan Taganyň gürrüňinden: «Puşkini heläk eden Dantes taryha girdi. Men hem Atamyrat Atabaýewi ýoklasam, taryha girerin».

* * *

Bir gün şahyr Atamyrat Atabaýew mirasgär Ümür Esene duşupdyr. Şol günler Ümür Esen il içinde miras toplap, ýörite öý muzeýini döredip ýören ekeni. Şonda Atamyrat aga oňa şeýle diýipdir:
— Sen il içinden miras toplap, halky mirassyz goýup barýaň-how!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 136 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.0/6
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 12
1
12 Nurdan   [Материал]
Tanymal artist Juma Ýazmyradow Beki Seýtäkowyñ "Doganlar" romanynyñ esasynda radio oýun goýýan mahaly Romanyñ birinji tomundan ikinji tomyna geçeninde birinji tomunda õlen gahrymanlaryñ biriniñ ady ikinji tomunda ýene gabat gelipdir. Juma Ýazmyradow näderini bilmän Beki Seýtäkowa jañ edýärmiş: "Birinji tomda õldüren palan gahrymanyñ ikinji tomda nädip direlip ýõr?!" diýip. Onda Beki aga degişmä salyp:
" Haý zalywat õlenden soñ nädip direldika, derrew birinjide direlmez ýaly õldür ony.." diýip güläýipdir.

0
11 Nurdan   [Материал]
Şunuñ ýaly ýazgylary, ýatlamalary, pursatlary diýseñ gowy görýän,
Paýlaşanyñyza sagboluñ!

1
10 Ependi   [Материал]
"Sakgyçly" degişm-ä, rus anekdotlarynda hem kän gabat gelipdim. Mümkin, durmuşda meňzeş ýagdaýlar az bolmaýar:

В метро, напротив старушки, сидит парень. Смотрит на нее и жует жвачку. Смачно жуёт, аж рот не закрывается. Старушка смотрела на него, смотрела, не выдержала, наклонилась и говорит: 
- Зря ты мне сынок все это рассказываешь, я ведь глухая...

1
9 Hyýalkeş   [Материал]
Birem:"Bu bir biziñ söýgimiziñ häkisi?"
Bu - näme? Umuman-a şo setire tutuşlygyna düşünmedim.Murapbaga kapyýa üçin goýlan ýaly.

2
8 Hyýalkeş   [Материал]
Gaty gowy bolupdyr. Iki sanjak belligim bar:
1. It üýrer kerler geçer wakasy
2. Sen o kitabyñy paýlap ýörme birden biri okaýmasyn wakasy Atajan Taganyñ "Kyrk ýylda ýazylan kitabynda" bardy. Ýalñyşmasam ikinji waka kimdir biriniñ ady bilen berilýärdi.
Bärde ýöne "ýaş şahyr" diýlipdir. Elbetde, kontrol etseñizem bolar.
K.Rejebowly, S.Geldiýewli ýerleri hasam ünsümi çekdi. Dowam.

1
7 Bagabat   [Материал]
Sag boluň. Taňryýalkasyn. Hemmesinem hezil edip okadym. Her biri tüýs halkyň aňyna, hakydasyna siňip, tüýs "Ependili", "Myralyly", "Kemineli", "Keýmir körli", "Esenpolatly" gürrüňlerdir-tymsallar ýaly, gaty uzak wagtlap ýaşajak, adamlara täsir etjek tymsal häsiýetli hekaýatjyklar ekeni.
"Gazete sygamok"...
"Degme ýagsyn!"...
"Gazetde çagalara surat çeker ýaly boş ýerem gerekligi"...
"Sakgyç çeýneýäni gürrüň berýändir öýtmek"...
"Gazetden boş sözleri silkeläp ýere gaçyrmak"...
"Hyýar-pomidor ýetişdirmek, ýöne şahyr ýetişdirmezlik"...
"Kitaby paýlama, birden biri okaýmasyn"...
"Getirsene, gazetden alyp galmaga material tapman otyrys"...
Halkyň danalygy şeýdip emele gelýär.
Ýene-de bir gezek minnetdar. Kitap däl-de, durmuşy okadym hasaplaýan.

2
5 Mähriban   [Материал]
Hezil edip okadym. Sag bol, Goçmyrat!

2
4 mango   [Материал]
Bu bir biziň söýgimiziň häkisi,
Çagalaryň geläýmänkä ukusy,
Şu gün irräk gelermisiň, kakasy?!
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber.

Ogulbäbek gelnejäň başga “sms”-lerinem okap bolarmyka?
—-
Atajan Tagan we sakgyç çeýneýän ýigitli wakada gyzykly eken… :-)

3
6 Edebiyatcy   [Материал]
Başga sms-lerini hemmelere okadyp bolanok

1
3 Aksary   [Материал]
Goçmyrat kakañ sonetler çemeni barada gowy gürrüñler diñledim,heniz iki günem geçenek,ömrüñ bolsun.

1
2 Gozellik_   [Материал]
«It üýrer, kerler geçer».
Gaty jany yanypdyr öytyân :-D Degişegen adam bolmalyda. Menem goşulyan. Yazyjy şahyrlarmyzy tanaga mümkinçilik berya. Yazgylaryn dowamyna garaşyas

4
1 Atayew   [Материал]
Gündelik ýazgylaryňy üznüksiz dowam et. Olar geljekde edebiýatyň taryhy hökmünde okaljak ýazgy bolar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]