11:52
Günäsi ne?

GÜNÄSI NE?

Köp azaşdym bu ýollarda
Ýollaryň günäsi ne?
Ömrüm sowruldy ýellerde,
Ýelleriň günäsi ne?

Ykbalyň küle çökende,
Külleriň günäsi ne?
Arman etme öten güne,
Günleriň günäsi ne?

Guba-gaz gonmasa köle,
Kölleriň günäsi ne?
Ar-namys satylsa pula,
Pullaryň günäsi ne?

Ýazygym köp, ýalňyz başym,
Illeriň günäsi ne?
Ýaralydyr göwün guşum,
Nilleriň günäsi ne?

Bükülipdir inçe biller,
Billeriň günäsi ne?
Göwün sözün diýer diller,
Dilleriň günäsi ne?

Ömür geçer, geçer ýyllar,
Ýyllaryň günäsi ne?
Gubura gum sürer piller
Pilleriň günäsi ne?

Hydyr AMANGELDI.

çeşme: http://www.ekizler2.com/






Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: mango | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Saña menziller / Goşgular - 07.02.2021
Surat / Goşgular - 08.02.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Сжала руки под тёмной вуалью... / Goşgular - 09.04.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Bagabat   [Материал]
Şu goşgyň şu aşakdaky topbagy:

Ömür geçer, geçer ýyllar,
Ýyllaryň günäsi ne?
Gubura güm sürer piller
Pilleriň günäsi ne?

Gadymy runy harpynda ýazsaň, şu görnüşde bolýan ekeni:

ᛟᛗᚢᚱ ᚷᛃᛇᚱ ᚷᛃᛇᚱ ᛁᛚᛚᚨᚱ
ᛁᛚᛚᚨᚱᛁᛜ ᚷᚢᚾᚨᛊᛁ ᚾᛇ
ᚷᚢᛒᚢᚱᚨ ᚷᚢᛗ ᛊᚢᚱᛇᚱ ᛈᛁᛚᛚᛇᚱ
ᛈᛁᛚᛚᛇᚱᛁᛜ ᚷᚢᚾᚨᛊᛁ ᚾᛇ

1
2 Bagabat   [Материал]
Bet ekeni. Soraşman goýanyňa-da, ýaýradanyňa-da gaýtalap okanyňa-da degýär.

Şu iki ýeri hasam täsirli:

Ýaralydyr göwün guşum,
Nilleriň günäsi ne?

Gubura güm sürer piller
Pilleriň günäsi ne?

0
1 mango   [Материал]
soraşman goýanym üçin awtordan ötünç soraýan.
habarlaşyp bilmedim.
goşgyny halamsoň, paýlaşaýyn diýdim.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]