20:39
Gün ýaşyberende
GÜN ÝAŞYBERENDE

Galkynan göwnüñi tumagyn çökgün,
Gün ýaşyberende,
Ýaşyberende!
Egne serpaý alyp seýrana çykgyn,
Gün ýaşyberende,
Ýaşyberende!

Çopanlar mallaryn tükellär sanap,
Guzular bökjeklär, goýunlar mäläpn
Sygyrlar örüden gaýdarlar molap,
Gün ýaşyberende,
Ýaşyberende!

Garrylar "biş-düşe" güýmener otyr,
Gelinler hamyrnyñ ýugrumyn ýetir,
Ot ýaly tamdyrdan çykarlar petir,
Gün ýaşyberende,
Ýaşyberende!

Şowhuny köpeler uly syrgynyñ,
Senem şatlan, şatlananda il-günüñ,
Täze dogan Aýy ýüze sylgynyñ,
Gün ýaşyberende,
Ýaşyberende!

Göwünler göterler, hezillik bolar,
Oba durky bilen gözellik bolar,
Erte dogjak Güne gönezlik bular.
Gün ýaşyberende,
Ýaşyberende!

Ata TÄZEBAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Ata Täzebaý | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи / Goşgular - 25.02.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022
Конец героя / Goşgular - 03.02.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Uçur meni / Goşgular - 10.01.2022
Балладе о Виттингтоне / Goşgular - 16.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]