08:23
Mende gal
MENDE GAL

Bir tohum äberdiñ
Çeçegini al.
Bir çigit äberdiñ
Agajyny al.
Bir şaha äberdiñ
Tokaýyny al.
Dünýämi berdim saña
Mende gal!

• GÜN DOGANSOÑ

O çuw-çyplañ gijede
Sen-ä sendiñ, menem men.
Uzak gije güneş açdyk posadan
Gün dogansoñ näm boldy-da birdenem
Şol sabada özümiziñ sowgundan
Lepbek-lepbek gar ýagdyrdyk güneşden.
Hemişe şu ünji bardy içimde
Sen diýenmem sen bolup çykmasañ...

• KÜÝSEG

Şeýle bir köp garaşdyrdyñ
Öwrenişdirdiñ garaşdyrmaga özüñi
Köp wagty üstüñden geçirip geldiñ
Senden has köp söýýän seni küýsemegi.

Eziz NESIN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Seýrek nusga / Goşgular - 20.02.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Sen meniñ dünýämdiñ? / Goşgular - 22.02.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Yşk hem aýralyk / Goşgular - 08.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Kä goşgynyñ çala gyrasyny görýäñ (gyrasyny gör-de bizini al:)) welin göni öz ýanyñdan "Şul-a dünýä edebiýatyndan bolsa gerek"diýýäñ. Köplenjem çaklamañ dogry çykýar. Türk edebiýatyndan terjimeler gowy bolupdyr, Has awtor.
Bir ýerde köplenç ikirjiñlenýän: Çiçek sözüni çeçek diýip terjime etseñ gowumy ýa-da gül diýip?
Bärde belkem boguny sazlamak üçin çeçek diýendir. Ýöne öñ Jan Ýüjeliñ bir goşgusyny terjime edeninde-de (yakanda bir amonyak çiçeği-dimi şol?) çeçek diýip alypdy. Bilmedim. Käşgä Mango daýy ýaly terjimeleriniñ aşagyna originalynam goýsa Has Türkmen. Baha bermek has añsat bolardy :). Hemem belki bizem synanyşardyk oturan ýerimizden.

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Gowy terjmeler, 2-nji hasam ýerine düşüpdir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]