09:54
Gülleriň melikesi / hekaýa

GÜLLERIŇ MELIKESI

...Gijara.
Olaňkyçalasaň: “çaspik”.
Biziňkiçeleseň: “günüň makuşkasy”.
Awtobus.
Boş orun ýok.
Yzky gapydan girdi. Öňräge süýşdi. Ýylmanak diksöýege direndi.
Şäheriň köçelerinde gündiziň ýagtysy gijäň garaňkysy bilen döş direşýär.
Garamtyl ýagtylyk. Ýa-da alagaraňkylygyňam aksowulty.
Sütünçyralar heniz ýakylmadyk.
Awtobusyň aýnasyndan özi özüne bakýar.
Pöşşerip duran gür gara gaşy, mähnet burny bolmasa, megerem onuň garryýasaw ýüzünde öz ýaşytdaşlarynyňkydan üýtgeşik alamat tapylmazdy.
Ýaşytdaşlary...
Ýüregi ynjyly sanjyp gitdi.
Ýene-de şol pikir, ahmyrdan püre-pür duýgy...
Ýok, asla, beýle-de däl.
Bu pikir, bu duýgy, onuň aňynda, kalbynda, şu pursat özüniň solgun keşbiniň awtobusyň aýnasyndaky salgyma çalymdaş şekilini görendigi sebäpli emele gelen zat däl.
Ol munuň gursagyny eýýäm ýigrimi ýyl bäri terk etmeýär...
Birje günem, birje pursadam...
Elli üç ýaş...
Deň-duş joralary...
Eýýäm agtykly...
Ene-de, mama...
Ol bolsa...
“Ene-mama” bolmag-a beýle-de dursun, hatda “eje” bolmak nesibesine-de mynasyp däl eken...
...Ýüregi hasam beter sanjyp başlady.
Ol diksöýege direnip duran ýerinden assyrynlyk bilen elini göwsüniň aşagyna ýetirdi. Ýüreginiň üstüdir öýdýän ýerini emaý bilen mynçgalady. Elbetde, öz-özüni aldaýandygyna düşünýär, ýöne şeýtse, göwnüne bolmasa, kükregindäki sanjy biraz sabaýan ýaly...
Megerem, döşüniň iç ýüzünde kapasa düşen guş kibi urunýan bujagaz etenejigem, indi onuň üznüksiz ahmyryndan, tükeniksiz: “nämüçinlerden” doly içki sorag süteminden halys ýadaýandyr...
Şo pille-de awtobus duralgada saklandy-da, onuň öňüni gabalap duran daýaw ýaş ýigit düşdi. Oňa gözi düşen ýaşajyk gyz, ilgeziklik bilen ýerinden dikeldi-de:
-Wiý, görmändirinem! Geçäýiň, daýza!-diýip, ornuny berdi.
“Daýza...”.
Bu söz nähili sylag-hormat bilen aýdylanam bolsa, bagryndan ok bolup geçdi. Jigeri bolsa, hasam ýiti-ýiti sanjyp ugrady.
Ol ýüzüni yzaly kürşertdi-de, öz-özünden jebis gysylan inçejikden reňksiz dodaklaryna zordan erk edip:
-Sag boluň!-diýdi.
Öte argyn bolmasa-da, näme üçindir demsaýyn lagşap barýan, guran çybyga çalymdaş göwresini ýylmanak kürsä taşlady.
“Daýza...”.
““Aý, gelin!” bolup bilmedim, “eje” bolmadym... “mähribanym, ezizim, gülüm, janym...” hakda-ha gürrüňem ýok...Indem ine, şolaryň hemmesiniň üstünden böküp, “daýza” boldum... Bü ýalançy-da, diňe “gyzym” bolup görenim bilen özüme teselli beräýmesem...”.
Aýna maňlaýyny degräýjek bolup, gabadyndan endiganlyk bilen akyp geçýän dünýäniň ibirt-de-zibirt hereketini görmeýän gözleri bilen synlap oturyşyna, agysy tutdy...
Eger-de şu pursat daş-töweregi adamdan doly bolmasady, göwnüni gaplan hesrete döz gelmän, soňky ýyllar gijelerine ýatýan otagyny içinden temmeläp, ýassygyny gemrip çyňsaýşy deýin, güjükleri gözüniň alnynda gark edilen ganjyga dönüp çyňsabermegem ahmaldy...
Zoraýakdan saklandy. Bogazyna dykyn bolan bir goşawuç gözýaşy kynlyk bilenem bolsa, ýuwutdy.
Horja kükreginde, döşgapyrgasynyň kapasasyny kül-uşak edip, daşaryk – erkinlige çykmak üçin urunýan zaryn perýady bolsa – bir-ä özi eşidýär...
Birem, belki-de, näme üçindir ala-böle şu ýazgyt bijesini çekmegi maňlaýyna ýazanyň Özi...
...Penjireden daşaryny synlap oturşyna, düşmeli duralgasynyň suduryny saýgardy. Awtobus saklandy. Düşdi. Öýlerine tarap mytdyldap gaýtdy.
Aýagy ädilmeýär...
Barsaň, ýene-de şol gündeki öňki-öňkülikdir.
Gum-guklyk...
Telewizoryň öňünde oturan ýerinden kakasy gygyrar: “Geldiňmi, gyzym?!” diýip.
Bu-da göwünli-göwünsiz jogap berer: “Geldim, kaka”.
Bolany...
“Ejem gelipdi-i-i-r!!!” diýip, gygyryşyp öňünden çykjaklaň jagyl-jugulam ýok...
Bolmazam...
“Gelliňmi-how?! Bejit bir zatlar jazyr-juzur edäkge berämeseň, çagalar bilen halys açlykdan öllüg-ä-how!” diýip, güberilip törde ýatan ýerinden gümmürdejegem...
Diňe aram-aram, Hak dözmän, düýşüne girizse, şonda görýär...
Bir-ä, her egninde bir adam oturybermeli, daýaw, buýra-buýra garasaç ýigdi...
Ol ýigit, soňky ýyllar aňyndan öçüşip, göwnüne bolmasa, hatda hiç haçan bolmadygam ýaly bolup görünýän, ho-o-l alys mekdep ýyllaryndaky klasdaş oglanyna ekiztaýy deý meňzeýär. Özem geň ýeri, klasdaşyna kybapdaş şol oglan, hiç haçan ulalmaýaram, garramaýaram – şol bir bolşy.
Soňky ýyllardaky setanda-seýranda görülýän alasarmyk düýşlerde-de.
On ýyl mundan ozalky seýregem bolsa dury düýşlerde-de.
Ýigrimi ýyl mundan ozal ýygy-ýygydan görlen, hamana hakykat deýin, oýanandan soň göwnüni galkyndyryp süňňüni ýeňledýän ynandyryjylarynda-da...
Onsoňam, jübütje oglanjykdyr, iki sanam gyzjagaz...
Oglanjyklaňň-a ikisem şo-o-l müdimi ýaş hyýalynyň keşbini gaýtalaýar.
Gyzjagazlaram – özüniň göçürmesi.
Ýöne, ondan on esse, ýüz esse, müň esse, milýon, milýard esse...Dat-bidat! Wadaryga! Wadaryga!...tükeniksiz esse...owadan. Alçak. Şadyýan. Sagdyn. Bagtyýar...
Esasanam, il deňinde alnyna gowusy ýazylan, nesibeli...
Hiç haçan bolmadyk höwri bilen, ömralla dogulmadyk perzentleri...
...Öňler, şol ynandyryjy düýşlerinden soň, her niçigem bolsa süňňüne aralaşan ýeňilligiň täsiri bilen biline kuwwat, göwnüne gaýrat inýärdi. Şonda-da birnäçe günläp onuň göwnüne bolmasa, ine ýene-de azajyk, ýene-de sähelçejik, aňry gitse üç-dört gün, halys bolmasa bir aýjyk sabyr etse, ejesiniň çagalykda aýdyp beren owadan, jadyly ertekilerindäki deýin, hemmeje zat gülala-güllük bolup tamamlanaýjak ýaly bolar durardy.
Klasdaş sypatlyg, ak atly şazada-da...
Bir gyldan bezelip-beslengi ulaglardan düzülen gelnalyjy kerwenem...
Aýdym-sazly şagalaňy gögi sersdirýän toý-tomaşa-da...
Gyzgyn mähir-muhabbetden gyrma-gyr, ilkinji gije-de...
Garaja galpakly garagoljuklaram...
Meleje gulpakly ýeserjelerem...
Emma, görümden galandan soň özüni ýaşamak üçin öňe dartýan bujagaz umydam köýdi.
Hasylsyz ekini hiç bir daýhan ekmeýär. Miwesiz bag, haýsy bagbanyň ne derkaryna...
Şondan bärem, olaryň ümsümlik höküm sürýän öýünde diňe tukatlyk ses-selemsiz iňleýär. Onuň iňňildisinem diňe tenha özi eşidýär. Özem gulagy bilen däl-de, kalby bilen...
...Şol içini hümledip gelşine, ol öýlerine ýetdi. Girdi.
Kakasy bendäňem bar höwri-hemdemi şü. Ejesi pahyr bolaly bäri, ýekesireýär. Ýogsa syr bermejegem bolýar.
Hal-ahwal soraşdylar. Nahar-çaýyny alyp berdi. Öňem-ä owkat edinjek bolşy, guşuň iýmit iýşi ýalydy welin, soňky ýyllar-a işdäsi hasam tutulypdy.
Günde işe gitmek, ol ýerde-de el-halragam bolsa işini etmek üçin gymyldamaly dagy bolmasady, megerem ol, günde bir-ä däl, üç günden bir saparam bogazyndan suwdan özge dişlem ötürmän oňsa gerek.
Şu wagtam hiç zat iýesiniň gelmeýändigine garamazdan, kakasynyň gapdaly bilen onuň göwni üçin çüm-süm eden boldy.
Töwirden soň saçagy ýygnady.
Hammama gidip, kirli eşikleri ýuwuja atdy. Işletdi.
Indi gezek gülleriniňki...
Gülleri barada pikir edende onuň meňzine nur indi. Hatda, hälden ýegşerilip duran çepiksije kamatam birneme syrdamlanyp, ekezlenen ýaly boldy.
Öýüň penjireleriniň öňi dürli gapjagazlarda oturdylan güllerden doly. Penjirä çyrmaşdyrylan otag ösümliklerinden, olaryň dürli-dümen ysyndan ýaňa öý gülüstana meňzeýär.
Ol eline çaklaňja pürkgüjidir, tämizje esgisini aldy-da, güllere suw sepip, olaryň öňem arassa ýapraklaryny emaý bilen süpürmäge başlady. Ylla bir, olaryň her birine wawwasy bar ýaly çemeleşip ýörşüne, köňlem, aňam, synasam tutuş durky-düýrmegini dolduryp duran tukatlykdan saplandy.
Şunça ýyllaryň içinde-de her bir gül, her bir ösümlik, onuň üçin adaty bir ot-çöp bolmagyny bes edipdi. Olar onuň jorasydy. Ýürekdeş hemsaýasydy. Ol olaryň her biriniň başga hiç kime aýan edilmeýän pynhan adyny bilýärdi. Gepleşýärdi. Täzelikler hakda habar alyşýardy. Degişýärdi. Gülüşýärdi. Derdinişýärdi...
Täsin galaýmaly, onuň güller bilen hümmüldeşip göwni galkynýan bolsa, güllerem ol ýanlaryna gelip, özleri bilen hümürdeşmäge başladygy, has terlenip, dikgerip, has ýiti hem müşki-anbar ysly bark urmaga başlaýan ýalydy. Hamana, ol-a bularyň melikesi, güllerem onuň kenizleri deýin, edil kenizleriň öz bikesiniň kalbyny şat etmek üçin jan çekişi dek, her bir gülem onuň göwnünden turmaga ymtylýana çalym edýärdi.
Her gün güllerine idi-yssywat etmäge boýyn çümdügisaýam, onuň mähre teşne kalby gül-gül açylyp, nädip hiňlenmäge başlaýanyny özem duýman galýardy.
Şu wagtam şeýle boldy. Bar zat huşundan uçdy.
Bolan-bolmadyk ahmyrlar, gussalar, hesretler...
Ol hiňlenjiräp, gülleriniň arasynda aýlanyp ýör.
Hiňlenjiräp ýörşüne-de, ol, edil gadymy rowaýatlardaky gözellik çeşmesi – Aýsuluw enäniň bulagyndan dadan deý, demsaýyn gözelleşýär. Mähnet burny inçelip, nepisleşýär. Pöşşerip duran, lopbuş gür gara gaşlary, gyýma galamgaşa öwrülýär. Garryýasaw, inçejik ýüzi durlanýar, terlenýär. Çepiksije göwresi, köýnek içre owsun atyp duran, sereden kişini ýalmanmaga mejbur edýän kaddy-kamata öwrülýär...
Ol şu pursat özüni şeýlebir gözel duýýar.
Edil gözellik bikesi – Aýsuluw enäniň ak patasyny alan melike ýaly.
Ol melike!
Gülleriň melikesi...






Категория: Hekaýalar | Просмотров: 148 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ангел / рассказ - 22.06.2021
Miwe / hekaýa - 01.06.2021
Муарон / новелла - 06.04.2021
Psihiatr gyz bilen söhbetdeşlik / 2-nji bölüm - 29.03.2021
Икар / рассказ - 28.06.2021
Военврач / рассказ - 24.06.2021
Пьеро / новелла - 23.03.2021
Тракторист / рассказ - 25.06.2021
Boldy bir başagaýlyk / hekaýa - 09.01.2021
Силуэт женщины / рассказ - 09.03.2021



Всего комментариев: 17
0
12 mango   [Материал]
Täze sözlere ýykgyn edýäniňi bilýän Bagabat daýy.
“Olaňkyçalasaň” we “Biziňkiçeleseň”-i haladym we kabul etdim.
Awtobusyň “diksöýegini”, köçäň “Sütünçyralaryny”.. häzirlikç-ä kabul edip bilemok. Ýasama eşdilýär. Türklerem dil reformasynda awtobus diýen sözi özleriçe üýtgedip “çok oturguçly götürgüç” diýen ekenler, ýöne ýerine düşmändir. Otobus-lygyna galypdyr. Emma, kompýuter sözi üýtgedilen görnüşde dillerine ornaşyp gidipdir. Bilgisaýar. Bilgi-информация, saýar (saýmak) - вычислить. Ýöne orsam Вычислительная техника diýip ýörmän kompýuter diýýär. Garaz bu zatlary bilýänsiňizem…. Täze sözlere höwesek bolaňyzsoň aýdaýýan.
——
1) Ýylmanak diksöýege direndi.
2) …guran çybyga çalymdaş göwresini ýylmanak kürsä taşlady.
——
Şu wagtam hiç zat iýesiniň gelmeýändigine garamazdan, kakasynyň gapdaly bilen onuň göwni üçin çüm-süm eden boldy.

Şu wagtam hiç zat iýesi gelmesede, kakasynyň gapdaly bilen onuň göwni üçin çüm-süm eden boldy.
——
Gyzykly (ýa birhili bolýamy?), gerek bir tema ýüzlenipsiň.
Biraz gysgaldybrak, güýçlendirip boljak ýaly.
Aslynda şeýle ykballylaryň psihologiýasyny has içgin öwrenäýseň….
Umuman, ýazyberseň bizem okabereris…
Üstünlik.

0
13 Bagabat   [Материал]
Ok.

0
14 mango   [Материал]
ussat!
ähli jogabyny iki harpa sygdyrdy...
:-)

1
15 Bagabat   [Материал]
Iki sany anekdot.
Birinjisini, Mark Tweniň adyna-da, Aleksandr Dýumaň adyna-da, Wiktor Gýugoň adyna-da, Bernard Şouň adyna-da ýöňkeýärler. "Mark Twen" diýip alaýaly. Şeýtsek meň göwnüm-ä jaý.

Mark Twen täze kitabyny çap edýän neşirýatça hat ýollaýar. Hatyň mazmuny:
?
Neşirýatçydan jogap gelýär. Hatyň mazmuny:
!

Ikinjisi, Gündogarda, hasam biziň jelegaýlarda däp bolup galyşy ýaly, Ependi.

Ependi bir gün öz gädiginde kişmiş iýip durmuş. Geçip barýan goňşusy salamlaşýar-da, soraýar:
-Ependi aga, näme iýýäň?
-Äý ýöne,-diýip Ependi jogap berýär.
Goňşusy gatyrganýar:
-Ependi aga, bolşuň nähil-aý? Men-ä saňa adam ýaly sorag berdim. Senem düşnüksiz jogap berýäň.
-Düşnüksiz jogap beremok. Gysgaldyp aýdýan.
-O nähili "gysgaldyp"?
-Ine, sen: näme iýýänimi soradyň. Menem saňa dogruja aýdyp: "kişmiş" diýerin. Onsoň sen maňa: "Maňa-da beräý, dadyp göreýin-le" diýersiň. Men şonda: "berjek däl" diýerin. Senem onda: "Näme üçin?" diýersiň. Menem jogap bererin: "Aý, ýöne". (-:

0
17 mango   [Материал]
Serdar kaka, bet halypalaň bar eken.... :-)

0
16 Bagabat   [Материал]
Ýene-de bir anekdot:

Sorag: Adamy iňňän gysby hem düşnükli görnüşde nädip tükeniksiz alada goýup bolýar?
Jogap: e-mail salgysyna hat ýazýaň: "Boýnuňa al. Men-ä tutuldym!" (-:

0
7 Myhman0430   [Материал]
Serdar aga, men-ä içimdäkini göni aýdaýjak. gowy hekaýalaryňyzam kändigini bilemsoň, düşünjelidigiňizi bilemsoň (ýa-da öýdemsoň), kimem bolsa (körzehinem bolsa) okyýjyň pikiri awtor üçin gyzyklydyr öýdemsoň ýazýan. bolmasa, okap, halasaň "gowy eken" diýip, halamasaňam hiç zat diýmänem geçip bolýa.

onda şeýle:
bir gyzykly temaň ýakasyndan tutupsyňyz....

men-ä okyýjy hökmünde ol melikäň näme üçin şo ýagdaýa düşenini bilesim geldi.
näme bolduka? gapylaryny hiç kim kakmadymyka? ýa özi hiç kime göwni ýetmedik bolup, soň bazary sowlansoň giç boldumyka? eger hiç kim gelmedik bolsa, onda onuň bir "emmasy" bamyka? ýa birini halap olam almadymyka, ýa aradan çykyp indi hiç kime barjak däl diýdimikä?.....................................

haýsy bolanda-da şoňa görä psihologiýasy bolaýmaly ýaly.

hekaýaň dili, gürrüň berlişi......... gowy. haçan geçmişe giderkä diýip garaşdym, bolmady.

dili diýemde bir zat ýadyma düşdi: hemme hekaýalaryňyzda hal işliginiň
-agakga/-ägekge... ("diýäkge, edäkge...") wariantyny göze ilginç şekilde köp ulanýaňyz. men öň siziň ýaşaýan ýeriňiziň töwereginde gepleşenlerinde şol görnüşini ulanýandyrlar öýdýädim. dialoglarda aýdyşlary ýaly berýäniňiz hoşuma gelýädi. ýöne Akdaşaýaklydygyňyzy bilemden soň, biraz unaman başladym. edil onýaly köp ulanylanokmyka öýdüp durun (menem Gökdepeli). ynanyň, ýörite etmesemem adamlaryň gürleýşi ünsümi çekýä. umuman, siziň gahrymanlaryňyz başga şiwede gepleýän ýaly gelýä maňa.

ýene bir zat: ýokarky hekaýaň dilem öňki hekaýalaryňyzdan üýtgeşik. diňe şu ýerini nirede okasamam Serdar aga ýazandyr diýdirýä

“Gelliňmi-how?! Bejit bir zatlar jazyr-juzur edäkge berämeseň, çagalar bilen halys açlykdan öllüg-ä-how!” diýip, güberilip törde ýatan ýerinden gümmürdejegem...

diliňiziň baýlygyna söz ýok. goruňyz ýetige meňzeýä.

dogry düşünersiňiz diýip umyt edemok, dogry düşünjegiňize ynanýan.

0
8 Bagabat   [Материал]
Okamaga ünsli çemeleşýäniňe çynym bilen minnetdar. Sag bol. Janyň sag bolsun. Sebäbi kimiň aýdandygy ýadyma düşmeýär welin, "gowy ýazýanam gyt welin, gowy okaýan ondanam gyt" diýleni.
Soraglaň boýunça:
Hemme hekaýada hemme zat hetjiklenibem durulmaýa-da. Nätjek. Çykyşyna, ýazylyşyna bagly bolýar. "Owadan gep tapýa" diýme, ýöne ýazyp otyrkaň göwnüňde gyzyl çyra ýanýa - durýaň. Şondan aňryk, öldür ýeke sözem çykmaýar. Soň birwagt dolanyp gelnip, üýtgedilýän ýagdaýlaram bolýa. Bu hekaýa-da nowella tipli bolaýdy öýdýän. "Aýdylan zatdan aýdylmadyk zat kän" diýilýänine çalymdaş. 19-njy asyrda bir ýazyja şuňa meňzeş, gahrymanyň durmuşyny, şahsyýetini doly aýyl-saýyl etmändigi hakynda sorag berenlerinde ol: "Помилуйте сударь, надо-же и читателю кое-что оставить для того что бы он додумал то что у него осталось после прочтения" diýip jogap beripdir.
Şiwe sözlerini ulanmak meselesinde, özümiň-ä bir çemeleşmäm bar. Mysal üçin, sen santehnik ussa. Gapy-gapy aýlanyp, il-günüň sanuzellerini bejerýäň. Şeýdibem gazanç edýäň. Ýanyňda-da gapyrjak doly guralyň. Onsoň bir öýe barýaň - krany döwük. Towlaňňyç (otwertka) bilen atagzy çykardyň gapyrjagyňdan-da, bejerip berdiň. Indiki öýe bardyň - hammamynyň suwseperi işlemeýär. Ýene-de otwertka ýa-da atagzy bilen bejermän, başga, şol döwüge has ýaramly açarlaryňy ulansaň dogry bolmazmy?
"-agakga/-ägekge" goşulmalarynyň köp ulanylýanlygy hakyndaky belligiňe bolsa sag bol. Üns bererin.
Bellik edilmegi hakda aýdylanda bolsa, hemişe bir hekaýaty kellämde saklamaga çalyşýan. Ata Gowşudowyň "Perman" romanynda bardy. Hywaly ussalary Gökdepe galasyny laýdan galdyrmaga çagyrýarlar. Olar gelip, uzakly gün iş edinip galanyň diwaryny ep-esli galdyrýarlar. Agşam degenek jahyllar şol galdyrylan diwarda "telpekdepdi" oýnap, ony depgileý-depgileý ep-esli pese düşürýärler. Ussalar ilki işleriniň köpelýändigini göz öňünde tutup, bu barada ýaşululara arz edýärler. Emma, soň jahyllaň täze galdyrylan toýun diwary depeläp, zynç edip, onuň has mäkämleşmegine ýardam berýändiklerini görüp, şikaýat etmelerini bes edýärler. Gaýta, ýigdekçeleň şeýle "ýigitlik oýunlaryny" oýnamaklaryna höwesjeň bolýarlar.

0
9 Bagabat   [Материал]
Onsoňam, her bir hekaýa (ýa-da goşgy, ýa kino, ýa surat we ş.m.) hemme soragyňa jogap beribem durmaýar. Gaýta adatça, bir ýa-da birnäçe sowalyň jogabyny aýtsa, islendik eseriň özi has köp sorag döredýär. Mysal üçin, bir hekaýaň jogap berýän soragy - Näme üçin? (Bu seň teswiriň özenini düzýär, @Myhman0430). Ýene-de bir hekaýaň jogap tapýan sowaly - Nähili? (Bu şu hekaýaň özeni). Başga bir hekaýa "Nädip?" ýa-da "Nätmeli?" diýen soraglara jogap gözleýär. Garaz, şunuň ýalyrak-da...

0
10 Myhman0430   [Материал]
häli aýtmagy ýatdan çykarypdyryn: hekaýaň başlaýşy şygyr ýaly.

santehnik ussa hakynda dogry aýtdyňyz. onuň ýaly bolmagy üçinem ussaň hemme guraly üpjün bolmaly.*

Ata Gowşudyň "Permanyny" (Ata Gowşudyň Permany :-) 12-13 ýaşlarymda okadym. soň 25 ýaşlarymda täzeden okajak boldum, bolmady.

sizem üns berensiňiz şol romanda Öwezmyrad-a Görogly ýanyndaky nökerlerem Sapar Köse dagy ýaly bolup dur.

gözöňüme getirjek bolýan: günbatarly bir zenan 57 ýaşaýança ömrüni müjerret geçirdi diýeli. şo wagta çenli durmuşyny nähili ýaşandyr diýip pikir edýän. şu wagta çenli gören kinolarymdan çen tutup aýdyp biljek. onsoň ol pikir edip başlady. ýolda-yzda ýany çagaly ýören zenanlary görüpmi, ýa tanyşlarynyňka myhmançylyga baranda olaň çagalarynyň ene-atasyna hamraklygyny görüpmi.... umuman öýüne gelip, pişikleriniň biriniň başyny sypap otyrka özüni soraga çekýä "näme üçin men wagtynda çaga edinmedim? bolýa, men bir äriň gepini çekip ýaşasym gelenok. ýöne "halaşanlarymyň" birinden çaga edinip bilerdimä...." bla, bla, bla....

indi türkmen aňyýetine görä: 50-den geçen zenan işden öýe barýarýaka, perzentsizligi barada (şu ýerinde äri bar, çagasy ýokdur öýtdüm), ýaşynyň ötüşendigi barada (şu ýerde birinden ogullyk alar ýaly doganlaram ýokdurow diýip pikir etdim), bagtynyň açylmandygy barada (şu ýerinde başky iki pikirim zym-zyýat boldy, olaň ýerine kelläme başga sorag we birnäçe çaklama geldi) oýlanýar. onsoň?

diýjek bolýanymy nädip düşündirjegimi bilemok. şeýlebir wariant kän şoň näme üçin şeýle ýaşaýanyna. iň gyzyklylarynyň birini alybermeli.

mysal üçin: öýli-işikli bir oglan bir gyz bilen söýüşýä. başda internetde tanyşýalar, soň duşuşyp başlaýalar. bir-iki sapar görşenlerinden soň oglan özüniň maşgalalydygyny, maşgalasyny taşlamaga niýetiniň ýokdugyny, ýöne dlýa intres başlap bu derejä geljegini bilmändigini aýdýa. gyzam ilki oňa gatyrganýa, sögýä. soň ýene internetden ýazyp başlaýa "görşäýeli, aýtjak zatlam bar" diýip. oglanam göwünli-göwünsiz barýa (aslynda öýdäkis ýanyndaka jaň edip başlamagyndan gorkýa). o gyz "il-gün gepimi etmez ýaly birine durmuşa çykaýyn. bir ýyl ýaşaşmanam bir bahana tapyp aýrylyşaryn. il-günüň gepä hiç welin kakam bar, erkek doganlarym bar. şolaň gözi üçin çykan bolaýyn. soň gatnaşyk saklabereris" diýýä. şu ýerdäki oglanyň pikiriniň, maksadynyň... nämedigini bilýän (özümem erkek bolamsoň). ýöne o gyzyň psihalogiýasy maňa ýat. tupige barýanyny bilip durka...**

kellämiň içi buýr-bulaşyk, ýazyp başlan zadymyň başy ýatdan çykyp gitdi. adat boýunça aýdaýyn: düşündirip bilýänmi? :-)

*(bärdäki ussa ýazyjydyr welin...) bir gezek ataplenýaň batareýasyna seretdirmek üçin ussa çagyrdym. ýanynda gazawoý açar ýok eken. öýdäki gazawoýy berdim, onam döwdi. onsoň goňşymyzda edil atyň aýaga diýmäýin welin, eşegň öňki aýagy ýaly ululykda gazawoýlary bar, şony getirip berdim. onsoň ýüzüme seredip "balgarkaňam bamy?" diýdi. (şol magazynyň nomerini beriňsene, menem saç üçin ütük zakaz edeýin, ýalňyşyp bolgarka getirip bermezlermikä!? şeýtseler-ä daňa çenlem garaşjak :-)

**bolan waka, köp ýerini üýtgetdim.

0
11 Bagabat   [Материал]
O internet-dükany diňe fen zakaz edene drel getirýä. Başga hyzmatlary ýokmuş. Bolgarkany nädip aňsatlyk bilen edinip boljakdygyny "Imoçy ýeňňe"-den soraýmasaň. Internete şo şu günler ökdeläpdir.
Indi özüň barada bir zatjyk aýdaýyn.
Bir hekaýat bar.
Oraz Ýagly Keýmir kör döwrüniň yz ýanlary Marydaky tekeleň hany-kethudasy bolupdyr. Ine bir gün şol Keminä sataşypdyr. Oň şorta adamdygyna-da il belet. Onsoň Oraz Ýagly: "Ýer-ow, molla Kemine, Magtymguly gökleňiň ekip giden şygyr meýdanyny orup bilýäňmi?" diýip degşipdir. Kemine-de gep alyp galjakmy? Jogap beripdir: "Wah, Magtymguly halypa, şygyr meýdanyny ekipdirem, orupdyram. Bize diňe hoşasyny çöpläýmek galdy".
Soň ýene-de bir gezek gabatlaşanlarynda Oraz Ýagly şo gürrüňi ýatlap, ýene-de degişmek isläpdir. "Ýeri-how, molla Kemine, bu günler nädýär, hoşa çöpläp bilýäňmi?" diýse, onda Kemine-de aýdypmyş: "Wah, başymy galdyrman çöplejek-le welin, şu taýda bir oglanjyk teý aýaga çolaşyp, çöplemäge maý bermeýär. Özem bü oglanyň aýdasy gelýän zad-a juda kän welin, entek nädip aýtjagyny doly bilenok".
Soň Kemineden şol oglanyň kimdigini sorasalar, ol Mollanepes bolup çykypdyr ekeni...
Hekaýatyň "mus-musynyň" "mustapaly" ýeri, estagpurulla, özümi Keminä deňämok, ýöne, çakym çak bolsa, @Myhman0430, seňem ýazuw-pozuw ugrundan käbir zatlar aýdasyň gelýä-de, "entek, nädip, nähili aýtjagyňy doly" bilmeýän ýaly...

0
5 Bagabat   [Материал]
Hekaýaň sebäbi hakda:
Işdeşlemden biri hukuk ugrundan maslahat soramaga geldi. Maslahatyň arasynda-da gepi güllere ýazdy. Gülleri hakda gürrüň berýär. Menem dözemok...
Megerem, özi ýaly ynsandan höwür tapynmadyk, ösümlikden ýa-da janawerden hemsaýa gözleýän bolara çemeli.

0
4 menliasyrowa91   [Материал]
Bu howlukmaç dünýäñ ünsünden düşen ykballar hakda ýiti synçylygyñyzy ulanyp,hekaýany ynandyryjy ýazypsyñyz,Bagabat! Birki sany tanaýanlarym gözöñüme gelip gitdi. Olar okasa,"edil maña degişli eken"dp göwünleri göterler. :)
Üstünlikler!

0
6 Bagabat   [Материал]
Sag boluň.

0
3 menliasyrowa91   [Материал]
Adam-da,her zada bahana gözleýä - gül diýen zadam öz melikesine ýalñyzlyk diläp durarmyş diýip yrym edýänlerem bar. Köplenjem ýalñyz ýaşaýanlar gül saklasa,gowy ösýä. Onsoñ şol yrym näderejede hakykata ýakyn,oýlanybermeli.

0
2 Bagabat   [Материал]
Dogry. Durmuşda gabat gelinýär. Negözel maşgalalar, boý-syratam ýerinde, hüý-häsiýetem. Maňlaýy welin, açylanok...Gynanýaň.
Çagasyz durmuşyň bolsa, manysam ýok ýaly...

0
1 menliasyrowa91   [Материал]
Gynansak-da şeýle ykballar ýeterlik bar. Beýle bolmagyna näme sebäp bolupdyr, kim bilýär?! "Ýazgyt" diýseñ, o närse erkiñe eýe çykyşyña hem-de päl-niýetiñe görä ýazylýar"myş". Aý,garaz nähili bolanda-da şeýle ykballara gyýylman bolonok.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]