00:38
Gülleriñ aýdymy
GÜLLERIÑ AÝDYMY

Gowy görýän gözleriñ[/b]

Seniñ gözleriñ ýakyndanam, uzakdanam meniñ gözlerime garaýar. Meniñ saçymy daran şemal seniñem saçyñam daraýar, ýörän ýeriñ gül bolýar, diýen sözüñ bal bolýar. Sesiñi eşidenimde, tolgunamok, ynjalýan. Didaryña gözlerim kaklyşanda, galdyramok, rahatlanýaryn. Ertir gözleriñe bir gezejik garamak üçin ukusyzlyga kaýyl men. Sen nirä howlugýarsyñ, men seniñ yzyñdan gelýärin.
Sen hiç ýere gitme! Gün beýge galsa, Ýer sowar, aşak düşse, ýanar. Sen maña hiç gyza seretmejegiñi söz berdiñ. Sen hemme kişä-de seret! Ýöne meniñki bol! Men bagtly, seni huşumda görmesemem, düýşümde görýärin. Men asman basgançaklary bilen seniñ ýanyña bararyn. Sen meniñ ellerimi eliňe al. Meniñ söýgim näçe güýçli hem bolsa, seni ýakmaz. Seniñ iñ gowy görýän gözleriñ ýakyndanam, uzakdanam meni gowy görsün!
Men saña köp zatlary aýdasym gelýär. Belki, sen öz gowy görýän gözleriñ bilen ony gözlerimden görersiñ...

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.

"Nesil" gazeti, 2012 ý.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 51 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]