01:11
Güller / şahyrana oýlanma
GÜLLER

Bilýärmiñ, men näme isleýärin: şu sessiz söýgimiñ dil acyp saýramagyny isleýärin. Söýgüde adamlaryñ-a däl, hatda çaýyrjyklaryñ hem köýmegini islämok. Eger-de maña salam berýän bolsadyñ, saña janymy bererdim. Ýöne sen şony hem edip bileñok. Emma indi mende jan hem ýok, diñe gan bar. Ol hem sen diýip akýar. Belki, men seni betbagt edýändirin. Şonuñ üçin seni biynjalyk edesim gelenok. Emma başaramok. Bu-da bir synagdyr. Ýöne näme üçin, näme üçin?! Men bir salama-da degemokmykam?! Sen bu haty okarmyñ, okamarmyñ... bilemok, emma bir zady anyk bilýärin: seni günleriñ bir güni meniñ söýgim rahat ýatyrmaz. Sen şonda meniñ ýanyma gelersiñ. Çynyñ bilen maña salam berersiñ. Emma men salam-ha däl, hatda ýüzüñe-de seretmerin. Sen bolsa oturarsyñ, ýalbararsyñ. Bary biderek bolar. Dünýäden çykasyñ geler, çykyp bilmersiñ. Iñ soñunda bolsa, öñ ýekeje gunçasyny dözmedik çemeniñi ýanymda goýup, gelen ýeriñe - alyslara gidersiñ. Emma, düşün, mäbribanym, seni söýen gözel seniñ gülüñe mätäç däldir.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.

"Nesil" gazeti, 2009 ý.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 77 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 7
0
Uzyn saç owadan gelişyardi yöne

0
2012 de şeydip ördüler. Meniñ dagy saçym a goñur saç goşup cekdirip öryardi kursdaş tv üçin. Keltejik saçyñ bolsa kyndy

2
4 Hyýalkeş   [Материал]
Şol suratdygyna menem ynanýan. Ýöne hemme gyzlaram şeýdip ördümikä diýen bolgusyz Mahym bilesigelijigim tutdy. Şol döwrüñ ulygyzlary ýokmy arañyzda?

0
5 Haweran   [Материал]
Şeýle örýänler häzirem bar. (Ýalñyşmasam, daş gulakdan eşdişim çyn bolsa, awtoryñ özem hemişe şeýle ýagdaýda gezýän bolmaly.)
Ýa-da düýbünden tersine (paradoks): muny görnüş ü.n örýän ýa-da tw-a saçy örülgije (ýa ýaglyklyja) çykýanlaryñ hemişe şo tüýsde gezýändigine, ýa bolmasa bütin bu görnüşiñ hemme zady kesgitleýändigine ynanýañyzmy? :)

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Suratdaky gyza seredýän welin 2008-de gyzlar saçyny şeýdip dartdyryp ýokardan ördümikä?
Men ol wagtlar 2-nji 3-nji klas bolamsoñ bilemok.

-1
2 Haweran   [Материал]
Talyplyk ýyllarymyñ gazetlerini ýatdan diýen ýaly bilýän.
Hawa, oýlanmanyñ hut şol çykan gazetinde, şol ýylky sanynda berlen şol suratyñ özi.
Wagtyñy sarp edeniñe degmeýän ýerliksiz we ownuk şübhe :)

0
3 Aksary   [Материал]
Täzeden göz gezdiriñ

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]