20:29
Gulaş şahyr
GULAŞ ŞAHYR

Oglan wagtymyz Gazanjygyñ demirgazyk tarapyndaky gum ýakalarynda ýaşapdyk. Depelere çykyp, günorta tarapa seredenimizde, uzakdan görünýän gür gara baglyga gözümiz düşerdi. Ene-atalarymyz bize: "Şol görünýän Gulaş kakañyzyñ baglarydyr" diýerdiler.
Gulaş Durdyguly ogly takmynan 1836-njy ýyllarda Gazanjyk etrabynyñ Uzynsuw obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär.
Gulaş şahyr dokuz ogly bilen Uzynsuw stansiýasynyñ günorta tarapynda çeşme gazyp, ekerançylyk we awçylyk bilen meşgullanypdyr. Şol oba-da Gulaş obasy diýen at galýar.
Gulaşyñ Nepes kümüş, Gazak diýen ogullaty demir ussaçylygyny edipdirler. Onuñ ogullarynyñ hemmesiniñ ussaçylykdan we saz-söhbetden başlary çykypdyr.
1994-nji ýylda Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Permany bilen Gulaşyñ çowlugy, merhum Saryhan Sapaýewe Türkmenistanyñ halk bagşysy diýen hormatly at dakyldy. Şahyryñ doganynyñ ogly Aşyrmämmet Dawudow indi birnäçe ýyl bäri bu hormatly ady göterýär. Ol Türkmenistanyñ ähli künjünde tanalýan we hormatlanýan halypa bagşy. Gulaş şahyryñ agtygy Rahym Rahman ogly hem belli sazanda bolupdy. Arman, ol ir aramyzdan gitdi.
Gulaş şahyryñ ogullary 1931-nji ýylda obalarynda ilkinji bolup kolhoz gurýarlar. Kolhozyñ başlygy edilip, Gulaş şahyryñ agtygy Sapa Meret ogly, oba Sowetiniñ ispolkomynyñ başlygy wezipesine Gulaşyñ körpe ogly Rahman saýlanylýar. Olar kolhoz hojalygyny ösdürmekde köp işler bitiripdirler. Kolhozyñ 10-15 müñ goýuny, 3 süri düýesi bolupdyr. Kolhozyñ ady "Gyzyl esger" eken.
Häzir şol kolhozyñ bazasynda Bereket etrabynyñ S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigi ýerleşýär. Bu daýhan birleşik etrapda we welaýatda iñ iri hem-de abraýly hojalyklaryñ biri hasap edilýär.
1937-nji ýylyñ tutha-tutlugynda oba Sowetiniñ ispolkomynyñ başlygy Rahmany we kolhozyñ başlygy Sapany hiç bir günäsiz ýerden "halk duşmany" diýip, Sibire ýollapdyrlar. Olar şol ýerden dolanyp gelmediler. Ýöne soñ olaryñ günäsizligi anyklanyldy we aklandylar.
Gulaş şahyryñ ogullary bilen eken baglary kolhoza geçirildi. Uruş döwrüniñ öñüsyrasynda hem şol baglar miwe berip, kolhoza köp girdeji getirýärdi. Emma uruş döwründe käbir agyryksyz ýolbaşçylar ol agaçlary çapyp, odun üçin ulandylar. Soñ bolsa ol ýere bag ekilmedi. Häzir şol ýerde daýhan birleşigiñ sygyr fermasynyñ jaýy ýerleşýär. "Hiçden - giç ýagşy" diýlenini edip; birmahallar şahyryñ el güýji bilen suw çykaryp, ösdürip ýetişdiren baglarynyñ ýerine täzeden agaç nahallary oturdylyp, gür baglyga öwrülse, oña Gulaş şahyryñ ady dakylsa, ýerine düşerdi. Bu asylly iş üçin onuñ ruhy galkynardy.

Gulaş şahyr birnäçe ýyl bendilikde hem bolupdyr. Bir gezek ol goýun bakyp ýörkä, garakçylar tarapyndan tutulyp, Eýrana ýesir edilip äkidilipdir. Bu wakanyñ haýsy ýylda bolanyny bilýän ýok. Ýöne onuñ körpe gelni Begsoltan Rahman aýalynyñ aýtmagyna görä, şahyr şol wagt dokuz oglunyñ hemmesini öýlendiren eken. Dokuz ogly öýlendirmäge ýetişen şahyr şol ýyllarda altmyşa ser uran adam bolmaly.
Gulaş şahyr zyndanda 4-5 ýyl bendilikde bolup, şonda ol dogduk ýurduny, il-gününi ýatlap "Amanmy?" diýen meşhur goşgusyny ýazypdyr. Merhum bagşy Saryhan Sapaýew goşgynyñ sözlerine kybapdaş saz tapyp, ony ürç edip aýdardy.
Gulaş şahyr bendilikde şol welaýatyñ hanyna: "Bir şahyr adam zyndanda ýatyr" diýip habar berýärler. Han Gulaş şahyry görmek üçin gelýär. Şahyryñ ýagdaýyny soraýar. Şonda Gulaş şahyr:

"El-aýagym boş bolsa,
Öñümde hem aş bolsa..."

diýip, jogap beripdir. Han: "Bu bir ýönekeý adam bolmaly däl, muña gowy hyzmat ediñ" diýip, türkmen aýalyna tabşyrýar.
Han Gulaş şahyra 40 düýe baha kesýär. Gulaşyñ ogullarynda şonça düýäni ýygnamaga mümkinçilik bolmandyr. Olar garyp bolupdyrlar. Ýöne Gulaşyñ dogan daýylary Gaýyp we Garabaý ýegenlerini zyndandan boşatmak üçin otuzdan gowrak düýe jemläpdirler. Galanlaryny hem ýygnap ýörkäler Gulaşyñ özi zyndandan gaçyp gelipdir.

• Indi onuñ zyndandan gaçyşy hakynda kelam agyz

Hanyñ türkmen aýaly oña her gü gowy naharlar getirip beripdir. Ol bir gün:
- Agam, bu zyndanda çüýräp galarsyñ, saña gaçmaga kömek edeýin - diýipdir. - Eger niýetimiz başa barsa, seni gözläp tapjak bularyñ gapysyndaky itidir. Sen oña özüñi öwrenişdir. Meniñ getiren naharymy şol it bilen paýlaş.
Gulaş şahyr ol aýala bir ige we pyçak getirip bermegi haýyş edipdir. Aýal bu zatlary tabaga salyp, üstüme hem aşa guýup getirip beripdir. Gulaş şahyr her gün gelen nahary şol sakçy it bilen paýlaşyp iýip, özüne öwrenişdiripdir. Pyçak bilen aýagyndaky kündäniñ içini ýuwaş-ýuwaşdan gazap, ony aýakdan sypyryp aýrylar ýaly edipdir. Aýakdaky zynjyry hem şeýle edipdir. Bu ýagdaýy hiç kim bilmändir. Bir gün şol aýal ýanyna gelip:
- Agam, pylan gün goñşy obada toý bolýar. Bularyñ hemmesi şol toýa gidýärler. Saña şundan amatly wagt ýok, sen gaçmaly - diýýär.
Hemmeleriñ toýa giden güni bolsa, Gulaş şahyry ýola salyp, ol bilen hoşlaşýar. Gulaş şahyr kä sümme tokaýyñ içi, käte bolsa akar suwuñ boýy bilen ýöräp, öz ýurduna tarap gaýdýar. Oba adamlary toýdan gelenlerinden soñ şahyryñ zyndandan gaçanyny bilip, yzyndan kowgy iberipdirler. Atlylar öz ýanlary bilen şol yzçy iti hem alyp gidipdirler. Olar haý diýmän Gulaş şahyryñ yzyndan ýetipdirler. Ol gyssanyp suwa girip, aşak çümüpdir. Eline bir gargy alyp, şony hem ýokary çykaryp, dem alypdyr. It suwuñ içi bilen ysyrganyp, onuñ yzyndan ýetipdir. Şahyryñ ýanynda bir säginjek ýaly edip, hiç zat görmedik ýaly öñe hereket ediberýär. Biraz ýöräp suwdan çykýar we kowguçylaryñ ýanyna baryp, nirä giderini bilmeýän äheñde aýlanyp durýar. "Ýagşylyk et, suw düýbüne at" diýenleri. Ýagşylygy haýwan hem biler eken. Kowguçylar: "It-ä yzy ýitirdi, indi biz tapyp bilmeýäris" diýip, 4-5 ok atýarlar-da, yzlaryna dolanýarlar. Baryp: "Atdyk, maslygy suw bilen akyp gitdi" diýip hany ynandyrýarlar.
Şeýdip Gulaş şahyr özüniñ wepaly dosty - itiñ kömegi bilen sag-aman sypyp, öz ýurduna tarap rowana bolýar. Aç-suwsuz, paý-pyýada ýol ýöräp, tapdan düşýär. Ol ýatmaga bir çemeli ýer gözläp başlaýar. Bir belent gowaga gözi düşýär. Şol gowaga girip ýatmagy niýet edinip, dyrmaşyp çykýar. Görse gowagyñ agzynda keýigiñ, towşanyñ derileri, süñkleri çaşyp ýatan eken. Howa sowuk, onuñ egin-eşigini hem şol gaçyp gelýärkä tokaýdaky tikenli agaçlar dargadypdyr. Ol ýarym-ýalañaç diýen ýaly şol gowaga girýär-de ýatyberýär. Agşamara şol gowaga bir gaplañ gelýär. Ol hemişe şol gowakda ýatýan eken. Gaplañ gowaga gelmänkä adamyñ ysyny alyp, aýaklary bilen ýer peşäp, guýrugyny tarpyldadyp, hyñranyp başlaýar. Gowakdaky adamy görýär. Şonda Gulaş şahyr oña naýynjar seredip: "Eý janawar, men bir bendilikden gaçyp gelýän biçäre, men bilen deñ bolmaweri" diýip oña ýalbarýar. Gaplañ onuñ halyna düşünip, gelip ýerinde ýatýar.
Ertir Gulaş şahyr gaplañ bilen hoşlaşyp, öz ýoluna ugradypdyr. Gaplañ hem onuñ yzyna düşüp gidiberipdir. Gaplañ ony bir menzil çemesi ugradyp, soñ çyñsap, şahyryñ ellerini ýalap, bir depäniñ başynda galyp, şahyr gözden ýitýänçä oña seredip durupdyr.
Gulaş şahyr şol barşyna bir ýerde ýadap, ýykylyp, mejalsyz ýatypdyr. Onuñ üstünden bir atly adam gelipdir. (Ol adam gojuk taýpasyndan bolmaly). Ol ýarym-ýalañaç oturan adamy görüp, gorkup, atyny yza öwrüpdir. Şol wagt Gulaş şahyr oña gygyryp, adyny, zyndandan gaçyp gelýändigini aýdypdyr. Ol adam dolanyp barypdyr. Gulaş şahyr öz başyna düşen ýagdaýy aýdyp, özüni oba äkitmegi sorapdyr.
Şonda ol atly: "Men seni şu durşuña oba äkidip biljek däl, sen biraz garaş" diýip, obadan egin-eşik getirip, şahyry öýüne alyp gidipdir. On gün öýünde saklap, sylag-hormat edipdir. Gulaşyñ ogullaryna habar ýetiripdir. Soñ şahyryñ yzyndan adam baryp, obasyna alyp gelipdirler. Gulaş şahyr oba gelenden soñ şol baglarynyñ günbatar ýanyndaky depede palçykdan kiçijik jaý salyp, şol ýerde ýaşapdyr. Baglaryna ideg edipdir. Onuñ öýünde bir äpet ýylan hem ýaşar eken. Gulaş şahyr ol ekdi ýylany gyşyna içmegiñ tüý ýüzünde, tomsuna bolsa sar ýüzünde ýatyrypdyr.
Gulaş şahyryñ käri awçylyk bolany üçin ol elguşuñ çagalaryny alyp eldeki edipdir. Ol elguşuñ nirede guzlaýanyny bilip, bek gaýalardan elguş çagalaryny ýeke özi alyp geler eken. Elguşlar beýik gaýalaryñ ortalygyndaky gowaklarda ýumurtgalap, şol ýerde jüýje çykarýarlar. Adamlar gaýanyñ depesinden baryp, bir adamyñ biline gaýym tanap dakyp, şol gowaga sallaýarlar. Guşuñ çagasyny goltugyna alandan soñ, ýokary çekip alýarlar. Gulaş şahyr başga bir usuly ulanypdyr. Ol bir üýşmek ýowşany tanapa dañyp, gaýanyñ üstünden sallapdyr. Gowagyñ deñine gelende ýowşany bulaýlapdyr. Guş çagalary ondan ürküp, gowakdan uçup, aşak gaçýarlar. Şeýdip, ol guş çagalaryny ýygnap alyp, ekdi edipdir. Bir gün görse, guşlaryñ bary ölüp ýatan eken.
Şahyr şol guşlaryñ ölümini ýylandan görüpdir. Sebäbi şol ekdi ýylanyñ ýanyna başga bir uly ýylan her gün gelip-gidýän eken. Gulaş şahyr gaharyna şol ýylany öldüripdir. Muny gören ekdi ýylan iki gezek ýokary towusýar-da, çaltlyk bilen bir basylgy ot küdesiniñ içine girip gidýär. Şondan soñ öýe dolanyp gelmeýär. Şonda Gulaş ogullaryna: "Men ekdi ýylanyñ höwrüni öldürip, ony öýkeletdim. Ol iru-giç ar aljak bolar. Habardar boluñ" diýipdir. "Eger men ölsem, şu depede goýarsyñyz" diýip wesýet edipdir.
Bir gije ýatyrka, onuñ ýanyndaky howuzdan suw içmek üçin birnäçe doñuz gelipdir. Şahyr muny bilip, daşary çykyp barýarka hälki ýylan onuñ aýagyndan çakypdyr. Hany, ol wagt häzirki ýaly lukmanlar?! Isgender obasynda ýaşaýan Orazguly ahuna adam iberipdirler. Ahun çakylykçy barmanka bir zady syzypdyr. Ol: "Dertlä em etdirmek üçin bize bir adam gelýär, emma biz oña ýetişmeýäris" diýipdir. Orazguly ahun obanyñ bir çetinden gelende şahyr jan beripdir. Ol 1911-nji ýylda aradan çykypdyr. Ony öz wesýeti boýunça şol depede ýerläpdirler. Ol häzir uly gonamçylyga öwrüldi.
Gulaş şahyryñ nebereleri iki ýüz hojalyk çemesi bar. Olar Gazanjykda, Nebitdagda, Gumdagda we başga ýerlerde ýaşaýarlar. Şahyryñ agtygy Wezir Rahman ogly, çowlugy Esenguly Gul ogly şahyryñ dogduk obasynda ýaşaýarlar.
Gulaş şahyryñ goşgulary köp bolmaly. Arman, ol goşgular ýazylyp alynmandyr. Onuñ özi sowatsyz bolupdyr.
Gazanjykda ýaşap, 1992-nji ýylda ýogalan Nazarmuhammet Japarow gyzyletrekli bir adamyñ özünde Gulaş şahyryñ birnäçe goşgusynyñ bardygyny habar edenini aýdypdy. Emma onuñ kimdigi, haýsy obada ýaşaýandygy belli bolmady. Şol we beýleki adamlar şu makalany okasalar, seslenerler diýen tamamyz bar.

Bekdurdy GUZULYÝEW.

# "Balkan" gazeti, 1994 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 222 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bekdurdy Guzulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Edebi makalalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Allaberdi Oraztaganow "Gulaş şahyr barada täze rowaýatlar":
http://www.kitapcy.ga/news....31-7170
Berdimyrat Garabaýew "Gulaş şahyr":
http://www.kitapcy.ga/news/gulas_sahyr/2019-05-24-7118
Berdimyrat Garabaýew "Gulaş şahyry ýatlap..."
http://www.kitapcy.ga/news/gulas_sahyry_yatlap/2019-05-17-6969
A.Nurýagdyýew "Gulaş şahyr":
http://www.kitapcy.ga/news/gulas_sahyr/2019-04-23-6614
Gulaş şahyr / Goşgulary:
http://www.kitapcy.ga/search/Gula%C5%9F%20%C5%9Fahyr/

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]