16:11
Gül tohumy
GÜL TOHUMY

Ukrain şahyry Aleksandr Şugaýyñ gyzy Miroslawa maña gül tohumyny sowgat berdi.

Miroslawa.
Ýyldyz gözli, eýjejik,
Gül tohumy boldy seniñ sowgadyñ.
Güli söýseñ, aýdym döredip bolýar,
Söýmeseñem...
Dogduñ näme, dogmadyñ.

Bilmedim, nireden kelläñe geldi,
Maña beýle sowgat etmek, naşy gyz.
Ýaşajykkañ duýup bilseñ gülleri,
Soñam oña golaý bolsañ, ýagşy gyz.

Sure baganañ reñkin alan saçlaryñ,
Sypaladym.
Birden gozgalañ tapdym.
Aýamdaky dokmädeje däneler,
Bu topraga oklanmaly ynsapdy.

Olar parlap galar, säherler derlär,
Gyzlar gül derini çalarmyş ýüze.
Saçymyzy menzillerde agardyp,
Çagañ genisine ýetmek ýok bize.

Miroslawa.
Ýyldyz gözli, eýjejik,
Gül tohumy boldy seniñ sowgadyñ.
Güli söýseñ, aýdym döredip bolýar,
Söýmeseñem...
Dogduñ näme, dogmadyñ.

Baýram JÜTDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Haweran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Самоубийство / Goşgular - 21.02.2022
Ýene men hakda / Goşgular - 23.01.2022
Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022
Как высказать себя в любви?.. / Goşgular - 02.02.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022
Снег идет / Goşgular - 02.02.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022
"Ine, Watan diýip.." / Goşgular - 25.01.2022
Выходец из могилы / Goşgular - 26.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]