03:26
Gül kimin
GÜL KIMIN

Yşk bakyşy siňe-siňe
Elläninde ýüregimi,
Ähli ýagyş güle siňer,
Gowşurar-da dilegimi.

Lowurdar dünýä ýylgyryp,
Köňlümi sypaýan düýş däl.
Sözüm batly, sesim gyryk,
Ýyly mähriň kalpda düşlär.

Adyňy aýdaýyn goşup,
Her bir saza, her bir heňe.
Öz wagtyndan ir Gün ýaşyp,
Gidip barýar, ýar, görsene.

Ýitmek aňsat, kyn tapylmak,
Häsiýeti deý ýyldyzyň.
Maňa häzir em deý dymmak,
Soňundan çakar ýyldyrym.

Lerzana geler soň Zemin,
Maksada öwrüler arzuw.
Gyşda açylan gül kimin,
Ýetirerin ýara arzym.

Ünjüli seretme maňa,
Entek soňlamok sözümi.
Ýör, gideli täze daňa,
Gyrpamok gije gözümi.

Göreýin geçmiş-geljegi,
Bakyşyňy sowman seret.
Eý, meniň barym berjegim,
Ynha, ruhum, ynha, ýürek.

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Aksary | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 3.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Руфь / Goşgular - 18.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
"Öz wagtyndan ir Gün ýaşyp, Gidip barýar, ýar, görsene"
(seniň ýanyňda wagt çalt geçdi :-) )

"Gyşda açylan gül kimin, Ýetirerin ýara arzym"
(ýalançy güneşe ynanyp wagtyndan ir açylmak howplydyr)

"Eý, meniň barym berjegim, Ynha, ruhum, ynha, ýürek"
(ynha ruhum, ynha ýürek diýen bolup, galyň-strahowka-sowgat-serpaý.. tölemekden sypjak bolýaň öýdýän, seýran däde.)

0
1 mango   [Материал]
Ähli ýagyş güle siňer,
Gowşurar-da dilegimi.

ýagyş ýaganda dileg ediň, sebäbi asman perişdeden doly... diýenräk gürrüň eşdipdim. seýranda bolsa dilegleri gowşurýan obraz - ýagyşmyş eken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]