21:23
Gudrat / hekaýa
GUDRAT

Wagt ýarygijeden geçipdi. Uzakly gün ýollary dolduryp duran ulaglaryň sany-da azalypdy. Şeýle seredeniňde käte bir ulag geçýär diýmeseň, iki tarapyny gündizlik ýaly ýagtyldyp duran çyralaryň ýagtysyna göni hem giň ýollar uly akabany ýada salýardy. Şeýle pursatda şäher adamlary süýji ukynyň hözirini görýänem bolsa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň umumy ýaşaýyş jaýynyň üçünji gatynyň çetki otagynda bir gyz öz işi bilen gümrady.
Arzuw öňündäki suraty üns bilen synlady. Dessine-de gutarnykly netijä geldi: «Ýok, bu-da göwnümdäki ýaly bolmandyr. Munda enäniň öz perzendine bolan mähri has gowy duýulmaýar. «Ene» sözi bary-ýogy üç harpdan ybarat bolsa-da, ol mukaddeslik derejesine ýeten ynsan. Ol dünýäniň diregi. Ýogsa-da bizi ekläp-saklap ýören ýerimiziň enä deňelmegi ýöne ýerden däl ahyry!». Ol öňündäki suraty alyp, üýşüp duran kagyzlaryň üstünde goýdy. Olara nebsagyryjylyk bilen seretdi. Süýji ukuda ýatan jorasyna gözi düşende bolsa: «Wah, bu maňa başartjak däl ýaly, menem Serwiniňki ýaly tebigat bilen baglanyşykly surat çeksem bolmadymy? Men bu temany näme üçin saýladymkam?!» diýip, öz-özüne sorag berdi.
Arzuwyň aňynda sorag üstüne sorag peýda boldy: «Ýogsa-da mugallym maňa bu temany näme üçin hödürledikä? Belki, ol şol pajygaly wakadan habarlydyr?! Ýok, beýle bolmagy mümkin däl! Ol biziň maşgalamyzy tananok ahyry». Ol ýene-de üýşüp duran kagyzlara seretdi. Şol wagtam mugallymyň bolşy onuň göz öňüne geldi: «Arzuw, men saňa diplom işi üçin şu temany saýlamagy maslahat berýärin. Sen onuň hötdesinden gelersiň. Men muňa ynanýaryn».
Ol ýadaw halda oturgyja özüni goýberdi. Onuň ýüreginiň gürsüldisi artan ýaly boldy, uky basmarlap başlady. Göwnüne, dem almasy-da kynlaşan ýaly boldy. Biraz oturandan soň, turup, penjiräni açdy. Baharyň jana ýakymly hoştap howasy içerini doldurdy. Gyz içini gepletdi: «Indi näme etmeli?! Ynamy ödemesem bolmaz. Wagtam golaýlady, ýene-de bary-ýogy sanlyja gün galdy».
Ol yzyna öwrüldi. Edil şol pursat onuň gulagyna zenan maşgalanyň sesi gelen ýaly boldy: «Gyzym, işiňden eliňi sowatma, sen öňem başarjaň, dogumlyjadyň ahyry!». Ol ýene-de şol pajygaly güni biygtyýar ýadyna saldy...
Şol gün Arzuw mekdepden gelende: «Bu gün daýymlaryň toýuna gideris» diýip, şadyýan halda gelenem bolsa, ejesiniň teklibi onuň keýpini birneme gaçyrdy. Ejesi ony goňşularynda boljak toýa gitmäge yrjak bolup çalyşdy: «Arzuw jan, ol toý has uly boljak. Kakaň bilen gelnalyja-da gidersiň. Bu gezek sen öýde galmaly boljak. Öýe seredere adam ýok. Sen ýaşam bolsaň gelen-gidene seredersiň». Arzuw kynam bolsa, ejesiniň diýeni bilen razylaşdy.
Olar şondan soň ýola düşüpdiler. Emma şol günüň öýläni goňşy-golamlaryň, ýakynlarynyň öýlerine gelip ugramagy başda Arzuwy oýlandyrmanam durmady. Tizdenem daýzasy Suraý eje onuň ýanyna geldi: «Gyzjagazlarym ýeke galdy, senem şolar bilen oýnarsyň» diýip, ony öýlerine alyp gitdi. Arzuw bu zatlaryň sebäbini, toýa gidenleriň indi hiç wagt gelmejekdigini soň bilip galdy...
Ol iň soňky kagyzy eline aldy. Geň galaýmaly, onuň kalbynda umyt uçgunlary peýda boldy, özüne bolan ynamy barha artdy. Ýuwaş-ýuwaşdan ak kagyzyň ýüzünde tanyş keşpler peýda boldy. Arzuw biraz yza çekildi-de, suraty ýene bir gezek üns bilen synlady. Onda çagalarynyň elinden tutup, edil olaryň özleri ýaly degşip-gülşüp gelýän zenan maşgalanyň, olardan birneme yzrakda bolsa ulagyndan düşüp gelýän bir adamyň keşbi mese-mälim görünýärdi. Ol: «Ine, indi boldy, reňkleri saýlasam bolany. Munda enäniň öz perzendine bolan mähri, çagalarynyňam enesine bolan söýgüsi has gowy duýulýar. Şol iki söýgi maşgalada esasy zat» diýip, içini gepletdi.
Ony uky hasam basmarlap ugrady, ýadaw halda ýerine geçen badyna uka gitdi. Ýerden ýarym göwresi saýlanan Günüň ýiti şöhlesi jaýyň içini barha ýagtyldyp ugrady. Ol, hamana: «Adamlar, görüň bu gudraty, ENE! Bu, hakykatdanam, gudrat ahyry!» diýip, şäher ilatyna buşlaýan ýalydy...

Hudaýberen JANGELDIÝEW.




Категория: Hekaýalar | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hudaýberen Jangeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Сулук / рассказ - 22.06.2021
Зачем выдры жонглируют камушками / рассказ - 25.06.2021
Эксперимент / рассказ - 25.06.2021
Джини / рассказ - 24.06.2021
Сопелька и последыш / рассказ - 25.06.2021
Скала чистиков / рассказ - 03.05.2021
Bolşewigiñ gelinligi / hekaýa - 14.01.2021
На море / новелла - 23.03.2021
Harasat / hekaýa - 10.01.2021
Erteki / hekaýa - 11.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]