00:51
Gübür we Hüňür (Bir peçden iki werlibr)
GÜBÜR GÜBÜR GÜBÜR

Gübür
Gübür
Gübür...
Özelenýär peç.
Näme keç:
ykbalymmy
logikam?

Gübür
Gübür
Gübür...
Dem alýan ada
ýok bärde kada
kadadan çykma ýa-da...

Kän
Kän
Kän...
Argynlygym bar
Gün bile batmaly
Ýalňyzlygym bar.

Üýşdüler goňşular
goý, alaýaz bilen
bolsunlar horram.

Gübür
Gübür
Gübür...

Megerem tenha peç
janygyp gür...

Gübürrr...

♢ HÜŇÜR HÜŇÜR HÜŇÜR

Ýa hüňürdeýärmikä gyz, bu Peç?

Hüňür
Hüňür
Hüňür...

Peçler gepç-ä bolmaly däl,
bu Pej-ä-
(asylam-)
sebäbi-
ýasapdy
kakam
bolsa
geplemezdi kän...

Hüňür
Hüňür
Hüňür...
Ahmal Peç
gahar edip
maňa
hüňürdeýändir
bu gyşam
manysyz zatlara sowrup ýörenime..

Hüňür
Hüňür
Hüňür...

Hiý-wiý, maňa diýýämikä, gyz, bi,
nämedäýdimkäm?!
Ömür sahabymda ýalňyşdymmykam?!
Ömür hasabymda ýalňyşdymmykam?!
Indi toba ýokmukan?!
hany bir Ýagşy iş edeýin,
hiç ýaman iş etmäýin,
Bagyşla, Pejim
seni diňlemänim,
hüňürdäniň... üçin!
hüňürdemäý,
ýok, oýun etdim,
hüňürdäý.
Gyşdaky hüňürdileň
ýazda çykmaz ýaly
ýatdan
Hüňürde, Pejim!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Owadan geline / Goşgular - 16.03.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021



Всего комментариев: 8
0
8 Bilbil   [Материал]
nämedäýdimkäm?!
Ömür sahabymda ýalňyşdymmykam?!
Ömür hasabymda ýalňyşdymmykam?!
Indi toba ýokmukan?!

Gowy soraglar.

0
7 Mähriban   [Материал]
Köp sag boluň!

1
6 mango   [Материал]
suraý hanyma leonid ilýiçiň gurultaýlaryndakydan pes bolmadyk (бурные продолжительные аплодисменты) dowamly gümmürdili çapak çalmalar!
ýa-da, gysgaça ýöne gymmatlyja - berekella!
---
ýok bärde kada
kadadan çykma ýa-da...


bärde kada ýok, ýöne kadadan çykmagam bolanok -diýip kadanyň bardygyny aýdyp oty.... :-)
(ýok bärde kada / kadadan çykma / ýa-da... / atylarsyň oda :-) )
---

Kän
Kän
Kän...
Argynlygym bar
Gün bile batmaly
Ýalňyzlygym bar.


bäh.... Günüň ýalňyzdygyna ünsem bermändiris.
ýalňyz Gün ýüzüni sallap batyp gidensoň,
asmana Aý-hanym çykyp (ýyldyz) joralary bilen
hümürde-hümür, kikirde-kikir boluşarlar uzak gije....
ýalňyz Günem bir ýerlerde ýalňyzdyr....
---
Peçler gepç-ä bolmaly däl,
bu Pej-ä-
(asylam-)
sebäbi-
ýasapdy
kakam
bolsa
geplemezdi kän...

"kakamy" iki gaýtalasa näderdi-kä?
şeýle:
sebäbi-
ýasapdy
kakam
kakam bolsa
geplemezdi kän...
----
tüweleme diýip göz degmäň öňüni alaýyn.
tüweleme, berekella!

0
5 Tumarly   [Материал]
Gübürdili, hüñürdili, gümmürdili goşgularyñ yzy gür bolsun.

0
4 Tumarly   [Материал]
Pejiñ gübürdisinden iki gowy goşgy çykaryp bilýän dogan. Ömrüñ uzak bolsun. Göz-dil degmesin. Berekella diyyäs.

0
3 Tumarly   [Материал]
"Özüni şygyr galybynyň içinde oňaýsyz duýýan, zehini galypda oňat ýüze çykyp bilmeýän ýaş şahyryň ýene biri Suraý Babanyýazowa."
http://kitapcy.com/news/yaslardan_tama_has_uly/2018-08-08-1827
Alym synçy eken. Suraýyñ galypda özüni açyp bilmeýändigini ýerlikli belläp geçipdir. Aman aga Suraýyñ kitapcyda goýýan soñky galypsyz goşgularynam okap göräýsedi. Şonda näme diýerdikä.
Suraý dogan indi özüni tapypdyr. Her täze ýazýan goşgularyna janköýerlik bilen garaşýarys. Size üstünlik arzuw edýän.

0
2 Pegas   [Материал]
Da:ş!)

0
1 Haweran   [Материал]
"Peçler gepç-ä bolmaly däl..."
Ýylgyrdýar.

"hüňürdemäý,
ýok, oýun etdim,
hüňürdäý."

Göräýmäge ýönekeýje, ýöne özboluşlyja tapyndylar.

"Ömür hasabymda ýalňyşdymmykam?!
Indi toba ýokmukan?!"

Ýeñiljek, kalba aram berýän pikirleriñ şular ýaly çynlakaý, oýa batyrýan setirlere garylmagy goşgynyñ many-mazmunyny hasam agraldýar.
Galamyñ bady gowşamasyn, ylaýym!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]