03:56
Gözýaşlar...
... G . Ö . Z . Ý . A . Ş . L . A . R ...

Gözýaşlar ...
Bular gowy ahyryn ...
aýdybilmedik ...
ýa-da aýdybilmejek sözleň ...
ýüregiň jerhedini töwerek daşa paýradan gözleň ...
belkem, öň ýörän ...
indem hergiz ýöräbilmejek ýollaň ...
hiç mahal gelmejek günleň ...
garaşman durkaň ...
gapyňy kakjak günler ...
uklajak günleň ...
uklabilmejek günleň ...
şumahal şu ýerde bolmak ...
gaflat ukusyndan oýanmak ...
Imanyň bilen, Yhlasyň bilen ...
garaňkylygy Oýarmak ...
ümsümligiň sesi ...
ýalňyzlygyň söýgüsi ...
düýnleň ...
ertirleň sms-i ...
baky galmak höwesi ...
sabyr eden nebsiň ...
Barlyk baharynyň kürtesi ...
Ýokluk şäheriniň ertesi ...
Birlik Säheriniň Terezisi ...
hemmesi . . .

... Gözýaşlar ...
Bular gowy ahyryn ...

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 93 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
2
2 Bagabat   [Материал]
Sopuçylygyň "ahwala" girmek üçin esasy "ruhy usullarynyň" biri, säher turup Haky ýatlap, imana yhlas duýgusynyň içinde doly eräp, ýitip (induslar: "nirwana" diýýä), gözleriňden öz-özünden ýaş syrygmagy diýlip hasaplanypdyr.

Barlyk baharynyň kürtesi ...
Ýokluk şäheriniň ertesi ...
Birlik Säheriniň Terezisi ...
hemmesi . . .

... Gözýaşlar ...


Üýtgeşik.

Bu-da şoň ýaly:

düýnleň ...
ertirleň sms-i ...


"Sms-ler" hakdaky setiri özbaşdaklaşdyrsaň, şeýlerägem bolmagy ahmal:

Mysal üçin:

ozallar,
ýeller,
ýollar bilen
uran ýürekler,
bu gün urýar,
sms-ler bilen...
sms-ler bilen,
dem alýar dünýä.
sms-de biri dogulýa,
beýleki ölýä...
hemme zat sms-de bolýa...
aýrylyşýarlar,
barlyşýarlar,
biri beýlekiň puluny çilýä,
biri aglaýa,
beýleki gülýä...
sögünýä, gargynýa biri...
çapak alýa, "maýmyna"
tomaşa edýän bary...
üns bermeýä,
hiç kim öz aýbyna...
sms gelýä,
sms gidýä...
her haýsy ömürden,
ýartyja sekundy gädýä..
bolanda näme?
esasy zat, tarif sms-e ýetýä...
durmuş gaçyp realdan,
wirtde mekan tutýa...
barha...
çar ýanyňa delminýäň...
kimi gözleseň...
setde otyr, hanha...
ümsümlik,
ýalňyzlyk hüjüm edýär janyňa.
webde bolsa, şowhun, şatlyk,
"Gorkma! Men BAR!" diýip,
sms gelýär telefonyňa...

1
1 Aksary   [Материал]
Oýlanma bolsa'da arasyna gözýaşlar(y) goýup bölüşdirseñiz .

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]