09:37
Gözleriň
GÖZLERIŇ

Gözleriňde ne jady bar aýtsana?
Hem-ä çylşyrymly hemem ol sada.
Hem mähriban hem-de bend eder seni,
Hem-ä ýüregimi diler şo bada.

Bakmasaň armanda, baksaň azapda
galýaryn, günäsiz gözleri çarhlym.
Emma,
Didämi aýyrman dideleriňden,
Azaby, eşreti özgeden parhlym.

Hem bagtym, hem gussam hemme aladam,
Pyýala gözleriň merkezindedir.
Sen maňa söýgi däl, sebäp hasratsyz
bagtym atasynyň erkesindedir.

Nirede bolsaň hem ýakynmy-uzak,
Gözleriň açylsa sag-aman örýän.
Özgeleň gözünde iki reňk görsem,
Seniň gözleriňde dünýämi görýän.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021



Всего комментариев: 6
0
6 BEG   [Материал]
"Hudanyň erkesi" Magtymgulyda bar öýdýän şeýle. Şu wagtam ulanýalar ýomut şiwede. Özbekçäň täsirimi ýa ýomut şiwesimi

0
3 Ahmet   [Материал]
Başga bellikler ýokmyka?!

0
5 sabyrly   [Материал]
Iki agza pikirini, belligini ýazypdyr, olara jogap hem bermänsiň. Ýene bellige garaşýaň-a, Ahmet.

0
2 Aksary   [Материал]
Hem mähriban hem-de bend eder seni,

Bendi mikä
Bent:suwsadaky suwdaky suw gysyjy sütün.

Umuman gowy üstünlik

0
1 mango   [Материал]
Hem mähriban hem-de bend eder seni,
Hem-ä ýüregimi diler şo bada.

"hem-ä" - ?

Sen maňa söýgi däl, sebäp hasratsyz
bagtym atasynyň erkesindedir.

"atasynyň erkesi" - ?

0
4 sabyrly   [Материал]
Özbek dilinde "erke" sözi "lälik" diýmek bolýar. Awtor özbekçäni köp okaýan ýa diňleýän bolmaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]