12:03
Gözleriň
GÖZLERIÑ

Ýaşaýan dünýäme dünýä getirdi,
Maňa gülüp bakan gara gözleriň.
Umytlarmyň wysal daňyn atyrdy,
Yşk oduny ýakan gara gözleriň.

Ak ýagyşlaň aklygyndan döräpmi,
Tüm gijeleň päkliginde köräpmi,
Başym aýlap sermest etjek şerbetmi,
Bagt làlesin kakan gara gözleriň.

Ýüregime aýdym, kalba heň bolup,
Dertli ykbalyma şypa, em bolup,
Her saba dünýämi nuruna çoýup,
Ýylgyryp durandyr gara gözleriň.

Syrdaşma öwürüp kagyz galamy,
Saba ýellerinden ýollap salamy,
Melekleriň möhürlenen kelamy,
Garamyk gözleriň, gara gözleriň

Görküne görmegine haýran men,
Bendi bolup, bilbil bolup saýran men
Käte arzuwlarma büdräp barýan men,
Görmek üçin seniň gara gözleriň.

Bagtygül TEKÄÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Bagty | Теги: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021



Всего комментариев: 3
0
3 permanh2206   [Материал]
Juda gowy yazlpdr. Paýlašp duruñ awtor

0
2 Pegas   [Материал]
Iň seýrek göz reňki - gara. Goňur gözli kän. Ýöne iň köp goşgy ýazylýanam ýene gara göz)

0
1 Haweran   [Материал]
Bagtygül gelneje, soñky döwür seýrek görünýäñiz, goşgularyñyzy paýlaşmañyz-a kesildi diýen ýaly. Ýitmäñ, paýlaşyp duruñ. Azym kaka-da köp dogaýy salamymyzy ýetiriñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]