20:14
Gözleg
GÖZLEG

Senem gözläweri söýeniňden soň,
Özgeler gözüme yssy bolarmy.
Sen maňa asman dek söýeneňden soň,
Zemin dek götärin gussalaryňy.

Golumda däl, gursagymda hazyna,
Uşaklaman, barym saňa bagyşdyr.
Seni gözläp ganat ýaýdym azyma,
Özüň bilen, özüm bilen tanyşdyr.

...Daglar aşyp, sökdüm depe-düzleri,
Uçdum, ýüzdüm, ýol-ýoda kän ýörelen...
Asyl, söýgiň kör bolarmyş gözleri,
Kör elinde mynjyranan büre men.

Süleýman HAÝDAROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Süleýman Haýdarow | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýa Sendendir, ýa Mendendir! / Goşgular - 26.03.2021
Sil geldi / Goşgular - 26.02.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021



Всего комментариев: 6
0
6 Sergezzan   [Материал]
Öz yazanlam özüme görünenok, name etdiniz mana?

0
5 Sergezzan   [Материал]
Özüne garalmagny, seredilmegne, üns bermesini aytjak bolan yalyla

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Şu taýyna dûşünmedim;
Senem gözläweri söýeniñden soñ
Söýeniñden soñ nämäni gözlemeli?
Söýen kişisinimikä?Hemişe gözläp ýepbeşik ekiz ýaly ýanyndan aýrylman ýörseñem-ä gowy däl :)

0
3 SüleýmanHAÝDAR   [Материал]
Sag boluň, minnetdar! Nesip bolsa...

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Awtor, gowy ýazýañyz. Hemme goşgularyñyz babatda aýdýan. Dowam ediñ. Käte iş başagaýlygy (ýa-da serimiñ dumanlylygy) sebäpli teswir ýazyp bilmesemem gowy görüp okaýanlygymy aýdaýyn.

0
1 sabyrly   [Материал]
Bürä çenli ajaýyp geldi welin, soňunda mynjyraýdy.
Birinji bendiň birinji setirine düşünmesemem soňky üç setiri gowy eken. Ýazyp dur, üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]