11:50
Gözi ýolda, owazy ilde galan

GÖZI ÝOLDA, OWAZY ILDE GALAN

• şahyr Aman Annamyradow hakynda ýatlamalar

Görüp otursam, ondan bäri otuz ýyla golaý wagt geçipdir. Talyp ýyllarymyzda her dynç alyş möwsüminde biri-birimizi öýümize myhmançylyga çagyrardyk. Şol gezek Mary etrabynyň «Mykgy Lorsy» daýhan birleşiginde ýaşaýan joram Jahan bizi obalaryna çagyrdy. Şonda Jahan: «Geliň, gowusy has täsirli boljak bir ýere gideliň. Goňşy obamyzda Aman daýymlar ýaşaýar, size köp gürrüň berýärdim-ä ýaraman ýatan şahyr daýym bar diýip. Soramaga barsak, ol örän begener. Goşgularyndan hem size okap berýärdim, «Köp goşgulary aýdym boldy diýdim-ä» diýdi-de, şahyryň «Ýadyňda sakla» diýen aýdym bolan goşgusynyň bir bendine hiňlenip berdi:

Joşgunly kalbymyň näzik owazyn,
Maýagözel dildar, ýadyňda sakla!
Täze bir durmuşyň arzuwlap ýazyn,
Aýtjak bir sözüm bar, ýadyňda sakla!


Biz hem oňa goşuldyk. Aman şahyrlara gitmänkäk, aýdym bolan goşgularyny ýekän-ýekän ýatladyk. Aýratyn-da, Jahanyň ejesi Annabibi daýzanyň jigisi Aman şahyr hakyndaky tolgundyryjy gürrüňleri has-da täsirli boldy.
Biz olara günortana golaý bardyk. Öňi eýwanlyja jaýdan girip, Aman aganyň bolýan otagyna ätledik. Penjiräniň öňünde goýlan krowatyň üstünde ýatan, baranymyza çaga ýaly begenen, gözlerinden müň bir hasraty okap boljak şahyry görenimden bokurdagym doldy. Düşen ýagdaýyma utanyp, bir jorama, bir ejesine garap, aşak oturdym. Düşege baglanyp ýatan ýarawsyz adamyň göwnüni galkyndyrmaga derek, aglap oturyşyma özümi juda oňaýsyz duýdum. Bu düşen ýagdaýyma Aman aga dözmedimi, nämemi, kömege ýetişäýdi. Ol: «Gyzym, utanma, meniň ýanyma gelýänleriň köpüsi şeýle ýagdaýa düşýär. Siziň gelen ulagyňyzyň öýe tarap öwrülenini, ynha, şu aýnajygymda gördüm-de, dynç alyş günleri bolansoň, «Jahan ýegen gelýändir» diýdim, ýöne bile okaýan jorasy bardyr öýtmedim. Meniň hem baş arzuwym ýokary okuw mekdebinde okamakdy. Jahan ýegeniň okaýşyny, tansa gatnaýanyny eşidip: «Meniň ýetip bilmedik arzuwlarym ýegenjigimde hasyl bolýar» diýip begenip otyryn. «Ýogsa-da, men ýanyma gelenleriň atlaryny, maşgalalarynyň hem atlaryny belläp alýaryn. Hany, sen hem aýdyp başla» diýdi-de, ýanynda duran uly depderiň gatyny açdy. Ol: «Ynha, meniň iki sany ýakyn kömekçim» diýip, kiçijik, dörtburç ýüz görülýän aýna hem ujuna bagjagaz dakylan jürlewügini görkezdi. Ol aýna bilen uly ýoldan geçýänleri, öýlerine sowlanlary ýatan ýerinden görýän ekeni. Jürlewügi hem, bir zat gerek bolsa, çagyrmak üçin çalýan eken. Meni onuň uçran şeýle agyr dertden basylman, ony goşgulary bilen ýeňip, durmuşa bolan söýgi bilen ýaşamagy haýran edýärdi.
Biz Aman şahyr bilen esli wagt söhbetdeş bolup oturdyk. Goşgularyny okaýandygymyzy, aýdym bolan goşgularyny bile aýdyşymyzy gürrüň berenimizde, diýseň begendi. Onuň ýanynda kän gazet bar eken. Kitap tekjesi kitapdan doludy. Biz baran wagtymyz şahyryň ejesi Ogultäç daýza halys garrapdyr. Balasynyň derdini deňje çekişen garabagyr enäniň ruhy belentdi. Gaýtjak bolanymyzda: «Biziň ýaşymyzyň-a kemi ýok-la, ýöne men Aman jan üçin ýaşajak bolup dyrjaşýan» diýdi.
Aşgabada gelip, şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Düýn, şu gün» diýen kitabyna ýazgy ýazyp, Aman şahyra ugratdyk. Soň ol hem biziň baýramçylygymyzy gutlap, güllüje suratly gutlag hatyny ýollapdyr.
Kämahal durmuş ýoluny mertlik bilen geçen, zehini daş ýaran adamlar biziň şu bagtyýar günlerimizi, eşretli zamanamyzy, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýip, halkymyzyň bolelin durmuşy hakyndaky aladalaryny gören bolsadylar, nähili belent wasp ederdilerkä?!» diýip pikir edýärin.
Indi bolsa, mähriban okyjylar, düşege baglanan ýüregiň — Aman şahyryň ömri we döredijiligi barada eşiden gürrüňlerim, okan maglumatlarym esasynda käbir zatlary beýan etmäge çalşaýyn.
Aman Annamyradow Mary etrabynyň Akybaý obasynda 1939-njy ýylyň 15-nji maýynda dünýä inipdir. Onuň kakasy Annamyrat Ýusubow ömrüni çopançylykda geçirýär. 1942-nji ýylda çöle odun ýygmaga gidende, tarpa-taýyn aradan çykýar. Aman şahyryň ejesiniň ady Ogultäç. Ol ömrüni daýhançylyk işine bagyşlapdyr. Maýyp bolan ogluna söýget hem medetkär bolan, durmuşa söýgi, şygyr älemine ylham beren mährem ene 80 ýaşap, 1990-njy ýylda aradan çykýar. Annamyrat aga bilen Ogultäç ejäniň dört sany perzendi bolýar. Gyzlary Dürli bilen Gözel çaga wagtlary keselläp aradan çykýarlar. Diňe uly ogly Artyk Annamyradow olaryň nesil dowamaty bolup galýar. Ol 1928-nji ýylda dünýä inip, ýetmiş ýaşynyň içinde — 1998-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň üç ogly, iki gyzy bolýar.
Aman şahyr maşgalanyň körpe ogly. Ol 1946-njy ýylda şol obanyň ýediýyllyk mekdebine (häzirki «Ak altyn» daýhan birleşigindäki 10-njy orta mekdep) okuwa barýar. Şol ýyllardan hem onuň döredijilik synanyşyklary başlanýar. Ýat tutmaly diýlip öýe tabşyrylan goşgulary, ejesiniň aýdyp berýän gazallaryny ýat bekläp, labyzly aýdyp, köpleri haýran galdyrýar. Şeýdip başlanan ylham joşguny oňa sähelçe ýyldan özbaşdak goşgy düzmäge itergi berýär. Amanyň goşgulary 1952-nji ýyldan başlap, şol wagtky «Mydam taýýar» gazetinde, «Pioner» žurnalynda çap edilýär. Şondan soň onuň ady «Aman şahyr» bolýar.
Aman ýediýyllyk mekdebi tamamlap, obalarynyň aşak çetinde Çekeýim diýen ýerde ýerleşýän onýyllyk mekdebe gatnap, bilim alýar. Ogultäç eje oňa okuwa gatnamak üçin, sagyp süýdüni içýän ýeke geçisini satyp, welosiped alyp berýär. Bu sowgat ýaş şahyra diňe bir mekdebe gatnamaga aýagulag bolman (işe ýaran Aman şol wagtlar obanyň poçtalýony hem brigadiriň kömekçisi bolup işläpdir) obalaryna gazet-žurnal paýlanda, obanyň brigadiri Annaguly aganyň tabeline kömekleşmäge gidende, ýakyn ýardamçy bolýar.
«Emgek göz bilen gaşyň arasynda» diýleni. Amana ejesiniň alyp beren welosipedinde uzak aýlanmak nesip etmeýär. 1954-nji ýylyň fewral aýynyň aýazly günleriniň birinde Aman mekdepden öýlerine gelýärkä, Akybaý ýabynyň üstünden geçýär. Doňan ýabyň üstünden geçen wagty Amanyň welosipedi taýyp, erbet ýykylýar, çatalba süňki şikes alýar. Aman şahyry düşege baglan kesel şondan başlanypdyr.
Elbetde, Amana ilkinji kömek edilýär. Ogultäç eje haýyr beräýjek emleri edýär. Ýöne gowulaşmansoň, ony kakasynyň inisi Hudaýberen aga keselhana ýerleşdirýär.
Esli wagt keselhanada ýatyp, mähriban obasyny, dost-ýarlaryny küýsän Aman, biraz keýtikleýänem bolsa, meýdan düşelgelerine baryp, düzen goşgularyndan okap berip, pagtaçylaryň armasyny ýetirýär.
1955-nji ýylyň maý aýynyň ortalaryna ýagan ýaz ýagşy az salymyň içinde obany suw-sil edýär. Çygly howada aýaklarynyň agyrysy bildirip ugran Aman mugallymyndan rugsat alyp, welosipedini idip, öýlerine ýetip gelýärkä, birden aýaklarynyň damary çekýär-de ýykylýar. Ogultäç eje ogluna bilen emlerini edip başlaýar. Şol döwürler ýoň bolan damar keselidir öýdülip, birnäçe gezek ýetginjegiň damaryna orak gyzdyryp basýarlar. Şeýdip, ýarym ýyla golaý wagt geçýär. Emma ol emlerden hiç hili peýda bolmaýar. Ahyry ýene-de kakasynyň inileri Nurydyr Hudaýbereniň kömegi bilen keselhana ýerleşdirilýär. Mazaly ötüşen keseli birbada bejermek ýeňil düşmeýär. Ol keselhanada esli ýatyp gelensoň, Ogultäç eje oňa gyzgyn palçygyň şeýle kesellere em bolýandygyny köp ýerden eşidendigini, şondan haýyr tapaýjak ýaly bolup durandygyny aýdýar. Şeýdip, oňa gyzgyn palçykly em hem edilýär. Emma bu-da peýda bermeýär. Ol öňküje hereketlerinden hem galyp, ömürlik düşege baglanýar.
Onuň dadyna zehininden çogup çykan, ruhubelentlige çagyrýan setirleri ýetişýär. Ol sussupeslige ýol bermän, ymykly galamyna ýapyşýar. Irginsiz okaýar, ýürek töründen syzdyryp ýazýar. Şeýdip, türkmen edebiýatynda ýagşylygyň waspçysy, ýeňişleriň buşlukçysy peýda bolýar.
1966-njy ýylda Aman Annamyradowyň ilkinji kitaby («Ynjalyksyz ýürek») çap edilýär. Onuň gazet-žurnallaryň ählisinde diýen ýaly goşgularydyr hekaýalary, döwür bilen aýakdaş gopýan makalalarydyr oçerkleri çap bolup başlaýar. Geçirilýän köpçülik çärelerine döwrebap seslenmegi, aýratyn-da, duýga baý goşgulary ýaşlaryň söýgüsini gazanýar. Okyjylardan onuň adyna hatly bukjalar gelip başlaýar. Bu zatlar Amana durmuşa söýgi, ýaşaýşa synmaz ynam, döredijilige ylham berýär.
Şol hatly bukjalaryň biri Aman şahyra hakyky söýgini serpaý edýär. Ol hat oňa Maýagözel atly talyp gyzdan gelýär. Talyp bolmagy halys ýüreginden arzuw eden Amany talyp gyzyň haty biparh goýmaýar. Ol hata jogap ýazanda, ähli isleg-arzuwlaryny goşgy setirlerine geçirip beýan edýär.
Ikarada hatly bukjalar gatnap, ýönekeý tanyşlygyň soňy söýgä ýazýar. Aman ol gyzdan dynç alyş möwsüminde obalaryna gelmegi haýyş edýär.
Maýagözel tomus dynç alşyna çykanlarynda, Amanlara gelýär. Onuň ýagdaýyny görüp, duýgudaşlyk bildirýär. Soň ýene geljekdigini mälim edip, onuň bilen mähirli hoşlaşyp gaýdýar.
Bu waka Aman şahyryň derdi-aladasyny ýatdan çykardyp, durmuşa bolan söýgüsine derýa kimin joşgun berýär. Ýaşaýşa bolan umydy artyp, söýgi derýasynda kürekleýär. Şeýdip, belent söýgini wasp edýän goşgular döräp başlaýar:

Gül mähriň kalbyma ýagty nur saçýar,
Gara gözleriňe gözüm düşende.
Saňa bolan söýgim barha görk açýar,
Gara gözleriňe gözüm düşende.


Hepdede bir gezek hat alşyp, aýda bir gezek didarlaşýan aşyk-magşuklar goş birikdirmek kararyna gelýärler. Muňa çenli, Aman Maýagözele öýlenip, ony garabagt edäýmekden howatyrlanyp, müň ýanyp, müň öçýär. Ýöne ony ruhubelentligi bu ýaýdanmadan alyp çykypdyr.
Ýaş juwanlaryň toý tutmagyna garşy çykylýar. Şahyryň agalary Nurydyr Hudaýberen Amanyň ömürlik düşege baglananlygy sebäpli, maşgala gurmagyň kyn düşjekdigini, iň esasy zat hem, Maýagözel gyzyň ýanyp gitmeli boljakdygyny aýdýarlar. Aman agalarynyň gelen netijesi bilen ylalaşmaly bolýar. Şahyr ýene galama ýapyşýar, goşgulary bilen Maýa gyza-da, özüne-de teselli berýär:

Basym men ömürlik goşup gülberim,
Sen öýderdim saýalajak dalbarym,
Gara gözli, süýji dilli dilberim,
Seň göwün deňziňde ýüzüp bilmedim.


Ol söýen ýüregi köýüp galmaz ýaly, aram-aram didarlaşyp durmak üçin, Maýagözel bilen dogan okaşýar. Ömrüniň ahyryna çenli onuň bilen dogan hökmünde gatnaşyk saklaýar, oňa bagyşlap birnäçe goşgular düzýär.
Aman şahyryň döredijiligi bilen tanşan okyjylar: «Ol ýatan ýerinde görmedik ýerlerini nädip wasp edip bildikä?!» diýmekleri hem mümkin. Ol ýaşlykdan çeper eserleri ürç edip okaýar. Belet adamlar: «Onuň okan kitaplaryndan okamadyk kitaplary azdyr» diýip aýdýarlar. Gündelik gazet-žurnallar bilen hökman tanşar eken. Ol şol döwürdäki «Pagtaçy sesi» gazetiniň hem ştatdan daşary habarçysy bolýar. Ol gazetiň redaksiýasynyň ençeme gezek Hormat hatlary bilen sylaglanýar. Öýi mydama myhmanly bolup, dürli kärdäki adamlar onuň ýanyna baryp, täzelikleri aýdyp, goşgularyny diňläp gaýdypdyrlar. Şeýle-de, onuň göwnüni galkyndyrmak üçin aýdymçy aýdym aýdyp, sazanda saz çalyp beripdir. Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew ogly Gulbabajyk bilen birnäçe gezek onuň ýanyna baryp, aýdym-saz edip beripdir. Şonuň üçinem ol: «Maňa meýdana çykmak hökman däl, meýdan meniň üstüme gelýär» diýip degşer eken.
Aman şahyryň sekiz sany kitaby çap edilýär: «Ynjalyksyz ýürek», «Bilbil», «Arzyly maksat», «Jaňly düýäm», «Ykbalym», «Guzujyk», «Aýazbabanyň agtyklary». Şahyryň öz eli bilen taýýarlan «Aýnajygyň aýnasy» atly kitaby, ol aradan çykandan soň, 1993-nji ýylda çap edilýär.
Şu ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda: «Men adam öz Watanyny beýgeldip we hormatlap, ynsanlyk mertebesini ýokary tutsa, parahatçylygy we dostlugy wasp edip, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrsa, ine, şol kämillige ýetmegiň ýoly diýip hasaplaýaryn» diýip nygtaýşy ýaly, Aman Annamyradow hem Watany, söýgini, dostlugy, ynsanperwerligi wasp edip, halkyň söýgüsini gazanan şahyrdyr.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA.






Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 172 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ogulkeýik Paşşyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Gurban   [Материал]
Duýgylanyp okadym sad

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]